Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda 2000-nji ýyldan öň öndürilen ýeňil awtoulaglar tehniki barlagdan geçirilmeýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Balkan welaýatynyň häkimiýetleri 2000-nji ýyldan öň öndürilen ýeňil awtoulaglaryň “tehniki guratlyk gözegçiliginden geçirilmegine” rugsat bermeýärler. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş edarasynyň birnäçe işgäri häkimiýetleriň bu çäräniň esasynda sebiti "köne" ulaglardan arassalamagy maksat edinýändigini aýdýar.

"Bu çäklendirme esasan Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerindäki ulag eýelerine degişli bolup, häkimiýetler "Awazada" nobatdaky dynç alyş möwsümi başlamazdan öň, şäherleri köne ulaglardan doly arassalamagy göz öňünde tutýarlar. Bu çäre ýokardan, dilden berlen görkezme esasynda amal edilýär. Guratlyk haty bolmadyk ulaglaryň ýola çykmagyna rugsat berilmeýär" diýip, Türkmenbaşynyň Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş edarasynyň bir işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän "Awaza" syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi adatça 1-nji iýunda başlaýar we sentýabr aýyna çenli dowam edýär. Häkimiýetler bu döwürde sebite gözegçiligi güýçlendirip, dürli çäklendirmeleri girizýärler. Geçen ýylyň iýunynda Hazar deňziniň Awazadan başga kenar ýakalarynda ilatyň suwa düşmegine rugsat berilmeýändigi habar berlipdi.

Galyberse-de, PÝGG-niň Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş edarasynyň işgärleriniň sözlerine görä, häkimiýetler raýatlaryň hususy ulaglaryna garşy görýän nobatdaky çäreleriniň ýene bir sebäbini "Türkmenistanda ilatyň baý ýaşaýandygyny görkezmek" tagallalary bilen düşündirýärler.

"Aşgabatdaky resmiler nebit we himiýa kärhanalarynyň ýerleşýän sebitine deňiz porty arkaly daşary ýurt energetika işewürleri köp gelýär diýip, köne ulaglar döwletiň garyp ýaşaýandygyny aňladýar diýýärler" diýip, polisiýa işgäri aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş edarasyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Häkimiýetleriň, alternatiwa hödürlemezden, adamlaryň hususy emlägine gadagançylyk girizmegi köp ulag eýesi üçin garaşylmadyk agyr ýagdaý boldy.

"Bu awtoulaglaryň öndürilen ýyly köne bolsa-da, olaryň köpüsiniň motory täze ýaly işleýär. Köp adam bu ulaglarynda güzeran ekleýärdi. Häzir bu ulaglary satjak bolsaň, on müňlerçe manada gidýär, ýöne täzesini alaýyn diýseň, ýüzlerçe müň manat gerek" diýip, balkanly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Täze talaplar sebitiň awtoulag satylýan bazarlarynda ulaglaryň bahasyna hem täsir etdi. 2000-nji ýyldan öň öndürilen ulaglaryň bahasy birden bäş esse arzanlady.

"Mundan bir hepde ozal 1998-nji ýylda zawoddan goýberilen 'Toyoto Camry' we 'Toyoto Avalon" ulaglarynyň bahasy 150 müň manatdy. Şu gün bular 30 müň manat bahalanýar" diýip, sebitdäki habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanda häkimiýetler 2000-nji ýyldan öň öndürilen ýeňil awtoulaglary tehniki barlagdan geçirmezlik baradaky çäklendirmäni ilkinji gezek Aşgabatda güýje girizdiler. Geçen ýylyň noýabrynda paýtagtdaky habarçylarymyz bu talabyň heniz welaýatlarda ýerleşýän Tehniki anyklaýyş we hasaba alyş edaralaryna degişli däldigini aýdypdylar. Şonda Aşgabadyň awtoulag bazarynda 2000-nji we 2001-nji ýyllardan aňyrda öndürilen awtoulaglaryň sany hem köpelipdi.

Soňky onýyllygyň dowamynda türkmen häkimiýetleri raýatlaryň şahsy ulaglarynyň daşky keşbi, öndürilen senesi, ýurda goýberilýän awtoulag brendleri bilen bagly çäklendirmeleriň ençemesini güýje girizdiler. Bu çäklendirmeleriň käbiri dilden, käbiri-de resmi karar esasynda ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Gümrük gullugyna görä, öndürilen ýyly hasaba alynmanda 5 ýyly dolan hem-de öndürilen ýylyna garamazdan, zyýan ýetendigi ýa-da zaýalanandygy anyklanan awtoulag serişdeleriniň ýurduň çägine goýberilmegi gadagan edilýär.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýa-da Döwlet gümrük gullugy raýatlaryň şahsy ulaglaryna degişli gadagançylyklar we olaryň sebäpleri barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG