Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Ukraina Saud Arabystanynda “manyly” gepleşik geçirdi, indi gezek ABŞ bilen Russiýanyň


Ukrainanyň prezidenti Zelenski 22-nji martda Donetsk sebitine sapar etdi.
Ukrainanyň prezidenti Zelenski 22-nji martda Donetsk sebitine sapar etdi.

ABŞ we ukrain resmileri 23-nji martda, Saud Arabystanyndaky "gatnaw diplomatiýasynyň" ikinji möhüm sessiýasynyň öňüsyrasynda, amerikan we rus wekilleriniň Ukraina urşundaky atyşygy togtatmak üçin 24-nji martda geçirjek duşuşyklarynyň öň ýanynda, ABŞ resmileri bilen geçiren gepleşiklerini tamamladylar.

Waşington topary Kiýewiň wekilleri bilen geçirilen gepleşikler barada bada-bat düşündiriş bermedi, ýöne Ukrainanyň goranmak ministri Rustem Umerow sessiýanyň "konstruktiw we manyly" bolandygyny aýtdy.

Umerow "Facebook" hasabyndaky ýazgysynda "Ara alyp maslahatlaşmalar netijeli we ünsli boldy – biz möhüm meselelere, şol sanda energiýa meselesine seretdik" diýdi.

"Prezident Wolodymyr Zelenskiniň maksady biziň ýurdumyz we halkymyz üçin, ahyr netijede tutuş Ýewropa üçin adalatly we dowamly parahatçylygy üpjün etmek. Biz bu maksady durmuşa geçirmek üçin işleýäris” diýip, ol aýtdy.

Riýaddaky gepleşikler ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Ukraina urşundaky atyşygy bes etmek ugrunda görülýän tagallalaryň möhüm bir pursady boldy. Ozal ikitaraplaýyn gepleşikleriň dürli tapgyrlarynyň arasynda bir gün ýa-da has köp arakesme bolardy. Eger hemmeler bir ýerde bolsa, meseleleri has çalt çözüp boljak.

Saud Arabystanynyň paýtagtynda indi ABŞ we rus resmileriniň duşuşygy geçirilmeli. Russiýanyň döwlet habar beriş serişdeleri Moskwanyň wekiliýetiniň gepleşik geçiriljek ýere 23-nji martda, giçlik gelendigini habar berdiler.

“Nýu-Ýork Taýms” we “Roýters” öz çeşmelerine salgylanyp, ABŞ-Russiýa gepleşiklerinden soň mümkin bolan ylalaşyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin, ABŞ bilen Ukrainanyň wekilleriniň arasynda ýene bir duşuşygyň bolup biljekdigini habar berdiler.

Emma muňa garamazdan, rus we ukrain gepleşikçileriniň ABŞ delegasiýasy bilen şol bir ýurtda gepleşik geçirýändigine garamazdan, bu hili böwsüşiň bolup biljekdigine kän adam garaşmaýar.

Zelenski gepleşikler dowam edýän wagtynda telewideniýede berlen çykyşynda "biziň toparymyz dolulygyna konstruktiw häsiýetde işleýär" diýdi.

"Gepleşikler örän peýdaly - wekiliýetleriň işi dowam edýär" diýip, ol aýtdy.

"Ýöne biz şu gün hyzmatdaşlarymyza näme diýsek-de, bize urulýan zarbalary duruzmak üçin [Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putiniň hakyky buýruk bermegini gazanmak gerek. Bu urşy kim getiren bolsa, şol hem ony yzyna äkitmeli" diýip, Zelenski aýtdy.

ABŞ resmileri Saud Arabystanyndaky duşuşyklaryň öňüsyrasynda belli bir derejede optimizm bildirdiler.

"Meniň pikirimçe, siz birinji gün Saud Arabystanynda käbir hakyky ilerlemäni görermikäňiz diýýärin" diýip, ABŞ-nyň wekili Stiw Witkoff 22-nji martda "Fox News" neşirine aýtdy.

Kiýewiň we Moskwanyň garaýyşlary has seresaply boldy.

"Iň aňrybaş netije arakesme. Ýöne bu entek belli däl, sebäbi gepleşikler bir-iki aýlap dowam edip biler" diýip, syýasy analitik Serhiý Taran Azatlyk Radiosynyň Ukraina gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

"Meniň pikirimçe, göz öňüne getirip boljak iň ähtimal zat, belki-de, atyşygyň bes edilmegi bilen baglanyşykly käbir tehniki jikme-jiklikleriň işlenip düzülmegi bolup biler. Soňra olar teklipler görnüşinde Kiýewe, Moskwa we Waşingtona, yzyna iberiler" diýip, ol aýtdy.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Azatlyk Radiosynyň islenmeýän gurama diýlip yglan edilen we netijeli gadagan edilen ýeri bolan Russiýada ýakyn wagtda ylalaşyk baglaşylmagy baradaky islendik umyda sowuk suw sepdi.

"Hiç kim ullakan umyt baglamaly däl . Öňde örän çynlakaý, düýpli işler bar. Biz jikme-jiklikleri seljermeli bolarys" diýip, ol 23-nji martda döwlet telewideniýesinde beren interwýusynda aýtdy.

"Biz häzir diňe bu ýoluň başynda" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Rus we ukrain diplomatlary göni, ýüzbe-ýüz duşuşmagy meýilleşdirmeýär. Muňa derek, ABŞ-nyň bir resmisiniň aýtmagyna görä, “gatnaw diplomatiýasy” esasynda, olaryň her biriniň ABŞ topary bilen aýratynlykda duşuşmagyna garaşylýar.

Synçylaryň käbiri munuň Gazada baglaşylan ýaraşykda ulanylan we birnäçe aýa çeken gepleşik modeline çalymdaş bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýar. Şu aralykda, geçen gysga wagtda Gazada baglaşylan ylalaşyk eýýäm bozulana meňzeýär.

Forum

XS
SM
MD
LG