Türkmenistan II Jahan urşuna gatnaşan türkmenistanly uruş weteranlaryna 200 manat möçberinde pul sowgadyny gowşurýar. Bu baradaky karara prezident Serdar Berdimuhamedow 3-nji maýda gol goýdy. Beýleki käbir post-sowet ýurtlary bilen deňeşdirilende Türkmenistan öz uruş weteranlaryna 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş güni mynasybetli iň az pul sowgadyny berýän ýurtlaryň hataryndadyr. Galyberse-de, ýeňşiň 78-nji ýyl dönümi, bu baýramy özüniň propoganda maksatlarynda giňden ulanýan Russiýanyň Ukraina esassyz çozýan wagtynda bellenip geçilýär.
Prezidentiň adyndan gowşurylmaly 200 manat pul sowgady – döwlet kursy boýunça $57, gara bazar kursy boýunça hem $10 möçberindäki serişde bolýar.
Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda uruş weteranlaryna Ýeňiş baýramyndan öň has kän pul sylaglary berilýär.
Mysal üçin, Gazagystanda weteranlara $3 müň 150, Özbegistanda $1 müň 587, Gyrgyzystanda $1 müň 142, Täjigistanda $240 möçberinde sowgat berilýär diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" bu baradaky degişli döwletleriň resmi maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Mundan başga-da, prezidentiň kararynda pul sowgady bilen birlikde, uruş weteranlaryna gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak hem göz öňünde tutulýar. Ýöne ozalky ýyllaryň tejribesinden belli bolşuna görä, Türkmenistanda uruş weteranlaryna, olaryň yzynda galanlara prezidentiň adyndan diýlip berilýän sowgatlar adatça weteranlaryň özleriniň ýa-da býujet edaralarynyň işgärleriniň hasabyna gowşurylýar.
Galyberse-de Berdimuhamedow – 1939-njy ýylda başlanan Ikinji Jahan urşunyň 1941-1945-nji ýyllar aralygyny, sowet propagandasyna laýyklykda “Beýik Watançylyk urşy” atlandyryp – Ýeňiş gününi dabaraly belläp geçmek barada tabşyryk berdi. Ýerli media 9-njy maý güni Aşgabadyň Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynda we ýurduň beýleki regionlarynda ýörite çäreleriň geçiriljekdigini mälim etdi.
Türkmenistanda Ikinji jahan urşunyň weteranlarynyň statusy, ilatyň sosial goragy baradaky kodeksinde kanuny taýdan kepil geçilýär.
Prezidentiň adyndan sowgat bermek tejribesi döwlet propagandasyna öwrüldi. Weteranlardan başga-da, ýurtda prezidentiň adyndan 8-nji martyň öňüsyrasynda aýal-gyzlara pul berilýär, şeýle-de köp çagaly enelere, oba hojalyk işgärlerine, atşynaslara, it ideýänlere, sportçylara dagy wagtal-wagtal sowgat dabara bilen gowşurylýar.
Türkmenistandaky uruş weteranlarynyň takyk sany baradaky maglumatlar elýeterli däl, ýöne iň ýaş uruş weterany, çen bilen, häzirki wagtda 95 ýaşynyň içinde bolmaly. Hökümetçi ýarym-resmi neşirler 1941-1945-nji ýyllarda 300 müňden gowrak türkmeniň söweşlere gatnaşandygyny, we olaryň 70 müňden gowragynyň orden we medallar bilen sylaglanandygyny mälim edýär.
Ýurtdaky ýapyklyk, metbugata edilýän berk döwlet gözegçiligi türkmenistanly weteranlaryň durmuş şertleri, görýän kynçylyklary barada anyk maglumat almak, olar bilen söhbetdeşlik guramak mümkinçiligini tasdan ýoga çykarýar.
Şol bir wagtda, Türkmenistanda II Jahan urşy, onuň turmagynyň we ýeňşiň şeýle gymmat düşmeginiň sebäpleri hakynda sowet ýyllarynda aýdylmadyk, emma soň belli edilen we taryhyň dogruçyl öwrenilmegi üçin zerur bolan taryhy faktlar, adamlaryň uruşda we tylda gören sütemleri barada halka ýeterlik maglumat berilmeýär.
Şeýle-de, Türkmenistanyň döwlet metbugaty "Beýik Watançylyk urşy" jümlesini bäş ýyl arakesmeden soň, 2018-nji ýylda gaýtadan ulanmaga başlady. 2013-nji ýyldan başlap bu sene türkmen metbugatynda diňe “1941-45-nji ýyllarda bolan uruş” diýlip agzalýardy.
Bu ýyl II Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň ýyl dönümi Russiýanyň Ukraina esassyz çozýan wagtynda bellenip geçilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum