Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowy Halk Maslahatynyň başlygy, “türkmen halkynyň Milli lideri” diýip yglan etmegi bilen bagly okyjynyň haty gowuşdy.
Bellemeli ýerli, okyjylaryň hatlary, şol sanda orfograýiýasy bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylýanlar awtoryň özüne degişli bolup, olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň şenbe güni geçiren we tassyklan konstitusion özgertmeleri Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş gurluşyny umumylykda bikanun derejä ýetirdi.
Şeýle hem onuň Halk maslahaty hakynda kanuny kabul etdirmegi, sözüň doly manysynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň iň esasy özenini - ýurduň prezident Respublikasy görnüşindäki döwlet dolandyryşyny ýok etdi, ýatlasak, Konstitusiýanyň 141-nji maddasynda döwlet dolandyryşynyň prezident Respublikasy görnüşi hakynda düzgünleri üýtgedilip bilinmez diýilýär.
Emma iş ýüzünde Halk Maslahaty hakynda kabul edilen Konstitusion Kanun Türkmenistanyň Prezidentini dolylygyna Halk Maslahatyna tabyn edýär. Ýagny, täze düzgüne görä, HM-niň kabul eden islendik çözgüdi we karary ähli döwlet işgärleri, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gürrüňsiz berjaý edilmelidir.
Ýagny, indi Prezidentiň hat-da HM-niň çykaran kararyna teswir bermäge ýa-da oňa weto goýmaga hem hiç hili kanuny hukugy ýok. Bu bolsa, sözüň doly manysynda, Türkmenistany prezident Respublikasy dolandyryşly düzgünden çäklendirilmedik absolýut monarhiýa düzgünine getirdi.
Gurbangula Türkmen halkynyň milli lideri Arkadagy statusynyň resmi kanuny esasda berilmegi hakyndaky kanunda bütin Berdimuhamedowlaryň maşgalasyny islendik jogapkärçilikden azat etdi, we onuň maşgalasyny dolylygyna kanuny esasda döwlet üpjünçiligine geçirdi.
Bu hili bikanuny hereket Türkmenistan üçin örän uly zarba urdy we paradoksal ýagdaýy döretdi. Ýagny, bir tarapdan, elbetde, Gurbanguly Berdimuhamedow öz şahsy häkimiýetini absolýut monarhiýa derejesine ýetirdi, emma beýleki bir tarapdan, ol indi özi tarapyndan bellenen tutuş döwlet dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny, çinowniklerini, deputatlary sözüň doly manysynda halkyň göz öňünde we dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde dolulygyna legimitsizleşdirdi, ýagny, dolulygyna döwletiň dolandyryş wertikalyny bikanuny etdi we hat-da ýurduň Konstitusiýasynyň fundamental prinsipi bolan prezident Respublikasy formasyny hem ýatyrdy, netijede indi Türkmenistanyň kanunçylygy hem legitim däl, ýagny bikanuny ýagdaýa geldi.
We munuň ýaly hereket, elbetde, Gurbanguly we onuň maşgalasyny diňe bir halkyň ýa dünýäň öňünde däl, eýsem ilkinji nobatda özüniň harby we hukuk goraýjy apparatynyň öňünde bikanun derejä getirdi.
Bu bolsa, elbetde, gelejekde ýurtdaky ýitileşýän ykdysady we sosial krizisiň syýasy krisize geçmegine uly ýol açýar. Çünki, Gurbanguly özüniň de fakto amala aşyran döwlet agdarylyşygy bilen öz egindeşlerine "görelde boldy". Bu bolsa, ýurtda ýagdaýyň agyrlaşmagy bilen, potensial harby ýa köşk agdarylyşygyna ýaşyl ýoda döredip biler.
Ýurduň içindäki ençeme çeşmelerimiz, şol sanda, pensiýadaky žurnalist, ýokary okuw mekdebiniň hukuk we kanunçylyk boýunça baýry mugallymlary, ençeme mekdep mugallymlary, hat-da soňky gazaply aýazly howada hiç hili kömeksiz galan harby ofiserler hem iki-çäk gürrüňdeşlikde bu soňky bikanuny hereketlerden uly bir närazylygyny bildirdiler we maňa öz närazylygyny we raýatlaryň bu hili herekede ýurduň Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlardaky çeşmeler bilen gürrüňdeşlikde örän agyr we gaharly gatnaşyk bildirendiklerini ýetirmegi uly haýyş etdiler.
Bu hili hereket, elbetde, ýurtda kanunçylygy ýykmak bilen, ýurtdaky soňkyja galan žurnalistleriň hem raýat aktiwistleriniň işine hem uly howp abandyrýar. We biz Azatlyk Radiosynyň erkin tribunasyndan şu howp barada dünýä jemgyýetçiligini we ýurduň raýat jemgyýetini duýdurmagy haýyş edýäris.
Hatdaky pikirler awtoryň özüne degişli bolup, olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.
Forum