Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2022-nji ýylda aýallaryň hukuklary: ony nähili bozdular we oňa garşy nähili göreş alyp bardylar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Geçen 2022-nji ýylda aýallaryň hukuklary we ol hukuklar ugrundaky göreş metbugatyň hem jemgyýetiň gaýta-gaýta üns merkezinde boldy: ol başdan, ABŞ-nyň Ýokary kazyýetiniň konstitusion derejesinde çagany aýyrtmak hukugyny kepillendirýän karary ýatyrmagy we ahyrynda Eýranda jemlenip, ol ýerde talyp gyz Mahsa Amininiň ölümi sebäpli köpçülikleýin protestler aralygynda dowam etdi. HÄZIRKI ZAMAN kanaly geçen 2022-nji ýylda, haýsy wakalaryň dürli ýurtlarda zenanlaryň durmuşyna we hukuklaryna täsir edendigini seljerýär.

Reproduktiw hukuklar

Geçen tomus aýlarynyň esasy temalarynyň biri ABŞ-nyň Ýokary kazyýetiniň karary boldy, ol 2022-nji ýylyň iýunynda çagany aýyrtmak indi raýatlaryň konstitusion hukugy däl diýip hasap etdi. Kazyýet 1973-nji ýylda kabul edilen “Roý Weýde garşy” (Roe v. Wade) kararyny ýatyrdy. Öňki karara görä, islendik aýal nirede ýaşasa-da, başky etapda göwreliligi bes edip bilýärdi. 2022-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, öz territoriýasynda çagany aýyrtmaga rugsat bermek ýa-da gadagan etmek baradaky karar her ştatyň öz garamagyna galdyrylýar. Olaryň 13-sinde beýle iş eýýäm jenaýat diýip yglan edildi.

Bütin dünýäde 24 ýurtda abort etmek doly gadagan: şeýlelikde, ABŞ-nyň Reproduktiw hukuklar merkeziniň maglumatyna görä, ol ýurtlarda ýaşaýan 90 milliona golaý aýalyň hukuklaryna täsir edýär.

Şol wagtyň özünde, ABŞ-nyň çäginde aýallar Ýokary kazyýetiň kararyna garşy protest bildirýärkäler, 2022-nji ýylda beýleki ýurtlarda aýallara göwreliligi bes etmek hukugy kepillendirildi. Muňa Meksika, Argentina, Kolumbiýa ýaly ýurtlary görkezip bolar. 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda, Hindistanyň Ýokary kazyýeti aýalyň nika ýagdaýynyň onuň abort hukugyna täsir edip bilmejekdigi barada karar çykaryp, durmuşa çykmadyklara 24 hepdä çenli göwreliligi bes etmek hukugyny kepillendirdi. Ispaniýada aýallaryň reproduktiw hukuklaryny goramakda, möhüm ädim ädildi. 2022-nji ýylyň aprel aýynda, ýurtda çagany aýyrtmak baradaky kanunçylyga girizilen düzedişler güýje girdi.

Dünýäde zenanlaryň reproduktiw saglygy baradaky çekişmeleriň peselmezliginiň esasy sebäbi, dini garaýyşlar diýip, Aýallaryň döwlete degişli bolmadyk birleşiginiň metbugat sekretary Sofiýa Rusowa aýdýar. Ol 30 ýyla golaý wagt bäri Russiýada zorlukdan ejir çeken aýallaryň hukuklaryny gorap gelýär.

Isleýşiň ýaly görünmek hukugy

Käbir ýurtlarda häkimiýetler diňe bir reproduktiw hukuklaryň şertlerinden çykyp, aýalyň bedenine gözegçilik etmek bilen çäklenmän, eýsem aýallaryň daş keşbine-de täsir edýärler, bu ýerde diňe geýinmek barada-da gürrüň gidenok, aýallaryň tutuş daş keşbi barada hem çäklendirmeler barýar.

Aýallara nähili geýinmelidigini häkimiýetler ýa-da din wekilleri kesgitleýärler. Olaryň öz islän zadyny geýmäge haky bilen bagly esasy waka hem köpçülikleýin protestler Eýranda, 22 ýaşly student Mahsa Aminiň ölümi bilen baglanyşykly güýçlendi. Mahsa Amini 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda, hijap baradaky kanuny bozandygy üçin, "ahlak polisiýasy" tarapyndan tussag edildi, hamana ol Tähranda, hijabyny düzüw örtünmezlikde aýyplanyp saklandy. Tussag edileninden üç gün soň aradan çykdy. Mahsa Amininiň ölüminiň sebäbini maşgalasy hem ýakynlary urlup-ýenjilmeden görýärler, resmiler tarapyndan ol gyz ýürek keseli sebäpli öldi diýlip düşündirilýär. Üznüksiz dowam edýän protestleriň arasynda, Eýranyň baş prokurory Mohammad Jafar Montazeri yslam egin-eşik düzgüniniň berjaý edilişine gözegçilik edýän dini polisiýanyň ýatyrylandygyny dekabr aýynyň başynda yglan etdi. Emma ol munuň Eýrandaky hijap baradaky hökmany kanuny ret etmeýändigini nygtady. Media maglumatlaryna görä, Eýranda protestleriň başlanmagyndan bäri, demonstrasiýalara gatnaşandygy üçin, 18 müňden gowrak adam tussag edilip, ençeme adama ölüm jezasy berildi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwist Sofiýa Rusowa Eýrandaky zenanlaryň hukuklary bilen baglanyşykly ýagdaýy üýtgetmek üçin, halkara jemgyýetçiliginiň has aýgytly täsiriniň zerurdygyny nygtaýar. "Aýallaryň täze nesli göreşmäge synanyşýar, emma repressiýa örän güýçli" diýip, Rusowa belleýär.

Zenan ýaşaýjylary iň güýçli basyşlary duýýan beýleki bir ýurt Türkmenistan 2022-nji ýylda "gözellik gadaganlygyny" işjeň öňe sürýän ýurt boldy. Täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky häkimiýetler aýallaryň botoks, mammoplastika ýa-da dodak düzeltme gözelligine berk gadaganlyk girizdi. Şoňa görä 2022-nji ýylyň aprel aýynda, Türkmenistanda uçar hyzmatkärleriniň onlarçasy işsiz galdy. Şonuň bilen bir wagtda, ol gadaganlyklar barada resmi buýruk ýok, ýöne ýöredilýän syýasata laýyklykda, döwlet gurluşlarynda, şeýle hem köçelerde aýallary saklap, dodagyny bezändigi ýa-da kirpigini uzaldandygy üçin jerime salynýar.

Umuman, soňky 20 ýylyň dowamynda, ýurt baştutanlygyny türkmen zenanlarynyň daşky sypaty aladalandyryp gelýär: ilki bilen okuwçy gyzlara we döwlet işgärlerine milli egin-eşik düzgüni girizildi. Şol wagtyň özünde, dürli çäreler geçirildi, ýöne ol çäreler barada häkimiýetlerden hiç hili resmi düşündiriş bolmady. Şeýlelikde, 2018-nji ýylda Türkmenistana aýal-gyzlaryň suwda geýýän egin-eşikleriň we şortikleriň getirilmegi bes edildi, soňra saçyň reňkini sazlamak üçin boýaglara, kirpik we saç üçin ýeňil reňklere we materiallara bökdençlik girizildi. 2017-nji ýyldan, aýallara maşyn sürmek gadagan edildi.

2022-nji ýylda, täze prezidentiň ýolbaşçylygynda hem aýallaryň hukuklarynyň bozulmagy dowam edýär. Indi döwlet edara-kärhanalaryň işgärlerinden, milli

egin-eşiklerde işe gitmek talap edilýär, gözellik salonlaryna saçy ýyldyratmak, tatuaž, özgertmeleriň ähli görnüşleri we kosmetiki sanjymlar gadagan edildi. Hatda saç gysgaltmak hem diňe käbirlerine rugsat edilýär. Döwlet edaralarynda jalbar geýnen zenanlara hyzmat etmekden boýun gaçyrylýar. Mekdeplerde mugallymlar okuwçy gyzlaryň dyrnagynyň uzynlygyny barlaýarlar we olara kosmetiki serişdeleri ulanmagy gadagan edýärler.

Bilim almaga hukuk

2022-nji ýylda syýasy režim sebäpli durmuşy erbetleşmegini dowam edenleriň arasynda, Owganystanyň zenanlary hem bar: geçen ýyl Owganystanda zenanlar bilim almak hukugyndan düýpli kesildi. Häkimiýete gelen "Talyban" hereketi (olar dünýäniň köp ýurdunda terror guramasy hökmünde gadagan edilen) ilki bilen 2022-nji ýylyň martynda gyzlara orta we ýokary okuw mekdeplerine okuwa barmagy gadagan etdi. Geçen ýylyň 21-nji dekabrynda talyplar häkimiýetleri indi aýallaryň ýokary okuw jaýlarynda okap bilmejekdigini aýtdy, ertesi güni bolsa kiçi gyzlaryň başlangyç mekdebe gitmegi-de gadagan edildi. “Talyban” öz kararlaryny Owganystanda "amatly yslam düzgünini" döretmek islegi bilen düşündirýär.

Şu maksat bilen täze häkimiýetler aýallaryň hereketini çäklendirdi: olar erkek garyndaşy ýa-da ýanýoldaşy bolmadyk ýagdaýynda, syýahata çykyp bilmeýärler. Seýilgähler üçinem aýry-aýry bölünişik girizildi, indi aýallar sport ýaryşlaryny görmäge gidip bilmeýärler. Mundan daşary-da, "Talyban" hökümete degişli bolmadyk halkara guramalarynyň ýerli aýallary işe çekmek baradaky tagallalaryny-da gadagan etdi. Şondan soňra üç sany abraýly halkara guramasy Owganystandaky hereketleriniň ýatyrylandygyny yglan etdi, Günbatar ýurtlary “Talyban” häkimiýetleriniň alyp barýan syýasatyny berk ýazgardylar.

Ahyrky netijede, "Talybanyň" syýasaty Owganystanyň halkynyň durmuş derejesiniň ýaramazlaşmagyna getirdi, bu öz gezeginde aýal-gyzlaryň hukuklarynyň eýýäm çagalyk döwründen bozulmagyna getirýär. Ýaş gyzlaryny ekläp bilmeýän maşgalalar mähr (yslam däbi boýunça aýala berilýän sowgat) almak üçin, ony ir nikalaşdyrmaly bolýarlar. UNICEF-iň maglumatyna görä, häzir Owganystandaky ene-atalar gyzlary dünýä ineninde, ony ogully maşgala bilen adagly edýärler.

Ýaşaýyş hukugy

2022-nji ýylda aýallaryň janyna howp salýan ýagdaý ýaragly çaknyşyklaryň zonasynda, ilki bilen Ukrainanyň ýaşaýjylaryna boldy. BMG-niň soňky maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Ýewropada 7,8 milliona golaý bosgun bar. Eýýäm maý aýynda, dünýäde bosgunlaryň umumy sany 100 milliona ýetdi. Öňki we häzirki harby çaknyşyklaryň tejribesine daýanýan adam hukuklary boýunça aktiwistler Orsýetiň Ukraina doly möçberde çozmagynyň başlanmagyndan soň, bosgunlykdaky we basylyp alnan ýerlerdäki aýallara garşy jynsy zorlugyň döremek howpunyň artýandygy barada aýdýarlar. Ukrainada näçe aýalyň jynsy zorlukdan ejir çekendigi barada resmi statistika ýok, emma basyp alan territoriýalarda diri galanlaryň we howpsuz ýere gidenleriň güwälikleri bar.

Ukrain aýallaryna garşy edilen şeýle jenaýatlary has netijeli barlamak mümkin bolar, sebäbi urşa garamazdan, şu ýyl Ukrainanyň "Stambul konwensiýasyny" tassyklandygyny Sofiýa Rusowa belläp geçýär. Ol dokumentde aýallaryň hukuklaryny diňe bir uruş döwründe däl, eýsem parahatçylyk döwründe-de berjaý etmegiň kadalary has doly beýan edilýär, muňa garamazdan, Orsýetde bu dokumente heniz gol çekilenok.

Şu ýyl dünýäde zenanlaryň hukuklarynyň umumy ýagdaýyny seljersek, ol deň-derejede däl diýip, adam hukuklary boýunça aktiwist aýdýar. "Käbir ýurtlarda aýallaryň ýagdaýynyň gowulanýandygyny gördük. Bu babatda esasan hem, [raýat hukuklarynyň nazaryýetinden] gaty ösmeýän ýurtlarda özgerişlere aýratyn ähmiýet berilýär" diýip, Rusowa belleýär. Mysal üçin, Müsürde we Gabonda aýallary maşgalada bolýan zorluk-sütemden we olaryň hukuklaryny umumy goraýan kanunlar güýje girizildi. Gabondaky aýallara äriniň razylygy bolmazdan, iş tapmaga rugsat berýän kanun bilen bir wagtda, beýleki ýurtlar yza uly ädim ätdiler. Meselem, Sudan wepasyz aýallary daşlap jezalandyrmak düzgünine dolandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG