Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň ahlak polisiýasy tarapyndan tussag edilenden soň aradan çykan aýal 'diktatora ölüm' şygarlary astynda jaýlandy


22 ýaşly Mahsa Amini Eýranyň ahlak polisiýasynyň tussaghanasynda huşuny ýitirip, aradan çykdy.
22 ýaşly Mahsa Amini Eýranyň ahlak polisiýasynyň tussaghanasynda huşuny ýitirip, aradan çykdy.

Eýranyň ahlak polisiýasynyň tussaghanasynda huşuny ýitirip, aradan çykan eýranly ýaş aýal özüniň dogduk obasynda, Eýranyň Kürdüstan welaýatynyň Sagez şäherçesinde, güýçlendirilen howpsuzlygyň arasynda, topraga tabşyryldy.

Ýurduň “hijap” kanunlaryny bozmakda aýyplanyp, polisiýa tarapyndan tussag edilenden birnäçe gün soň 16-njy sentýabrda aradan çykan 22 ýaşly Mahsa Amininiň jynazasyna ýüzlerçe adamyň gatnaşandygy habar berildi.

Onlaýn paýlaşylan öwrenje wideolardan mälim bolşuna görä, ýygnanlaryň arasyndan köp adam “diktatora ölüm” şygarlaryny gygyrdy.

Amininiň ölümi sosial mediada giňden gahar-gazap döretdi, köpler eýran häkimiýetlerini aýallara garşy zorlugy goldamakda berk tankyt etdi.

Amininiň tussag edilşine şaýat bolan adamlar onuň deslapky tussaghana alnyp gidilen mahaly, ahlak polisiýasynyň ulagynda, görnüşinden, ýenjilendigini žurnalistlere gürrüň berdiler.

Mahsanyň ejesi Mojgan Amini gyzynyň ölüm habarynyň edil öň ýany, Farda Radiosyna beren interwýusynda maşgalanyň Tähran polisiýasyna arz-şikaýat bilen ýüz tutandygyny gürrüň berdi.

Tähran polisiýasy 16-njy sentýabrda beren beýanatynda Amini bilen polisiýa ofiserleriniň arasynda “fiziki kontaktyň bolmandygyny” erjellik bilen aýtdy.

Polisiýa Amininiň “terbiýelenmek” üçin polisiýa bölümine alnyp gidilenden soň, ýüreginden tutandygyny aýtdy.

Human Rights Watch (HRW) 16-njy sentýabrda Amininiň ölüminiň “aýdyň derňelmegine” çagyrdy we, şol bir wagtda, eýran häkimiýetlerini hökmany hijap kanunyny ýatyrmaga, hem-de aýallary öz hukuklaryndan mahrum edýän kanunlary aýyrmaga ýa-da özgertmäge çagyryş etdi.

XS
SM
MD
LG