Aşgabatda ýaşaýjylaryň daş-keşbine we üst başyna gözegçiligiň gowşandygyny habarçylar gürrüň berýärler. Soňky günlerde paýtagtyň köçelerinde makiýažly, bezegli aýal-gyzlar we sakgally ýaş ýigitler diýseň köpelipdir.
Aşgabadyň köçelerinde ýaşlary daş-keşbi sebäpli saklamagy bes etdiler. Aýal-gyzlar arkaýyn ýüzüne kosmetika çalýarlar, ýigitler sakgal goýberýärler. Ýaňy- ýakynda häkimiýetler bu zatlara agressiw garşylyk görkezýärdi" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 7-nji noýabrda habar berdi. Onuň sözlerine görä, şu günler goýy makiýažly, emeli dyrnakly gelin-gyzlary her ýerde görmek mümkin. Gyzlar täze moda görä tikilen, uzyn, emma dar köýnekleri geýýärler.
Şeýle-de, habarçylaryň soňky maglumatlaryna görä, häzirki wagtda restoranlaryň we kafeleriň işinde has uly erkinlilik duýulýar, barýan adam köpelýär.
Ilatyň daş-keşbine, ilkinji nobatda zenanlara gözegçilik aprel aýynda başlanypdy. Bodoks, ýüz boýagy makiýaž, saç boýaglary, emeli dyrnaklar ýaly zenanlaryň ulanýan kosmetiki bezegleri bilen bir hatarda, dar köýnekler hem gadagan edilipdi. Gadagançlyklar zenanlaryň özlerini alyp başyna dem degipdi. Zenanlaryň köçelerde ärleri bilen elleşip ýöremeginiň, awoulaglaryň öň oturgyjynda oturmagynyň öňüni almak çärelerine polisiýa gatnaşypdy.
Türkmen häkimiýetleriniň ilatyň daş-keşbine gözegçilik etmegine degişli soňky ýagdaýlar barada oktýabr aýynda habar berlipdi. Azatlygyň habarçylary, hususan-da, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde soňky hepdelerde sakgally erkekleriň ýene-de häkimiýeleriň üns merkezine düşendigini habar beripdi.
Şeýle-de, geçen aýda türkmen metbugatynda durmuşa çykan zenanlara özlerini nädip alyp barmalydygyny öwredýän ýörite makala çap edilipdi. Ýurduň esasy neşirleriniň biri bolan "Bitarap Türkmenistan" gazeti gepleşik däp-dessurlaryna degişli makala çap edip, aýallaryň öz arlerine "sülmüräp hormat" bildirmelidigini ýazdy.
Türkmenistanyň hökümeti ýarym ýyla golaý wagtlap aýal-gyzlara edilen berk gözegçiligiň we girizilen gadagançylyklaryň sebäplerini resmi taýdan düşündirmedi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy we ýurt tarapyndan gol çekilen halkara konwensiýalar aýallaryň deňligini we hukuklaryny doly kepillendirýär.
Türkmenistanyň BMG-niň Aýal-gyzlar geňeşiniň üç ýyllyk agzalygynyň birinji ýylyna gabat gelen zenanlara gadaganlyklaryň fonunda BMG tarapyndan geçirlen barlaglar türkmen maşgalalarynda her sekiz aýaldan biriniň fiziki ýa-da jynsy zorluga sezewar bolýandygyny paş etdi.
“Türkmenistandaky maşgalalarda aýalyň durumy we saglygy” at bilen sentýabrda çap edilen hasabata Türkmenistanda 2020-nji ýylda geçirilen barlaglaryň we pikir soraşyklaryň netijeleri girizilipdir.
Barlagçylar Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde ýaşaýan üç müň töweregi hojalykda barlag geçirip, her hojalykdaky 18-59 ýaş aralygyndaky aýal maşgalalar bilen söhbetdeş bolupdyr. Barlaga gatnaşan aýallaryň 12 prosenti özleriniň maşgalada fiziki zorluga ýa-da jynsy zorluga sezewar bolýandygyny aýdypdyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum