Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda aýallara ärine 'sülmüräp hormat' görkezmegi öwredýärler 


Aşgabat
Aşgabat

Türkmenistanda aýallara gözegçiligiň güýçlenmegi dowam edýär. Bu gezek durmuşa çykan zenanlara özlerini nädip alyp barmalygy öwredildi. Ýurduň esasy neşirleriniň biri bolan "Bitarap Türkmenistan" gazeti gepleşik däp-dessurlaryna degişli makala çap edip, aýallaryň öz arlerine "sülmüräp hormat" bildirmelidigini ýazdy. Makala ärleriň öz aýallary, çagalaryň hem öz atalary bilen özlerini alyp barmagyna degişli maglumaty öz içine alýar.

13-nji oktýabrda döwlet metbugatynda çap edilen bu makala "Türkmenistanyň Hronikasy" garaşsyz neşiri ünsi çekdi. Däp-dessurlara bagyşlanan makalada zenanlaryň, özlerini nädip alyp barmalydygy we ärleriniň hormatyny "sülmüräp" berjaý etmelidigi aýdylýar.

"Türkmenleriň gepleşik etiketi aýalyň öz adamsyna tolgunma bilen hormat bildirmegini göz öňünde tutýar" diýlip, belleýär. "Aaýallar öz ärleriniň atlaryny seýrek tutýarlar we gepleşikde olar barada tas hemişe ol diýip gürleýärler" - diýilýär.

Maklada erkekleriň "asyrlar boýy" "mert, batyrgaý we jogapkärçilikli" edilip, terbiýelendi diýilýär we olaryň emosiýalaryny beýan etmeginiň seýrekdigi "içgin seretmegiň we sähelçe yşaratyň" ýeterlikdigi bellenýär.

Makalada görkezilen etiket düzgünleri çagalardan öz kakalary bilen "ýagdaýa garamazdan, diňe dik durup" gepleşmegini talap edýär we "ene-atasy bilen jedelleşmek asla kabul ederliksiz" diýilýär.

Döwlet gazetinde çap edilen bu maglumat, türkmen häkimiýetleriniň "milli gymmatlyklar" diýip wagyz edýän däpleri girizmeginiň, aýal-gyzlara gözegçilik etmek we ilatyň şahsy durmuşyna hem göz-garaýşyna täsir etmek synanyşygynyň dowamydyr.

Aýallaryň özüni alyp barşy we daşky görnüşi Serdar Berdimuhamedow döwlet başyna geçen badyna häkimiýetleriň üns merkezine düşdi. Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 40 ýaşly ogly 2022-nji ýylyň mart aýynda prezident bolan soň apreliň başynda gözellik salonlaryna reýd geçirildi we olar köpçülikleýin ýapyldy. Aýallara botoks etdirmek, gaşyny we dyrnaklaryny bejertmek, saçyny boýamak gadagan boldy. Kosmetiki operasiýalar gadagan edildi.

Gatagançylyklar dar köýneklere we jeans balagyna degdi. Soňa-baka Türkmenistanyň döwlet edaralarynda işleýän zenanlara käbir içgi geýimler gadagan edildi. Türkmenistanda aýallaryň aglaba köplügi köplenç uzyn köýnek geýýär we ýaglyk atynýar. Emma häkimiýetler muny az görüp, aýal-gyzlardan giň köýnekleri geýmegi talap etdi. Mundan başga-da, aýallardan nagyşly türkmen balaklaryny geýmek we başyny örtmek talap edildi.

Şeýle-de, aýallara ärleri bilen köçede elleşip ýörmek, ulaglarda öňdäki ýolagçy oturgyjynda oturmak gadagan edildi. Kärhanalarda aýal işgärlere kosmetiki amallardan saklanmak barada dil haty ýazdyryldy.

Ýurtda abort tas dolulygyna gadagan edildi.

Häkimiýetler bu giň göwrümli gadagançylygyň sebäplerini resmi taýdan düşündirmediler. Käbir çeşmeler ýurduň aýal ilatyna edilýän basyşyň prezident Serdar Berdimuhamedowyň aşa konserwatiw garaýyşlary bilen baglanyşdyrdy.

Ilkinji resmi düşündiriş iýun aýynyň ortalarynda peýda boldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Serdar Arazow, türkmen aýallary üçin kosmetiki amallaryň gadagan edilmeginiň "sanitariýa sebäplere esaslanýandygyny" aýtdy. Şeýle-de, türkmen resmisi, Türkmenistanda her bir aýalyň "özi, ýakynlarynyň we çagalarynyň geljegi, şonuň üçin-de ýurdunyň we jemgyýetiniň geljegi üçin jogapkärçiliginden habarly bolup ýaşaýandygyny" belledi.

Türkmenistanyň kanunlary we ýurt tarapyndan gol çekilen halkara konwensiýalar türkmen aýallarynyň hukuklaryny doly kepillendirýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG