Türkmenistanyň tranzit ýük ulaglaryna girizen gadagançylyklaryny gowşatmagy bilen, ýurduň çäginden üstaşyr goňşy döwletlere geçýän ýük ulaglaryň sany göz-görtele köpeldi. Bu aralykda, türkmen sürüjilerine täze talaplar girizildi. Sürüjiler talaplaryň daşary ýurt ýük ulaglaryna degişli däldigini belläp, özleriniň "ala tutulýandygyny" aýdýarlar. Bu habarlaryň arasynda, türkmen prezidenti ýurduň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna üstaşyr gatnawlaryň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagy tabşyrdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.
Türkmen sürüjileriniň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, ýurduň çäginden üstaşyr goňşy döwletlere geçýän ýük ulaglaryň sany sentýabr aýy bilen deňeşdirilende bäş esse çemesi artdy.
"Häzirki wagt türk, özbek, gyrgyz, täjik, azerbaýjan ýük ulaglary ýurduň çäginden hiç hili päsgelçiliksiz geçip, üçünji ýurtlara aşýarlar. Olar esasan ýurduň gündogaryndaky Farap gümrükhanasyndan Özbegistan tarapyna ýa-da aňyrdan bäri tarapa geçýärler. Ulaglaryň sany geçen aý bilen deňeşdirilende juda kän" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply sürüji aýtdy.
Habarçymyz ýurduň çäginden üstaşyr goňşy döwletlere geçýän ýük ulaglaryň köpelmegi bilen, öňden hem çäklendirilýän ýerli sürüjilere goşmaça talaplaryň girizilendigini hem habar berýär.
"Ýerli ýük ulag sürüjilerine ýurduň çäginden çykmaga henizem rugsat berilmeýär. Olar ýükli tirkegi Farap gümrük nokadyna çenli eltip, ol ýerde ony özbek sürüjilerine gowşurýarlar. Mundan başga-da, olar Farap gümrükhanasyna göni baryp bilmeýärler. Olardan ilki täze 'Ak bazaryň' awtoduralgasynda nobata durmak talap edilýär. Adatça dört gün diýlende nobat ýetýär we olara ýörite 'fiş' berilýär. Onda awtotirkegiň nomeri, 'Ak bazardan' ugran sagady ýazylýar. Ýük ulag sürüjileri diňe şu 'fiş' bilen Amyderýanyň köprüsinden geçip, Farap gümrükhanasyna baryp bilýärler" diýip, maryly sürüji anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýerli ulag sürüjileri bu ýerde-de ýene iki-üç gün garaşmaly bolýarlar. Şeýlelikde, olar ýedi gün diýlende Farap-Alat serhet geçelgesine barýarlar.
"Bu talap daşary ýurt ýük ulaglaryna degişli däl. Ýurduň beýleki sebitlerinden gelen daşary ýurt ýük ulaglary bir-iki günüň dowamynda Farap gümrükhanasyndan geçýärler. Bize öz ýurdumyzda-da deňlik ýok. Bu işimize, käte daşaýan önümlerimiziň hiline-de täsir ýetirýär" diýip, lebaply sürüji belledi.
Habarçymyz bu talap sebäpli häzirki wagtda "Ak bazarda" her gün 400-den gowrak ýerli ýük ulagyň nobata durýandygyny hem habar berýär.
Azatlyga ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Türkmenawtoulaglary agentliginden, şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginden kommentariýa ýa düşündiriş almak başartmady.
Türkmen sürüjileri "deňsizlikden", özleriniň ala tutulmagyndan we uly nobatlardan şikaýat edýän mahaly, türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna üstaşyr gatnawlaryň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagy we çäklerini giňeltmegi tabşyrdy.
TDH-nyň maglumatynda türkmen lideriniň 16-njy oktýabrda geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde beren bu tabşyrygynyň jikme-jiklikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.
Pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäginde wirusyň ýokdugyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri 1-nji iýundan başlap daşary ýurt ýük ulaglarynyň ýurduň çäginden tranzit geçmegine ygtyýar berdiler. Şonda ýük ulaglary bilen ýol polisiýasynyň hereket etjekdigi, şeýle-de ýoluň ugry boýunça ulaglaryň durmagyna we sürüjileriň ondan çykmagyna rugsat berilmejekdigi bellenipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum