Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donald Tramp öň görülmedik import salgytlaryny girizdi, şol sanda Türkmenistana


 ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp täze salgytlary yglan edýär.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp täze salgytlary yglan edýär.

2-nji aprelde, Ak Tamyň öňündäki meýdançada çykyş eden ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Amerikanyň söwda hyzmatdaşlarynyň aglabasyna garşy täze söwda salgytlarynyň girizilýändigini yglan etdi. Hususan-da, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardan getirilýän harytlara 20% salgyt, Hytaýdan getirilýän harytlara bolsa 30%-den ýokary salgyt girizilýär. Şol sanda, Türkmenistana hem 10% salgyt girizilýär.

“Azatlyk güni geldi” diýip, Tramp 3-nji aprelde gije-ýaryndan başlap ýüzden gowrak ýurtdan getirilen harytlara salgytlaryň güýje girýändigini mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu salgytlar amerikanlary söwda hyzmatdaşlarynyň adalatsyz syýasatyndan halas eder.

Beýleki ýurtlar amerikan bazaryna erkin girip, uly girdeji gazanýarlar, şol bir wagtyň özünde amerikan harytlarynyň öz bazarlaryna girmegine çäklendirmeler goýýarlar diýip, Donald Tramp aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ABŞ “trillionlarça dollar” girdeji alar, bu bolsa salgytlary peseltmäge we milli bergini azaltmaga mümkinçilik berer. Tramp Amerikanyň “altyn asyrynyň” başlanýandygyny, iş orunlarynyň we önümçilikleriň ýurda gaýdyp geljekdigini belledi.

Söwda hyzmatdaşlarynyň amerikan harytlaryna goýýan tarif päsgelçiliklerini mysal getirip, Tramp Hytaýyň import salgytlarynyň ortaça 69%, Ýewropa Bileleşiginiň 39%, Ýaponiýanyň 46%, Hindistanyň bolsa 53% ýetýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ABŞ-nyň girizýän salgytlary munuň ýarysyna deň bolar.

XS
SM
MD
LG