Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Kaýa Kallas, ABŞ-nyň käbir ýurtlara we guramalara, şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy ýaly habar beriş serişdelerine goldawyny azaltmagynyň netijesinde, olara hemaýat bermek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýandygyny aýtdy.
Kallas, Azatlyk Radiosy bilen geçiren ýörite söhbetdeşliginde, azat metbugatyň we ygtybarly maglumatlaryň elýeterliliginiň Ýewropa Bileleşigi üçin aýratyn ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Şol bir wagtda, ABŞ-nyň goldawyny ýitiren guramalaryň köpdügini we Ýewropanyň hemmesine kömek edip bilmejekdigini belläp, bu meseläniň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylmalydygyny aýtdy.
Ukrainadaky ýaragly çaknyşyklary çözmek boýunça gepleşikleriň ýagdaýy barada hem durup geçen Kallas, Russiýanyň bu ugurda oňyn ädimleriniň görünmeýändigini aýtdy. Şeýle-de, Ýewropa Bileleşiginiň bu gepleşiklere gatnaşmalydygyny, sebäbi bu meseläniň Ýewropanyň howpsuzlygyna gönüden-göni täsir edýändigini we islendik ylalaşygyň Ýewropanyň gatnaşmazdan netijeli bolmajakdygyny nygtady.