Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: Interneti çäklendirmek babatda kiçi we uly Berdimuhamedowlaryň pozisiýalary tapawutlanýar


Serdar Berdimuhamedow
Serdar Berdimuhamedow

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi Türkmenistanda internet ulgamyndaky maglumat akymyny mundan-da beýläk çäklendirip-çäklendirmezlik babatda döwlet ýolbaşçylarynyň pozisiýalarynyň tapawutlanýandygyny habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Serdar Berdimuhamedow we onuň töweregi ilatyň habar almak mümkinçiliklerini, Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini mundan beýläk çäklendirmezlik, VPN ulgamlaryny petiklemezlik teklibini öňe sürýärler. Beýleki tarapdan, türkmen syýasatynyň jylawyny heniz hem öz elinde saklaýandygyna ynanylýan Gurbanguly Berdimuhamedow we öňden gelýän käbir geňeşçiler ýurtda habar we maglumat akymynyň berk çäklendirilmegini talap edýärler.

Çeşmäniň sözlerine görä, täze prezident we ýakyn töweregi öz pozisiýalaryny häkimiýete abanmagy ahmal "içerki howp" aladalary bilen düşündirýärler. Şeýle-de, täze ýolbaşçy öz teklibini häkimiýete içerden wehim abanan halatynda daşarky goldaw üçin "gapyny açyk saklamak" synanyşygy bilen delillendirýär.

Çeşmäniň sözlerine görä, azat metbugaty berk çäklendirmekde tankyt edilýän Türkmenistanyň täze döwlet ýolbaşçysy häkimiýete abanýan wehimlere garşy daşary ýurtlarda hereket edýän erkin metbugat serişdelerinde türkmen syýasaty barada çap edilýän maglumatlaryň daşarky auditoriýalar üçin öz bähbitlerine peýda getirjekdigine ynanýar.

“Birinjilik bilen, täze döwlet ýolbaşçysy tejribe toplaýança, şeýle-de uly Berdimuhamedowyň saglyk ýagdaýynyň öwerlik däldigi sebäpli, abanyp biljek dürli howplar sebäpli VPN-i ýene azyndan üç ýyl doly petiklemezlik kararyna gelipdirler” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi maglumat berdi.

Bu aralykda, Türkmenistan Internet ulgamyny, ilatyň erkin maglumat elýeterliligini berk çäklendirmekde halkara hukuk goraýjy toparlar tarapyndan berk tankyt edilýär. Galyberse-de, ýurtda mart aýynda geçirilen irki prezident saýlawlaryndan soňra häkimiýetler Interneti çäklendirmek işlerini, VPN hyzmatlarynyň petiklenilmegini güýçlendirdi.

Türkmenistan ähli iri sosial ulgamlary, garaşsyz habar saýtlaryny petikli saklaýar. Ulanyjylar bu saýtlara girmek üçin VPN hyzmatlaryndan peýdalanmaly.

Galyberse-de, ýagdaýdan habarly çeşmäniň maglumatlaryna görä, täze döwlet ýolbaşçysynyň ýakyn töweregi Interneti çäklendirmezlik tekliplerini halkara maliýe ulgamlarynyň onlaýn hyzmatlaryndan peýdalanmak meýilnamalary bilen hem delillendirýärler.

“Türkmenistanda VPN bolmasa, daşary ýurtlardaky maliýe dolanyşyk sistemalaryna-da girip bolmaýar, türkmen Interneti ol saýtlara girip bilmeýär” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, täze ýolbaşçy we ýakyn töweregi täze tehnologiýalardan doly peýdalanmak üçin Interneti çäklendirmezlik babatda teklipleri maslahat edýän mahaly, türkmen syýasatynyň “läheňleri”, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we käbir geňeşçiler ýurtda bar bolan problemalaryň daşaryk syzmazlygyny gazanmak üçin VPN hyzmatlarynyň doly petiklenilmegini, Internet ulgamyndaky maglumat çeşmeleriniň berk çäklendirilmegini talap edýärler.

“Prezidentiň hut özi VPN-leriň petiklenilmegine garşy emma uly Berdimuhamedow we käbir geňeşçiler VPN-iň petiklenilmegini isleýärler. Olar ýurduň problemasynyň daşary çykmagyny halamaýarlar. Meseläni çözmäge derek, maglumat akymyny petiklemegi makul hasaplaýarlar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýatlasak, ýanwarda geçiren giňişleýin howpsuzlyk mejlisinde Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli howpsuzlyk resmilerine ýurduň çäginde Internet ulgamyndaky maglumat çeşmelerini çäklendirmek işlerini kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Iki ýyl ozal, koronawirus pandemiýasynyň edil öň ýany, 2020-nji ýylyň fewralynda Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen parlamentinde eden çykyşynda kompýuteriň, telefonyň we planşetleriň zyýanlary barada gürrüň berdi.

“Internet döwründe, Interneti kesmek bilen, ony petikde saklamak bilen ösüş gazanyp bolmajagyny bilseler-de, diňe özlerine gerek bolany üçin, wagtlaýyn Interneti petiklemezlik kararyna gelipdirler” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi 9-njy iýunda maglumat berdi.

2016-njy ýylda Serhetsiz reportýorlar guramasy Gurbanguly Berdimuhamedowy “Internetiň ganym duşmanlarynyň” sanawyna girizdi.

Çeşmäniň sözlerine görä, häkimiýet başyndaky ýokary wezipeli döwlet emeldarlary käbir öňki nägile syýasatçylara we Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet baştutanlygy döwründe türmä basylan käbir gurply tüçjarlaryň maşgalalaryna wehim hökmünde garalýandygyny aýdýarlar.

Şu ýylyň fewralynda Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirip, köpler üçin duýdansyz ýagdaýda, wezipeden çekilmek niýetini mälim etdi. Munuň yz ýany, ýurtda irki prezident saýlawlary geçirildi we Gurbanguly Berdimuhamedowyň 40 ýaşly ogly Serdar Berdimuhamedow 73 göterim töweregi ses bilen prezident yglan edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG