Türkmen häkimiýetleri ýurduň gündogar welaýatynda ilatdan Azatlyk Radiosynyň websaýtyna girmezlik, döwlet syýasatyna garşy wagyzlary diňlemezlik ýaly talaplar bilen täze internet mümkinçiliklerini hödürleýär. “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasy Lebap welaýatynyň çäginde ozal internet toruna birikdirilmedik 10 müňden gowrak täze hojalyga öý internetini wada berýär.
Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň aragatnaşyk ulgamyndaky çeşmelerinden alan maglumatlaryna görä, sebitiň çäginde 10 müň töweregi hojalyga öý internetini birikdirmek göz öňünde tutulýar. Maglumata görä, her etrapdan, çen bilen 1000 töweregi hojalyk täze hyzmatdan peýdalanar.
Bu aralykda, aragatnaşyk ulgamyndaky ýerli çeşmeleriň maglumatlaryna görä, öýe internet çekdirmekçi bolýan raýatlardan dört sany dilhatyna we düşündirişe gol çekmek talap edilýär. Öýe Internet birikdirmekçi bolýan raýatlardan edilýän talaplaryň arasynda Azatlyk Radiosynyň maglumatlaryny yzarlamazlyk we internet ulgamynda döwlet syýasatyna garşy gidýän çykyşlary diňlemezlik ýaly talaplar hem bar.
Galyberse-de, ýerli häkimiýetler raýatlaryň erkin çeşmelerden maglumat almak hukugyny öňünden çäklendirmek babatdaky tagallalary bilen bir hatarda raýatlardan internetden pornografiýa materiallaryny indirmezlik barada hem dilhaty alýar.
Erkin maglumaty pornografiýa materiallary bilen deň derejede ‘zyýanly’ hasaplaýan türkmen häkimiýetleri ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar tarapyndan söz we metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde, garaşsyz maglumata basyş etmekde berk tankyt edilýär.
Basyşlar köplenç häkimiýetleriň interneti aç-açan çäklendirmek, garaşsyz habar serişdeleriniň web sahypalaryny ýurt içinde petiklemek, galyberse-de VPN hyzmatlarynyň öňüni baglamak ýaly çäklendirmeleri öz içine alýar.
Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen anonim şertlerde söhbetdeş bolan aragatnaşyk hünärmeni öýe internet birikdirmekçi bolýan hojalyklardan para soralýandygyny aýdýar. Onuň maglumatyna görä, soralýan paranyň mukdary 6 müň manada çenli baryp ýetýär, we para beren ýaşaýjylaryň haýyşnamalary ileri tutulýar.
“5-6 müň müň manat pul bolsa, mesele däl. Internet bir günüň içinde birikdirilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy anonim aragatnaşyk hünärmeniniň sözlerini getirýär. Şeýle-de, ýerli elektrik aragatnaşyk kärhanasy müşderilerden Türkmenistanda öndürilen routerleri satyn almagy talap edýär.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça “Türkmentelekom” kompaniýasyndan kommentariý alyp bilmedi.
Statistika hasabatlaryndan çen tutulsa, öý interneti Türkmenistanyň ilatynyň ep-esli bölegine elýeterli däl. Bütindünýä bankynyň 2020-nji ýylda çap eden hasabatyna görä, Türkmenistanyň ilatynyň bary-ýogy 0.17 göterimi öý internetinden peýdalanýar.
Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti ýurduň iň çetki künjeklerinde internet elýeterliligini üpjün etmek, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini artdyrmak ýaly maksatnamalary öňe sürüp, 2020-nji ýylyň martynda Yslam ösüş bankyndan 273 million amerikan dollary möçberinde pul serişdesini karz aldy.
Lebapda öý internet hyzmatlaryny “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň ýerli şahamçasy bolan “Lebaptelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy hödürleýär. Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamyna döwlet gözegçiligini Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýerine ýetirýär. “Türkmentelekom” kompaniýasyna we onuň sebitlerdäki dört aragatnaşyk şahamçasyna “Türkmenaragatnaşyk” agentligi garaýar. Öz gezeginde “Türkmenaragatnaşyk” agentligi Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagynda galýar.
“Türkmentelekomyň” resmi websaýtynda aýdylmagyna görä, Türkmenistanda şäher üçin çäklendirilmedik internet hyzmatlarynyň aýlyk tölegleri, internetiň tizligine görä, 100-200 manat aralygynda üýtgeýär. Çäklendirilmedik internetiň tizligi şäher ýerlerinde sekuntda 256 kilobitden (256 kbit/s) sekuntda 2 megabite (2 mbit/s) çenli üýtgeýär. Welaýatlaryň etraplarynda we oba ýerlerinde çäklendirilmedik öý internetiniň tizligi sekuntda 128 kilobitden (128 kbit/s) sekuntda 256 kilobite (256 kbit/s) çenli üýtgeýär. Etraplarda we obalarda öýlere çekilýän çäklendirilmedik internetiň aýlyk tölegi 50-100 manat aralygynda üýtgeýär.
Türkmenistan halkara hasabatlarda dünýäde iň haýal internet tizligini öz ilatyna hödürlemekde tanalýar. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri ýurtda internet torunyň berk çäklendirilmegi, şol sanda VPN hyzmatlarynyň petiklenilmegi barada yzygiderli habar berip gelýär.
VPN hyzmatlarynyň köpçülikleýin petiklenilmegi bilen soňky ýyllarda ilat arasynda adamlaryň mobil telefonlaryna ýa-da beýleki enjamlaryna VPN gurnamak hyzmatyny hödürleýän ussalar peýda boldy. Ýöne häkimiýetler VPN gurnamak hyzmatyny hödürleýän telefon ussalaryny hem yzarlaýar.
Şeýle yzarlamalaryň çäginde, Azatlyk Radiosyna mälim bolan täze maglumata görä, ýaňy-ýakynda ýurduň sebitleriniň birinde VPN goşundylaryny adamlaryň telefonlaryna gurnap bermekde aýyplanyp, ele salnan bir telefon ussasyna tussaglyga höküm edilmek howpy abanýar.
Türkmenistanyň hökümeti ýyllarboýy ýurtda esasy adam hukuklaryny, şol sanda söz we metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde tankyt edilýär.
Mundan ozal, Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar aýynda geçiren möhüm howpsuzlyk maslahatlarynyň birinde ýurduň ýokary derejeli howpsuzlyk resmilerinden Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini çäklendirmek işlerini kämilleşdirmegi aç-açan talap etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.