Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekilini kabul etdi


Serdar Berdimuhamedow
Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 27-nji martda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallasy kabul etdi.

Kallas şu ýyl Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň gatnaşmagynda Aşgabatda, Türkmenistanyň guramagynda geçirilýän sammite, ÝB-Merkezi Aziýa ministrleriniň 20-nji duşuşygyna başlyklyk etmek üçin geldi.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, Kallas “Ýewropa Bileleşiginde Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini” aýtsa, Berdimuhamdow “bu duşuşygyň netijeleriniň ÝB bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam berjekdigine” ynam bildirdi.

Habarda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýändigi bellenýär.

Şeýle-de, söhbetdeşleriň Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek ilkinji “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” sammitiniň iki sebitiň arasyndaky köpugurly, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG