Aşgabatda Tahyr Ataewiň orkestri tarapyndan ýerine ýetirilen "Jadylaýjy sesleriň gözelligi" atly konsert geçirildi. Orkestre N. Halmammedow adyndaky halkara bäsleşiginiň laureaty Baýmyrat Gutlymyradow dirižer boldy. Bu medeni waka barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berýär.
Klassiki sazy halaýanlar üçin ýatdan çykmajak ýene bir “ruh baýramy” 30-njy aprelde Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirildi. Çärä giriş mugt boldy.
Dört ýylyň dowamynda dürli döredijilik proýektleri bilen özüni tanadan Tahyr Ataýewiň orkestri dürli ýaşdaky muşdaklary özüne çekdi. Orkestr bu gezek "Jadylaýjy sesleriň gözelligi" konsertinde bilermenleriň pikiriçe kyn hasaplanýan eserleriň ençemesini ajaýyp we aňsatlyk bilen ýerine ýetirdi. Tomaşaçylaryň dykgatyna Karl Filip Emanuel Bahyň "Simfoniýa No 5 ", W.A Motsartyň "Adagio we Fuga" we P.I. Çaýkowskiniň "Florensiýa ýatlamalary" eserleri hödürlendi.
Tomaşaçylaryň köpüsi ilkinji iki eseri eşidende “güýçli aýdym-saz lezzetini” beýan edip, aýdym-saz düzgünlerinde göz öňünde tutulmadyk ýerlerde-de “brawo” sesleri we güýçli el çarpmak bilen garşy aldylar. Tomaşaçylar konsert gutarandan soň öz minnetdarlygyny we duýgularyny daşyna çykardylar.
Bu gezek Tähir Ataew sazandalaryň arasynda boldy. Orkestre konserwatoriýanyň wise-rektory, sazandalaryň halypasy Baýmyrat Gutlymyradow dirižer boldy.
Orkestriň bilim beriji işi konsertiň programmasynda-da orun tapdy, kompozitorlar we olaryň ýerine ýetirilen eserleri barada maglumat berildi. Tomaşaçylara şeýle bir ýakymly we täsir galdyryjy üns berildi.
Şeýlelik bilen tomaşaçylar J.S.Bahyň ogly Berlin ýa-da Gamburg Bahy diýlip tanalýan K.F.E. Bahyň 28 ýyllap Prussiýanyň patyşasy Frederik II-njiň aýdym-saz hyzmatynda bolandygyny eşitdiler. Sazandanyň "Klawieri oýnamagyň dogry ýolunyň tejribesi" atly traktaty esasynda dürli ýurtlarda pianoçylaryň köp nesliniň tälim alandygy gürrüň berildi.
Jozef Haýdn bir gezek Motsartyň kakasyna: "Dogruçyl we Hudaýdan gorkýan adam hökmünde men ogluňyzyň iň beýik kompozitordygyny aýtmalydyryn" -diýdi. "Adagio" we "Fugue" Motsartyň döredijiliginiň krizis pursatlarynyň birinde ýazylypdy, şonuň üçinem olar gaty täsirli.
Çaýkowskiniň milli düşünje bilen çäklenmändigi we hut şu sebäpden onuň sazynyň hakykatdanam halkara derejesine çykandygy baradaky maglumatlar aýratyn bir aktuallyga eýe boldy. "Florensiýa" kompozitoryň iň halanýan ýerlerinden biridi.
Konsertden soň köp tomaşaçy indiki konsertlere garaşýandygyny we tölegli esasda hem tomaşa etmäge taýýardygyny aýtdylar. Köpler Wiwaldiniň “Dört möwsüm” konsertini özleri üçin gaýtalamagyny arzuw edýärler.
Aprel aýynda koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly karantin çäklendirmeleri bölekleýin aýrylandan soň, Aşgabatda birnäçe aýdym-saz çäresi geçirildi.
23-nji we 24-nji aprelde köpden bäri garaşylan "Klassika dünýäsine syýahat! Latyn Amerikasy" atly konsert boldy. Bu aýdym-saz çäresi öň iki gezek ýatyrylypdy. Konsert Rasul Glyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan ýerine ýetirildi.
15-nji aprelde Türkmenistanyň Hormatly sungat işgäri, baýry mugallym, türkmen skripka mekdebini esaslandyryjy Nikolaý Artemiýewiç Amiýantsyň hormatyna konsert geçirildi. Ertesi gün, 16-njy aprelde Awstriýaly kompozitor Jozef Haýdnyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan uly tematiki konsert boldy. Şol konsertleriň ikisi-de Türkmen milli konserwatoriýasynyň binasynda geçirildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.