Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Mosartyň, Listiň we Belliniň eserleri ýaňlandy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň käbir sebitlerinde karantin çäklendirmeleri gaýtadan güýçlendirilip başlanmazdan ozal, Aşgabatda paýtagtlylaryň medeni durmuşyna degişli aýdym-saz çäreleriniň birnäçesi geçirildi. Klassiki aýdym-saz eserleriniň ençemesi ýaňlanan konsertlerde tomaşaçylar umytsyzlykdan we göwniçökgünlikden birneme bolsa-da daşlaşdy diýip, aşgabatlylar aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň bu çärelere tomaşaçy bolan habarçysy paýtagtda geçirilen üç konsert barada habar berýär.

Habarçymyz konsert çärelerinde oturgyçlaryň häzirki “sanitariýa” talaplaryna laýyklykda ýerleşdirilendigini, tomaşaçylaryň maskasyz zala goýberilmändigini aýdyp, şeýle çäreleriň birinjisiniň 26-njy noýabrda geçirilendigini belledi.

Şol güni Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda beýik kompozitr Wolfgang Amadeus Mosartyň doglan gününiň 265 ýyllygyna bagyşlanan konsert gurnaldy. Oňa aşgabatlylar muzdsuz tomaşa edip, konsertde Mosartyň ajaýyp eserleriniň onusy ýaňlandy.

Halkara bäsleşikleriniň laureaty Jemal Agajanowa orkestr bilen skripka üçin konserti açdy. Habarçymyz tomaşaçylaryň Begenç Gaýypow tarapyndan ýerine ýetirilen "Don Žuan" operasyndan Don Žuanyň ariýasyna we Bahar Durdyýewa tarapyndan ýerine ýetirilen "Figaronyň Toýy" operasyndan Kerubino ariýasyna aýratyn gyzyklanma bildirendigini aýtdy.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow Mosartyň iki eserini - "Fantaziýa" (do-minor) we Rondo (re-mažer) ýerine ýetirdi. Stella Faramazowanyň okuwçyalry – Altyn Nurmyradowa (skripka), Kowus Bäşimow (alt) we Erjel Ýagşymyradow (fortepiano) "Trio" eseriniň 2-nji we 3-nji bölümlerini çaldylar.

Talyplar kwarteti ̶ Jemal Agajanowa (skripka), Aýlar Annamyradowa (wiloençel), Nury Halmämmedow adyndaky bäsleşigiň laureaty Merjen Amanowa (fortepiano), Atageldi Rozyýew (alt) "Sol-minor" kwarteti bilen konserti jemlediler.

30-njy noýabrda paýtagtyň aýdym-saz mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň solo konserti boldy.

3-nji dekabrda milli konserwatoriýada "Söýgi waspçylary" at bilen hem konsert geçirildi. Ol Wençenso Bellininiň doglan gününiň 220 ýyllygyna we Ferens Listiň doglan gününiň 220 ýyllygyna bagyşlandy.

Onda giçki romantizm eýýamynyň kompozitorlarynyň ummasyz eserlerinden romantiki eserler ýerine ýetirilip, konsertiň başynda Amannazar Arslanow fortepianoda Ferens Listiň "Söýgi hyýallary" eserini ýerine ýetirdi.

Konsertde Wladimir Mkrtumow fortepianoda "Mefisto-wals" eserini hem çaldy we Bahar Durdyýewa W. Bellininiň "Norma" operasyndan "Casta Diva" kawatinasyny ýerine ýetirdi.

"Ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň we pandemiýa çäklendirmeleriniň arasynda, tomaşaçylar ýokary ussatlyk derejesinde ýerine ýetirilen sungat esasynda, erbet keýpden, umytsyzlykdan we göwniçökgünlikden birneme bolsa-da daşlaşdylar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran tomaşaçylaryň biri habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Habarçymyz aýdym-saz çäresini gurnaýjylaryň we sungat işgärleriniň ýagyşly howada konserte gelendikleri üçin tomaşaçylara minnetdarlyk bildirendigini hem aýtdy.

Wolfgang Amadeus Mosart 1756-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Awstriýanyň Salzburg şäherinde doguldy we 1791-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Wena şäherinde aradan çykdy.

Wençenso Bellini 1801-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Italiýanyň Kataniýa sebitinde doguldy we 1835-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Fransiýada ýogaldy.

Ferens List 1811-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Awstriýada doglup, 1886-njy ýylyň 31-nji iýulynda Germaniýada aradan çykdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG