Geçen ýylyň soňky hepdesinde Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary birnäçe meşhur aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Koronawirus sebäpli girizilen karantin zerarly uzak arakesmeden soň, Döwlet simfoniki orkestriniň Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda beren konsertleri we Tahyr Ataýewiň krişli saz gurallary orkestriniň çykyşlary dynç alyşdan öňki günleriň ajaýyp aýdym-saz wakalaryna öwrüldi. Konsertlere Azatlyk radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy hem gatnaşdy.
Tahyr Ataýewiň kirişli saz gurallary orkestri özüniň döredileli bäri geçen üç ýyl içinde diňe bir klassyky eserleri döredijilikli ýerine ýetirmek bilen däl, eýsem rok kompozisiýalaryny we diskoteka aýdym-sazlaryny ýerine ýetirmek bilen hem höwesjeň muşdaklarynyň uly söýgüsini gazandy. Ol konsertleriň biletleri saňa ýetdi, maňa ýetmedi edilip satyldy.
Täze ýylyň öňüsyrasynda sazandalar tomaşaçylaryň isleglerini ýene bir gezek mynasyp derejede kanagatlandyrdylar diýip, habarçy ýazýar.
Tahyr Ataýewiň sazly orkestriniň çykyşlary 29-njy we 30-njy dekabrda "Watan" kino-konsert zalynda "Bize Baýram gelýär" ady bilen geçirildi.
Dürli öwüşginli, film bölekleriniň, görnüşleriniň we abstrakt kompozisiýalaryň fonunda dinamiki Täze ýyl çyralary bilen şöhle saçýan sahnada çykyş eden sazandalar we aýdymçylar birnäçe nesil tomaşaçynyň söýgüsini gazanan meşhur sowet aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.
"Jingle bell rock", "Sway", "Santa Klaus şähere gelýär", "Meniň Kristmas üçin isleýän ähli zadym", "Bir şuşumda bir ýerde", "Geçen Kristmas", "Eýjejik kiçiljik Kristmas", "Sanny" ýaly eserler ýaňlandy.
29-njy dekabrda geçirilen konsertde “Tri belyh konýa” we “Sçastýe wdrug w tişine" atly sowet aýdymlary tomaşaçylarda ullakan joşgun döretdi we bu aýdymlar tomaşaçylar bilen bilelikde, "Berekella" we "Hemmelere tans edýär" diýen tomaşaçy sesleriniň astynda ýerine ýetirildi.
Konsertden soň tomaşaçylar sazandalara olaryň özlerine hakyky täze Täze ýyl keýpini sowgat edendiklerini we täze 2022-nji ýylda hem şeýle aýdym-sazly duşuşyklara umyt baglaýandyklaryny aýtdylar.
24-26-njy dekabrda Resul Gylyjowyň Döwlet simfoniki orkestriniň göni aýdym-sazly konserti 1993-nji ýylda "Nýu-Yorkork şäher baleti" tarapyndan ýerine ýetirilen Amerikan film-baletiniň görkezilmegi bilen geçirildi. 25-nji ýanwarda guralan konserte ABŞ-nyň ilçihanasynyň diplomatlary hem gatnaşdylar.
Mukamlar köşgünde geçirilen konsert karantin sebäpli uzak arakesmeden soň geçirilen dabaraly waka öwrüldi. Klassyky sazlary halaýanlar üçin bu konsert ruhy baýramçylyk we adaty durmuşa dolanmaga umyt bolup göründi.
Pýotr Çaýkowskiniň bir ýarym sagatlyk "janly sazlary" ekranda "Şelkunçik" atly amerikan filim-baletiniň görkezilmegi bilen diňleýjilere ýetirildi, bu baleti Nýu-Ýork şäher baleti 1993-nji ýylda ýerine ýetiripdi.
Bu film 1954-nji ýylda, horeograf Jorj Balançiniň meşhur spektaly esasynda surata düşürildi we şindi hem Nýu-Ýorkuň Linkoln merkezinde üstünlikli görkezilýär.
Amerikan baletini dörediji, gürji asylly Jorj Balançin çagalykda Sankt-Peterburgyň Mariinski teatrynda Marius Petipanyň goýan "Şekunçik" spektaklynda sahna çykýar.
Filmde Mariniň ýegeniniň we onuň çokundyrylan Şelkunçigiň roluny onuň düýşünde “Öýde ýalňyz” atly iki filmden soň şöhratynyň iň ýokary derejesine ýeten Makaolaý Kulkin ýerine ýetirdi.
Konsert örän gowy boldy we hatda zalda az bolmadyk kiçijik çagalar hem ümsüm oturdy. Resul Gylyjowyň 25-nji dekabrda kiçijik tomaşaçylara haýran galyp belleýşi ýaly, "gonamçylyk ümsümligi boldy". Konsert diňe uly ýaşly tomaşaçylaryň wagtal-wagtal, birnäçe gezek şowhunly el çarpyşmasy bilen kesildi.
Öňden gelýän ajaýyp däbe görä, Resul Gylyjowyň Täze ýyl konsertleri tomaşaçylaryň el çarpmagy bilen. Radetzki marşynyň ýerine ýetirilmegi bilen tamamlanýar.
Bu däp, tomaşaçylaryň gelejege bolan ynam duýgusyny ýokarlandyryp, Wena filarmoniýa orkestriniň Täze ýyl konsertlerinden alyndy.
Resul Gylyjow konsertden soň tomaşaçylara minnetdarlyk bildirdi we täze ýylda hem ýygy-ýygydan duşmak umydyny bildirdi, ýöne häzirlikçe indiki konsertlerini senesini yglan etmedi.
Puşkin adyndaky teatrda esasan çagalar spektakllary bolýar. Sirkiň repertuary diňe 15-nji ýanwara çenli yglan edildi. Çykyşlar geçen ýylkylardan ybarat diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.