Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahaldaky elhal aýlyklar Ýolötendäki kebşirleýjileriň köpçülikleýin işden çykmagyna getirýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanda dowam edýän işsizlik we işe girmek üçin berlen paranyň hem ödelmezligi baradaky aladalaryň arasynda, Ahalda köpräk aýlyk berýän hususy firmalarda dörän iş orunlary Marydaky gaz edarasynyň işgärleriniň köpçülikleýin işden çykmagyna sebäp bolana meňzeýär. Täze iş, aýlyk mümkinçilikleri bilen bir hatarda, maryly işçiler porsy kükürt ysyndan hem dynjaklaryna begenýärler we soňra ýollaryň açylyp, has köp gazanç üçin daşary ýurtlara gitmek mümkinçiliginiň döremegine bil baglaýarlar.

Ýolöten etrabyndaky gaz edarasynyň kebşirleýjileri köpçülikleýin işden çykýarlar diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy hepde ahyrynda habar berdi. Ýerli habarçy ozal Ýolötendäki Galkynyş gaz zawodynyň işgärleriniň köpüsiniň kükürt ýüklemek bilen meşgullanýandygyny, olara diňe halta bilen pil berilýändigini, iş geýimlerini we maskalaryny özleriniň getirmelidigini habar beripdi.

“Ilkibada 1 işgärimiz işden çykdy, soň ýene 3 işgär işden çykdy, indi bolsa ýene 7 işgär işden çykjakdygyny aýdyp, arza berdi; işden çykýanlaryň aglabasy kebşirleýji bolup işleýär” diýip, gaz edarasynyň Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen işgäri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, gaz edarasynyň başlygy ilki işden gidýän işgärlere ‘arkaýyn gidip bilersiňiz, ýeriňize adam garaşyp dur’ diýýär we, ‘ýene kim gitjek, aýdyň şu wagtdan’ diýip, uly gürleýär.


Ýöne soň, işgärleriniň işden köpçülikleýin çykýandygyny gören başlyk alada galyp, gidýän adamlara ‘işden çyksaňyz, soň munuň ýaly iş tapmarsyňyz’ diýip, höre-köşe edip, olary saklamaga synandy. Emma adamlar: ‘Şu zawodyň porsy kükürt ysyndan dynsak bolýar, işiň gerek däl’ diýip, arzalaryny berýärler diýip, ýerli çeşme aýtdy.

Şondan soň başlyk düýpgöter başga adama öwrülýär we aljyrap, ‘men sizi işden boşadamok, ýagny resmi taýdan işden çykaramok, diýmek, siz öňküje bolşuňyz ýaly, öz işiňizi dowam etmeli bolarsyňyz, bolmasa zähmet kitapçaňyzy bermerin, soň pensiýa ýaşa ýeteňizde gaty ökünersiňiz’ diýip, işden çykýan adamlary gorkuzjak bolýar.

Ýöne onuň bu haýbaty hem işden çykýan adamlara täsir ýetirmeýär. Olar oňa, ‘başlyk, biz bu ýerde işlesek, pensiýa ýaşyna ýetmeris, sen biziň zähmet kitapçamyzy berseň ber, bermeseň berme, biz indi işe gelmeris, sebäbi Aşgabatda açylan täze hususy firmalara işe gidýäris’ diýdiler.

Ýolötendäki gaz edarasynyň radionyň habarçysyna maglumat beren işgäriniň aýtmagyna görä, ‘kükürt ysyndan bizar bolandygyny’ aýdýan işçileriň işden çykmagy olaryň öňünde açylan başga bir mümkinçilik bilen bagly.

“Köp işçi bu ýerde başga alaç tapman işleýär, sebäbi şertler agyr. Emma indi işçilere, nähilem bolsa, başga-da alternatiwa tapyljak ýaly. Ilki işden çykan işçimiz Ahal sebitine gidip, şol ýerdäki hususy firmalaryň birine işe ýerleşipdir we soň bärdäki tanyşlaryny hem işe çagyrypdyr. Diňe kebşirleýjiler däl, eýsem elektrik hünärmenleri hem gidip barýar” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Işden çykan işgärleriň biri habarçynyň täze dörän mümkinçilik baradaky soragyna biraz ýaýdanyp, anonimlik şertinde jogap berdi:

Ýolöteniň Galkynyş zawodynda eşek ýaly işläp, arasynda otly wagonlaryna kükürt ýükläp, aýda alýan aýlygymyz 2200 manat, emma indi, Ahala giden kärdeşimiziň aýtmagyna görä, ol ýerdäki hususy firma bize azyndan 4000 manat aýlyk töleýär, adamlar haýsy-haçana çenli beýdip gorkup, soň iş tapman durmaýyn gezmeli?

Mary sebitindäki işçileriň köpüsi indi özleriniň bärde iki aý işläp aljak pullaryny Ahalda bir aýda hem alyp biljegine düşündi we, köp adam işden çykmanka, smenasyny tabşyryp, boş wagtynda Ahala gidip, hususy firmalardan iş gözleýär; eger-de işe ýerleşip, aýlyklaryndan razy bolsalar, nobatdaky smenada işlemek üçin işe gaýdyp gelmeýärler diýip, habarçy gürleşen adamlarynyň sözlerine salgylanyp aýtdy.

Azatlygyň habarçysy ozal bu edara işe girýän adamlaryň uly möçberlerde para bermäge mejbur bolýandyklaryny habar beripdi. Ol gaz edarasynyň işçileriniň köpçülikleýin işden çykyşy baradaky maglumatlary öwrenýän wagtynda bir kebşirleýjiden ‘işe gireňizde beren paraňyzy ödediňizmi?’ diýip sorady. Kebşirleýji bu soraga ‘ýok, ödemedim, beren pullarym hem owarram, Ýolötendäki zawodyň porsusyndan dynsam bolýar’ diýip, begençli jogap berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, ‘adamlar işi höwes bilen taşlap gidýärler, indi nirede köpräk pul tölense, şol ýere ylgaýarlar; ‘soň näme?’ diýip sorasaň, ‘soň ýol açylsa, daşary ýurtlara gideris’ diýýärler.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar we barha köpelýän işsizlik pandemiýadan öňki ýyllarda on müňlerçe türkmenistanlynyň daşary ýurtlara iş gözläp gitmegine sebäp boldy. Emma türkmen hökümeti ýurtdaky işsizlik, daşary ýurtlara giden zähmet migrantlarynyň anyk sany we olaryň maşgalalaryna iberýän pullarynyň möçberleri barada maglumat bermeýär.

Şu aralykda G.Berdimuhamedow, hökümetiň ýylyň 11 aýynyň netijelerine bagyşlanan mejlisinde ýene bir gezek täze iş orunlaryny döretmek, önümçilige sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça "köp işleri alyp barmagyň wajypdygyny" nygtady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG