Aşgabatdaky gurluşyklarda işläp, maýyp bolup gelýän adamlar bolýar, emma olaryň köpüsine kompensasiýa berilmeýär, ýuristler köplenç ejir çeken tarapy günäkär edýär ýa-da işgärler firma eýeleriniň aldawyna düşýär, ölen adamlaryň hossarlaryny hem aldaýarlar, eglişik edenlerinde 20 müň manat möçberinde 1 ýyl töleg edýärler diýip, Azatlygyň sebitlerdäki habarçylary habar berýär.
Kabul edilen kanunçylyga görä, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adam hasaplanýar, emma degişli döwlet edaralary Azatlygyň ýurtdaky agyr işsizlik, şonuň bilen baglylykda zähmet hukuklarynyň gödek bozulyşy baradaky soraglaryna düşündiriş bermeýär.
Öňki ýyllaryň tejribesinden belli bolşy ýaly, türkmençilikde bir hadysa bolanda, jogapkär taraplar köplenç "Alladan gelendir, adamyň etjek zady ýok" diýen töwellaçylyk bilen, betbagtçylyga uçran maşgalalary kanun esasynda berilmeli kömekden hem mahrum edýärler we bu adalatsyzlyk hukuk goraýjy edaralaryň jogapkär işgärleriniň arada durmagynda amala aşyrylýar.
Işgärleriň zähmet hukuklary hususan-da hususy kärhanalarda köp bozulýar, ýurtda giň ýaýran işsizlik zerarly gazanjyny ýitirmekden gorkýan adamlaryň kaýyllygy iş berijileriň her hili eden-etdiliklerine, işgärleri iş ýerinde urup-ýençmeklerine çenli ýol açýar diýip, radionyň habarçysy bilen gürleşen işçiler aýdýar.
Azatlyga dürli wagtlarda dürli çeşmelerden gelip gowşan maglumatlara görä, iş ýerlerinde işgärleriň saglygyna zyýan ýetende, hatda ölüm hadysasy bolanda hem köplenç kanun esasynda berilmeli kömek ýa öwez puly, kompensasiýa berilmeýär; hukuk goraýjy işgärler bolsa, hatda birnäçe gezek arz edilende hem, bolan wakany öz wagtynda, ýerinde we doly derňemekde erjellik görkezmeýärler.
Zähmet hukuklarynyň berjaý edilişi işgärleri gyşyn-ýazyn dürli çärelere gatnaşmaga, ol ýa-da beýleki çäre üçin pul bermäge mejbur edýän döwlet edaralarynda hem öwerlik däl. Hususy kärhanalardakydan tapawutlylykda, döwlet edaralarynda bolan iş hadysalarynyň ählisiniň diýen ýaly üsti bassyr-ýussur edilýär diýip, aýry-aýrylykda gürleşilen üç hünärmen aýtdy.
Şeýle ýagdaýlara şaýat bolan adamlaryň tassyklamagyna görä, iş hadysasyndan soň hassahana eltilen adamlardan arza ýazmazlygyny haýyş edýärler we nähili şikes ýeten bolsa, öýde ýetendigi barada dilhaty ýazdyryp, iş berijiniň üstüne düşýän jogapkärçiligi doly aýyrýarlar.
Eger-de işgär hakykatda bolan zady aýdyp, degişli edaralara arza ýazsa, biraz wagt onuň ýanyna gatnaýan edara, saglyk işgärleri görünýär, ýöne polisiýa derňew işini ýapanyndan soň, ejir çeken işgäri hiç kim idemeýär, sebäbi işgärler öz iş ýerlerini ýitirmezlik üçin dymmaly bolýar diýip, 60 ýaşyndaky aşgabatly hünärmen bu ýerde öz üstüne geljek barlaglary öňünden ýapýan edara başlyklarynyň hem uly rolunyň bardygyny belledi.
Hususy kärhanalardaky ýagdaý has-da çylşyrymly, sebäbi bu ýerde işe girende bir topar dokument dolduran adamlar bilen bir hatarda hiç bir dokumentsiz işe giren adam hem az bolmaýar. Eger adam işe dokumentsiz giren bolsa, ol iş wagtynda bolan hadysany kanun boýunça subut edip bilmeýär diýip, hünärmenler aýdýar.
Bu hili ýagdaýlar bilen iş salşan hünärmenleriň maglumatlaryna görä, işsizlik, mätäçlik zerarly, soňky ýyllarda näme iş tapsa kaýyl bolup, kerpiç zawodlaryna, gurluşyk firmalaryna dokumentsiz işe girýän adam has köpeldi. Aýdaly, kerpiç zawodlarynda mekdep okuwçylary, kämillik ýaşyna ýetmedik ýetginjekler hem işleýär we bu işe dokumentsiz, hiç bir resmi kagyza gol çekmezden hem girip bolýandygynyň anyk subutnamasy bolup durýar.
Türkmenistanyň kanunlary işgär bilen iş berijiniň kesgitlenen kanun maddalary esasynda hökmany şertnama baglaşmagyny talap edýär. Iş şertnamasynda, kanunçylygyň talap edişi ýaly, iki tarapyň borçlaryny we hukuklaryny kesgitleýän anyk kanun maddalary bar. Emma, aýry-aýrylykda gürleşilen üç hünärmeniň tassyklamagyna görä, ige girýän adamlaryň köpüsi gol çekýän şertnamasynda ýazylan zatlary doly okamaýar ýa-da ünssüz okaýar.
Munuň bir sebäbi adamlaryň ýazylan kanunlara ynanmazlygy we sowatsyzlyk bilen bagly bolsa, ikinji sebäbi işe köplenç para berip girilmegi, işgäriň ilkinji nobatda çagalaryny eklemek, soň beren parasyny jemlemek barada alada etmegi bilen düşündirilýär.
Bu ýagdaýlaryň ählisi birleşip, işgärleriň iş ýerlerindäki hukuklarynyň yzygiderli we gödek bozulmagyna, başlyklaryň, orunbasarlaryň, prorablaryň 'gara işlerde' işleýän adamlary soňsuz ezmegine ýol açýar, indi agzy hapa, iş ýerinde işgärlerine el galdyrmakdan hem gaýtmaýan başlyklar asla 'täzelik däl' diýip, synçylar aýdýar.
Türkmen metbugaty ýol-köçe hadysalary, iş ýerlerinde bolýan betbagtçylykly ýagdaýlar, tebigy hadysalar hakynda hem maglumat bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.