Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň dünýä ýurtlarynda Adam söwdasynyň ýagdaýy baradaky ýyllyk hasabatynda Türkmenistanyň erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň agyr zähmete çekilmegine şert döredýän ýurtlaryň hatarynda agzalýar.
Azatlyk radiosyna gelip gowuşýan habarlarda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň welaýatlaryndaky işsizlik adamlaryň öz ýaşaýan ýerlerinden uzak ýerlere gidip, agyr şertlerde gazanç etmegine sebäp bolýar.
Şol bir wagtda, işlerini ýitirmekden gorkup, olaryň öz hukuklaryny hem talap edip bilmeýändigi aýdylýar.
Azatlyk radiosy bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, ýerli synçy, Aşgabatda ýaşaýan raýat aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.