Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda metjitlere gözegçilik güýçlendi, tarawa baran zenanlar öz arzasy bilen işden çykmaga mejbur edildi


Türkmenistandaky metjitleriň biriniň daşynda aýal-gyzlar (Arhiw suraty)
Türkmenistandaky metjitleriň biriniň daşynda aýal-gyzlar (Arhiw suraty)

Türkmenistanda musulmanlaryň mukaddes Remezan aýy dowam edýän mahaly, Balkan welaýatynda metjide barýan raýatlaryň köpelmegi bilen, häkimiýetler dinçilere gözegçiligi güýçlendirdi.

Balkanabat şäherinde kanun goraýjy edaralaryň işgärleri kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary we aýal-gyzlary metjitlerden polisiýa merkezine alyp gidip, olary azar bermelere we gorkuzmalara sezewar etdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň 18-nji martda sebitden beren maglumatyna görä, polisiýa bölümine eltilen zenanlar döwlet edaralarynda işleýän bolsa, onda olar öz arzasy bilen işinden çykmaga mejbur edildi.

“Soňky günlerde, hususan-da, Juma namazynyň okalýan gününde metjitleriň, şol sanda baş metjidiň daşy polisiýa we Milli howpsuzlyk ministrliginiň ofiserleriniň gulluk ulaglaryndan dolýar. Olar Juma namazyny ýa-da tarawa namazyny okamaga gelen ýetginjekleriň we aýal-gyzlaryň ählisini welaýat polisiýasynyň baş edarasyna alyp gidýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Başy örtülen, hijap dakynan zenanlar aýratyn otaga salnyp, sorag edildi we olara paýyş sözler aýdylyp, olaryň hijaplary kellerinden çekilip aýryldy.

Paýyş sözler, aýyplamalar, kemsitmeler

“Olar bize “siz içi şeýtan, daşy musulman bolup görünýän jelepler, ertiri Oraza aýy gutardygy ýene şeýtan keşbine gaýdýarsyňyz” diýip, başga-da gaty erbet paýyş sözler aýtdylar. Maňa we men ýaly býujetde işleýän beýleki aýal-gyzlara öz islegimiz bilen işden çykmak hakyndaky arzamyzy mejbury ýazdyrdylar” diýip, saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Býujet işgärleriniň ençemesiniň tassyklamagyna görä, kanun goraýjylar gijäň ýarydygyna garamazdan, olaryň işlän edara-kärhanalaryndaky ýolbaşçylaryny hem polisiýa bölümine çagyrdylar.

“Olar başlyklarymyza hem, “nämä seredýäň? Işgärleriň dini radikalizm toparlaryna goşulypdyr” diýip, azar berdiler” diýip, işsiz galan ozalky býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Kanun goraýjylar bu çäreleriniň sebäplerini “aýal-gyzlaryň metjide barmaly däldigi, jemagat bolup namaz okamaly däldigi” bilen düşündirýärler.

“Olar ýaş gyzlary bolsa, tarawa namazyny bahana edip, ýaş ýigitler bilen metjitde duşuşyga çykmakda aýyplap, olaryň ýakynlaryny çagyryp, masgara edip, gaýdyp metjide goýbermez ýaly paýyş sözleri aýdýarlar” diýip, balkanabatly ýaşaýjy aýtdy.

Şeýle-de, olar başyny “hemmetaraplaýyn görnüşde örtmek” üçin niýetlenen ýörite hijaplary dakynan zenanlary "dini radikalizm" şübhesinde aýypladylar.

Haýbatlar we jerimeler

“Bu zenanlara Daşoguzdaky aýallar türmesine ugradylmak barada haýbat atyldy” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly zenan anonimlik şertinde aýtdy.

Polisiýa we MHM işgärleri metjitlerden polisiýa bölümine eltilen ýetginjekleriň bolsa, okaýan mekdepleriniň müdirlerini we ene-atalaryny çagyrýarlar.

“Olar mekdep müdirlerini çagalara esewan edip bilmezlikde azar berýärler. Ene-atalara bolsa, 130 manat jerime salýarlar. Olar eger bu ýagdaý gaýtalansa, onda has agyr jeza garaşýandygyny hem duýdurýarlar” diýip, balkanly ene-atalaryň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Kanun goraýjylar ene-atalary we mekdep müdirlerini “ýurtda çagalar üçin bellenen gün tertibi namasyny” bozmakda aýyplaýarlar.

“Olar bu tertibe laýyklykda, ýetginjekleriň agşam sagat 9-da uka gitmelidigini, olaryň gije 10:30-da tarawa namazyna barmagynyň bu tertibe gabat gelmeýändigini aýdýarlar” diýip, balkanabatly ýaşaýjy aýtdy.

"Metjitlere barma, sadaka sorama!"

Bellesek, şu günler Balkanabadyň metjitlerinde tarawa namazy agşam sagat 10:30 töwereginde okalýar.

Kanun goraýjylaryň basyşlary metjitleriň diňe içi bilen çäklenmeýär. Şu günler olar metjidiň daşynda durup, raýatlardan sadaka soraýan mätäç zenanlary hem polisiýa bölümine alyp gidýärler.

“Bu aýallardan metjitlere barmazlyk we sadaka soramazlyk talap edilýär” diýip, balkanabatly ýaşaýjy belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetler, şol sanda welaýat Polisiýa müdirliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda häkimiýetler, geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem Remezan aýynyň başlanmagy we metjitlere barýan adamlaryň sanynyň köpelmegi bilen, musulman dinçileriniň üýşmeleňlerine gözegçiligi artdyryp başladylar.

Şu aýyň başynda habarçylarymyz metjitlere barýan raýatlardan mobil telefonlary getirmezligiň talap edýändigini, olaryň telefonlarynyň ellerinden alynýandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 41-nji maddasynda her bir adamyň özüniň dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýändigi, onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bilelikde islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga haklydygy nygtalýar.

Muňa garamazdan, halkara hasabatlarynda Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryň esasy azatlyklaryny, şol sanda din-wyždan azatlygyny çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG