Prezident Donald Tampyň ýedi hökümet agentliginiň, şol sanda ABŞ-nyň Global Media Agentliginiň işini çäklendirmek boýunça gol çeken kararynyň yz ýany, Halkara metbugat instituty (IPI) duşenbe güni Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) hem-de ýapylmak howpy abanýan beýleki media serişdeleriniň goragynda çykyş etdi. Media agentligi halkara ýaýlym işlerine gözegçilik edýär we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, Amerikanyň sesi, Azat Aziýa Radiosy, Kuba hem-de Latyn Amerikasyna ýaýlym berýän Radio Marti hem-de Ýakyn Gündogar ýaýlym tory (MBN) media serişdelerini dolandyrýar.
Halkara metbugat instituty Tramp administrasiýasynyň kararyny ýazgardy hem-de täsirlenen media guramalarynyň azyndan üçüsiniň – Amerikanyň sesi, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, Azat Aziýa Radiosy – awtoritar režimler bilen dolandyrylýan ýurtlar üçin möhüm habar çeşmeleri bolandygyny nygtady.
Azat Aziýa Radiosynyň prezidenti Beý Fan Trampyň kararyny “diktatorlar we despotlar üçin sowgat” atlandyrdy, Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiwen Kapus, eger ABŞ-nyň halkara media serişdeleriniň ýaýlymlary togtadylsa, “eýranly aýatullalar, hytaýly kommunist liderler hem-de Moskwadaky we Minskdäki awtokratlar 75-nji ýyl dönüminiň bosagasynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ölümini gutlarlar. Biziň garşydaşlarymyzyň ýeňşi olary kuwwatlandyrar, Amerikany ejizleder” diýdi.
Halkara metbugat instituty ABŞ hökümetini öz kararyndan el çekmäge hem-de özüniň media guramalaryny we olardaky işgärleri goramaga çagyrdy.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň Azatlyk Radiosynyň işini öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek meselesine seredip biljekdigini, Ýöne Ýewropanyň bu meseläni “awtomatik” görnüşde çözmegi wada berip bilmeýändigini aýtdy.
Çehiýanyň Daşary işler ministri Ýan Lipawskiý ýekşenbe güni Azatlyk Radiosynyň we "Amerikanyň sesiniň" işine ýokary baha berdi we olary awtoritar dolandyryş astynda ýaşaýan adamlar üçin "ýol görkeziji" diýip atlandyrdy. Ol ýewropa ýurtlaryny Azatlyk Radiosynyň işini dowam etdirip bilmegi üçin maliýe serişdeleri bilen üpjün etmäge çagyrdy.
Polşanyň Daşary işler ministri Radoslaw Sikorski Azatlyk Radiosyny hem-de beýleki media serişdelerini maliýeleşdirmegiň bir usulynyň Ýewropanyň Demokratiýa gaznasynyň býujetini artdyrmak arkaly bolup biljekdigini aýtdy. “Bular missiýalary dowam etdirilmeli gymmatly institutlardyr” diýip, Sikorski nygtady.