Türkmenistanyň prezidentinden öz aýalynyň ýurtdan çykarylmagyny sorap, habar beriş serişdeleri arkaly ýüzlenen Türkiýäniň raýatynyň aýaly daşary ýurda çykyp bildi. Jihan Jengiz Türkmenistanyň migrasiýa gullugynyň öz aýaly Enejan Jengize ýurduň daşyna çykmagy gadagan edendigini Azatlyk Radiosynyň “Migrant Media” proýektine dekabryň ortalarynda gürrüň beripdi.
Enejan Jengiz 2025-nji ýylyň 3-nji martynda türkmen aktiwistleriniň TikTok strimleriniň birine gatnaşyp, özüniň häzirlikçe Dubaýdadygyny köpçülige mälim etdi.
Türkiýäniň raýaty Jihan Jengiziň aýaly Enejan Jengize türkmen häkimiýetleri tarapyndan daşary ýurda çykmaga rugsat berilendigini Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralaryndaky ýagdaýlardan habarly çeşme Azatlyk Radiosyna tassyklady.
Enejan we onuň ýoldaşy Jihan Jengiz bilen gepleşmek synanyşygy başa barmady, olar soraglara jogap bermekden ýüz öwürip, sebäbini düşündirmediler.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan türkmenistanly çeşmäniň sözlerine görä, Enejanyň daşary ýurda çykmak gadagançylygy aýrylan hem bolsa, Migrasiýa gullugynyň işgärleri ondan para almak üçin ony ýurtdan goýbermezlige synanyşypdyr.
"Ýoldaşy Azatlyk Radiosynda goh-galmagal turuzanyndan soň, bu meselä üns berildi. Onsuz hem Enejanyň ýoldaşy saglyk problemalary bilen ýüzbe-ýüzdi. Kim bilýär, belki-de, häkimiýetleriň rehimi inendir. Emma ondan öň, ýurtdan çykmak gadagançylygy aýrylyp, Dubaýa wiza alnandygyna garamazdan, ony ýurtdan goýbermändiler" diýip, çeşme aýdýar.
Çeşmäniň sözlerine görä, Enejan howa menzilinde uzak wagtlap saklanyp, Migrasiýa gullugy tarapyndan soraga çekilipdir.
"Meniň bilişime görä, uçaryň uçmagyna az wagt galanda, oňa rugsat berdiler. Oňa çenli ony soraga çekdiler" diýip, çeşme belleýär.
Türkmenabat şäheriniň kanun goraýjy edaralaryna ýakyn ýene bir çeşmäniň maglumatyna görä, Enejan daşary ýurda çykmazdan ozal, onuň erkek dogany ýerli MHM işgärleri tarapyndan yzarlanypdyr.
"Azatlyk Radiosynda ady agzalan soň, MHM Enejanyň we onuň maşgalasynyň Azatlyk Radiosy bilen arabaglanyşygynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin yzarlady" diýip, çeşme belleýär.
Birnäçe wagt mundan öň, Türkiýäniň raýaty Jihan Jengiz TikTok sosial ulgamynda, Türkmenistanyň prezidentine ýüzlenme görnüşinde wideo ýerleşdiripdi.
Jihan öz ýüzlenmesinde aýaly Abdullaýewa Enejan Jengiziň Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy tarapyndan daşary ýurda gitmek hukugynyň 5 ýyla çenli çäklendirilendigini aýdyp, bu çäklendirmäni aýyrmagy haýyş edip, Türkmenistanyň prezidentine ýüzlendi.
Jihan we Enejan 2018-nji ýylda durmuş gurýarlar. 2019-2022-nji ýyllar aralygynda COVID-19 pandemiýasy sebäpli halkara gatnawlary ýatyrylandan soň, Enejan Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşamaly bolýar. 2023-nji ýylda Enejan Türkmenistana dolanyp gelende, Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunynyň 30-njy maddasy esasynda, onuň daşary ýurda çykmak hukugy 5 ýyla çäklendirilýär.
2024-nji ýylyň dekabrynda Jihan "Migrant Media" taslamasyna ýüz tutup, öz sesiniň Türkmenistanyň prezidentine ýetirilmegini isledi. Ol Türkmenistanyň prezidenti sesini eşidip, maşgalanyň birleşmegine ýardam eder diýip umyt edýändigini aýtdy.
Jihan Jengiziň ýüzlenmesinden soň, Türkiýäniň ýene iki raýaty Azatlyk Radiosynyň "Migrant Media" proýektiniň üsti bilen Türkmenistanyň prezidentine ýüzlenmek islediler.
Şu ýylyň ýanwarynda wideo ýüzlenmesinde öz aýallarynyň Türkiýedäki maşgalalaryna gowuşmagyny soran Ýylmaz Özkanyň we Rüstem Arslanyň ýanýoldaşlary henizem Türkmenistanda galýar.
Türkmenistanyň raýatlary bolan iki zenan Maýsa Özkan we Dilfuza Arslan Türkmenistana daşary ýurt pasportynyň möhletini uzaltmak üçin baransoň, ýurtdan çykarylmandyr.
Ýylmaz Özkanyň aýaly Maýsa Özkan, häkimiýetleriň ünsüni çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň içinden YouTube kanalyna wideo ýerleşdirendigine garamazdan, häkimiýetler hiç hili reaksiýa bildirmändir.
Türkmenistanyň häkimiýetleriniň Türkiýäniň raýatlary bilen maşgala guran türkmen zenanlaryna ýurtdan çykmak gadagançylygyny girizmegine degişli ýagdaýlaryň ençemesi köpçülige mälim boldy.
2019-2022-nji ýyllar aralygynda COVID-19 pandemiýasy sebäpli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň netijesinde, Türkiýede müňlerçe türkmenistanly belli bir wagt aralygynda bikanun ýagdaýda ýaşamaly bolupdy. Şol döwür, türkmen häkimiýetleri öz raýatlaryny yzyna getirmek boýunça ýeterlik tagalla etmezlikde hem tankytlanypdy.
Soňky ýyllarda türkmen raýatlary pasportlaryny çalyşmak üçin Türkmenistana baranlarynda, türkmen häkimiýetleri pandemiýa döwründäki ýagdaýlara salgylanyp, olara ýurtdan çykmak gadagançylygyny girizýär. Türkmenistan öz raýatlaryna daşary ýurtlarda pasport bermeýär.
Türkmenistandan goýberilmedik raýatlaryň ýurduň degişli edaralaryna ýüz tutmak synanyşyklary seýrek oňyn netije berýär.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Türkiýäniň raýatlary türkmen aýallarynyň Türkmenistandan çykarylmazlygy bilen bagly ýagdaýa düşen başga-da 60-a golaý türk raýatynyň çözgüt gözleýändigini gürrüň berdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum