30 ýylan gowrak mundan ozal Sowet Soýuzy dargansoň, Günorta Kawkazda garşydaş goňşular Ermenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda bolan iki uruş onlarça müň adamyň ölmegine we ýüzlerçe müň adamyň öýsüz-öwzarsyz galmagyna sebäp boldy.
Indi olaryň ýolbaşçylary Azerbaýjanyň esasan etniki-ermeni ilatly Daglyk-Garabag sebitiniň üstündäki duşmançylygy bes etmegi maksat edinýän parahatçylyk şertnamasyna gol çekjek bolýarlar, Bakuw ony 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda çalasyn hüjüminden soň ermeni separatistlerinden yzyna alypdy.
"Bu beýanat, köpden bäri garaşylýan ikitaraplaýyn şertnamany baglaşmak we gol çekmek üçin hakyky pursatdygyny görkezýär" - diýip, Ýerewandaky garaşsyz analiz merkeziniň ýolbaşçysy Riçard Giragosian aýtdy.
Baku we Ýerewan geçen hepde taryhy parahatçylyk şertnamasynyň tekstini gutarandyklaryny habar berdiler, emma oňa ýolbaşçylaryň haçan gol çekjekdigi entek belli däl.
Bu şertnama ABŞ, Russiýa, Ýewropa Bileleşigi, Türkiýe we Eýran tarapyndan täsir ugrunda göreş gidýän sebitindäki surnukdyryjy çaknyşyklary bes etmek üçin möhüm mümkinçilik hökmünde seredilýär.
Ylalaşyga görä, iki goňşy resmi gatnaşyklary gurar, 1991-nji ýyldan bäri garşy çykýan Ýerewan Azerbaýjanyň Garabag üstündäki garaşsyzlygyny ykrar eder.
Konstitusiýa üýtgetmeleri
Habar berlişine görä, iki tarap Ermenistanyň konstitusiýasyndan 1991-nji ýylda girizilen Ýerewanyň sebitdäki territorial talabyna degişli garaşsyzlyk jarnamasyna salgylanmany aýyrmak baradaky möhüm meselede ylalaşypdyr.
Emma Ermeni konstitusiýasyna üýtgetme girizilmegi, şertnamanyň baglaşylmagyny gijikdirip biljek milli referendumy talap eder.
Giragosian, muňa garamazdan, soňky minutda hiç hili dawa-jenjel bolmasa, bu şertnamanyň "Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky diplomatik petiginden çykmaga mümkinçilik döredýändigini" öňe sürýär.
Konstitusiýa üýtgetmeleri geljek ýylyň iýun aýyndan öň amala aşyrylyp bilinmez, diýip ermeni bilermeni aýdýar.
Käbir analitikler bu meselä päsgelçilik hökmünde seredýärler. Azerbaýjanly syýasy analitik Rauf Mirgadirow meseläniň talap edýän wagt möhletiniň parahatçylyk şertnamasynyň ýakyn wagtda durmuşa geçirilmeginiň öňüni aljakdygyny aýtdy.
"Bu resminama territorial bitewiligiň özara ykrar edilmegini kepillendirmeýän bolsa, onuň nähili atlandyrylýandygyna garamazdan ol hakyky parahatçylyk şertnamasy bolmaýar" - diýip, Mirgadirow aýtdy.
Ol giňişleýin parahatçylyk şertnamasynyň “birek-biregiň territorial bitewiligini şertsiz ykrar etmegini talap edýändigini” belledi.
Halkara optimizmi
Ylalaşyk baradaky habarlar halkara derejesinde optimizm bilen garşylandy.
Waşington Bakuw bilen Ýerewany "taryhy parahatçylyk şertnamasy" boýunça gepleşikleri gutarandyklary üçin taryplady.
"Bu iki ýurt üçin-de prezident [Donald] Trumpyň has asuda dünýä garaýşyna laýyklykda onýyllyklaryň dowamynda ýüze çykan konfliktiň sahypasyny ýapmak üçin bir pursatdyr" - diýip, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 14-nji martda eden çykyşynda aýtdy.
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bu özgerişiň “Günorta Kawkazda dowamly parahatçylyga ýol açmalydygyny” aýtdy.
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antonio Kosta bu şertnamany “Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň doly kadalaşmagy we sebitiň açylmagy üçin aýgytly ädim” diýip atlandyrdy.
Ýerewanda we Bakuwda ýaşaýjylar ylalaşyk barada dürli duýgulary beýan etdiler, ynamsyzlyk we şübhe olaryň parahatçylyga we täze başlangyçlara bolan umytlaryna kölege salýar.
"Bu hiç zady üýtgetmez" diýip, adyny aýtmakdan saklanan ýerewanly adam, Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugyna aýtdy. "Her bir şertnama diňe kagyz ýüzündäki sözlerden başga zat däl? Näme üçin bu başgaça bolar?" diýip, ýerewanly adam aýtdy.
Ermenistanyň paýtagtynda adynyň tutulmazlygyny haýyş eden bir aýal: "Parahatçylyk bar bolsa, bu eýýäm halk üçin peýdaly bolar" - diýip, umyt bildirdi: "Uruş bolmaz. Has gowy bolar".
Bakuwdaky bir garry zenan şertnama arkaly dowamly parahatçylyk gazanylsa diýseň begenjekdigini aýtdy.
"Goý eneler gorkmasyn, çagalar gorkmasyn" - diýip, zenan Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugyna aýtdy.
Bakuwly bir adam azerbaýjanlylaryň Ermenistanyň parahatçylyk şertnamasyna ygrarlydygyna kän bir ynanmaýandygyny aýtdy.
"Gowy zatlara umyt edýäris, ýöne bu gaty kyn" - diýip bakuwly ýaşaýjy aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum