Sepleriň elýeterliligi

 
Ak tam onlarça ýurduň raýatlaryna ABŞ-a girmegi gadagan etmekçi bolýar, sanawda Türkmenistan hem bar – Reuters
Soňky habar

Ak tam onlarça ýurduň raýatlaryna ABŞ-a girmegi gadagan etmekçi bolýar, sanawda Türkmenistan hem bar – Reuters


Aşgabat Halkara howa menzili. Arhiw suraty. Türkmenistan
Aşgabat Halkara howa menzili. Arhiw suraty. Türkmenistan

Tramp administrasiýasy täze syýahat gadaganlygynyň çäklerinde onlarça ýurduň raýatyna wiza çäklendirmelerini girizmekçi bolýar diýip, Reuters habar agentligi ýagdaýdan habarly çeşmelere hem-de içerki bir gözükdirijä salgylanyp habar berýär.

Syýahat gadaganlygynyň girizilmegi meýilleşdirilýän ýurtlaryň sanawynda 41 ýurt, şol sanda Türkmenistan hem bar.

Maglumata görä, sanawdaky ýurtlar üç topara bölünýär. Birinji topardaky 10 döwlet, şol sanda Owganystan, Eýran, Siriýa, Demirgazyk Koreýa we Kuba raýatlarynyň Birleşen Ştatlara girmegi doly gadagan edilýär.

Ikinji topardaky döwletler, şol sanda Eritreýa, Mýanma, Haiti, Günorta Sudan we Laos bölekleýin syýahat gadaganlygy girizilen ýurtlar bolup, bulara garşy girizilen wiza çäklendirmeleri diňe syýahatçylyk wizalaryna, talyp wizalaryna, şeýle-de başga-da käbir immigrant wizalaryna täsir edýär.

Türkmenistan, Belarus we Pakistan ýaly başga-da 26 ýurt üçünji toparda bolup, eger degişli hökümetler “60 günüň dowamynda bar bolan meseleleri aradan aýyrmak ugrunda tagalla etmeseler”, bular hem ABŞ wizalarynyň berilmeginiň bölekleýin ýatytyljak ýurtlarynyň hatarynda hasaplanyp bilerlerler diýip, Reuters habar berýär.

Anonimlik şertlerinde gürrüňdeş bolan ABŞ resmisi bu sanawa üýtgetmeleriň girizilip bilinjekdigini, hem-de sanawyň heniz administrasiýa tarapyndan tassyklanylmandygyny aýtdy.

Biraz öň, The New York Times (NYT) neşiri prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň käbir ýurtlaryň raýatlaryna garşy syýahat gadaganlygyny girizip biljekdigini habar beripdi. Bu sanawda Türkmenistan ikinji topardaky döwletleriň sanawynda agzalypdy.

Türkmenistan onsuz hem öz raýatlarynyň daşary ýurt saparlaryny mümkin boldugyndan çäklendirmäge synanyşmakda tanalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG