Soňky birnäçe aý bäri adamlaryň köp sanly üýşmeleňi Tbilisiniň, Budapeştiň, Buharestiň we Belgradyň köçelerine çykýar.
Azatlyk Radiosynyň gürji, wenger, rumyn we balkan gulluklary demonstrasiýalar we muňa itergi berýän sebäpleriň kökleri barada habar berýärler.
Gürjüstan
Gürjüstanda, protestler geçen ýylyň oktýabr aýynda häkimiýetdäki “Gürji arzuwy” partiýasynyň parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanandygy yglan edileninden soň başlandy. Halkara gözegçileri saýlawlara ses satyn almak, iki gezek ses bermek, fiziki zorluk we gorkuzmak ýaly bidüzgünçilikleriň kölege salandygyny aýtdylar.
Şol wakadan bäri ýurtda her gün protestler geçirilýär.
Protestçileriň sany birnäçe ýüz adamdan müňlerçe adama çenli ýetýär. Olar häzire çenli hökümeti goldaýan döwlet telewideniýesini, kazyýet we hökümet binalaryny nyşana aldylar.
Howpsuzlyk güýçleri parahatçylykly ýygnanyşyklara rehimsiz zorluklar we köpçülikleýin tussag edilmeler bilen jogap berdiler, we bu ýagdaýlar ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ýazgaryldy.
Hökümet ýakynda repressiýalary hasam agyrlaşdyrýan kanunlary berkitdi. Mysal üçin, köçäni petiklemek üçin salynýan jerimeleriň möçberi on esse artdyryldy.
Häkimiýetler, ýüz tanamak ukyby bolan Hytaýda öndürilen kameralary ulanyp, protestlere gatnaşyjylara gözegçilik edýärler.
Wengriýa
15-nji martda 50 müňden gowrak adam oppozisiýa "Tisza" partiýasyny goldamak üçin Budapeştiň köçelerine çykdy.
"Tisza" partiýasyna premýer-ministr Wiktor Orbanyň öňki ýarany Piter Magýar ýolbaşçylyk edýär. Ol 2024-nji ýylyň fewral aýynda döwlet kärhanalaryndaky we bankdaky ýokary wezipelerinden çekilenden soň, halk arasynda meşhurlyga eýe boldy.
43 ýaşyndaky Magýar Orbanyň döwründe korrupsiýa we garyndaşparazlyga garşy göreşmek üçin syýasata girendigini aýtdy we tiz wagtda "Tiszanyň" lideri boldy.
Şol döwürde "Tisza" kiçijik oppozisiýa partiýasydy. Ýöne Magýaryň ýolbaşçylygynda bu partiýa 2024-nji ýylyň iýunynda Ýewropa parlament saýlawlarynda 30% -e golaý ses alyp, ikinji ýeri eýeledi.
Partiýa bolan goldawyň artmagy dowam etdi we Magýar indiki ýyl geçiriljek parlament saýlawlarynda Orbana garşy çykar.
Rumyniýa
Geçen ýylyň noýabr aýynda geçirilen prezident saýlawlaryndan bäri Rumyniýada syýasy dartgynlylyk sarsýar.
Milletçi-populist Kalin Georgesku, saýlaw kampaniýasynda hiç zat sarp etmändigine garamazdan, saýlawlaryň birinji tapgyrynda iki million ses alyp, öňdebaryjy kandidat hökmünde öňe saýlandy.
Rumyniýanyň häkimiýetleri, Russiýanyň saýlaw kampaniýasyna gatyşmagy baradaky aýyplamalar sebäpli bu netijeleri ýatyrdy.
Russiýa, NATO-ny ýiti tankytlaýan we Ukraina dowam edýän goldawa garşy çykýan Georgeskuny goldaýandygyny ret edýär.
ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wans fewral aýynda Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda saýlawy ýatyrmak baradaky karary tankytlanda Georgeskunyň tarapdarlary güýçlendi.
Georgeskunyň maý aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän täze prezident saýlawlaryna gatnaşmagyny gadagan edýän karar yglan edilenden soň, onuň tarapdarlary bilen polisiýanyň arasynda güýçli çaknyşyk boldy.
Serbiýa
Geçen ýylyň noýabr aýynda Serbiýanyň Nowi Sad sebitinde demir ýol menziliniň üçegi weýran bolandan soň, ýurtda talyplaryň ýolbaşçylygyndaky köpçülikleýin protestler birnäçe aý bäri dowam edýär.
15-nji martda protestleriň iň ulusy boldy we takmynan 300 müň adam Belgradyň köçelerine çykdy.
Talyplar korrupsiýa amallarynyň demir ýol menzilinde ýaramaz gurluşyga sebäp bolandygy baradaky habarlaryň arasynda jogapkärçiligi we adalaty talap edýärler. Şol wakada 15 adam öldi.
Protestler has giň gerimli nägileligi döredensoň, premýer-ministr Milos Wuçewiç ýanwar aýynda eýeleýän wezipesinden çekildi.
Häzir prezident Aleksandar Wuçiç hem, irki prezident saýlawlarynyň geçirilmegine sebäp bolup biljek resmi prosedura başlady.
Bu aralykda, Wuçiçiň garşydaşlary ony tussag etmek we töhmet atmak kampaniýalary arkaly talyplara, raýat jemgyýetine we oppozisiýa basyşyny artdyrmakda aýyplaýarlar.
Has köp protestleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.