Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen dilinde alynma sözler nähili millileşdirilýär? (2-nji bölüm)


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sanynda türkmen diliniň käbir häzirki zaman meseleleri, şol sanda daşary ýurt dillerinden alynýan alynma sözleriň millileşdirilmegi, olara ýerli öwüşginiň çaýylmagy ýaly temalar boýunça Pragada ýaşaýan türkmen dilçisi, ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally bilen geçiren söhbetdeşligimiziň ikinji bölegini diňleýjilerimiziň dykgatyna ýetirýäris.

Ýatlasak, bu tema biziň gepleşigimizde goňşy Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynda bolup geçen bir täzelikden soňra gozgaldy. Bu akademiýanyň Özbek dili, edebiýaty we halk döredijiligi institutynyň alymlary ýaňy-ýakynda daşary ýurt dillerinden alnan alynma sözleri olaryň milli ekiwalentleri bilen çalyşmak boýunça teklip hödürledi.

Şu habardan ugur alyp, geçen hepde girişen söhbetdeşligimizde türkmen dilçisi Hudaýberdi Hally şeýle tagallalaryň onlarça ýyl bäri Türkmenistanda hem alnyp barylýandygyny, ýöne kä halatlarda bir daşary ýurt dilinden alnan alynma sözüň beýleki bir daşary ýurt dilindäki söz bilen çalşyrylýandygyny gürrüň berdi. Ýazyjy şeýle synanyşyklaryň kä şowly, kä şowsuz alnyp barylýandygyny aýtdy: käbir sözler hakykatdan-da jüpüne düşýär, beýleki sözler kän bir halkyň diline siňip barmaýar.

Eýsem, alynma sözleri millileşdirmek, köne düşünjelerden halas bolmak ýaly synanyşyklar nähili netije berýär, şeýle işler näme üçin zerur, umuman zerurmy, öňden bäri dolanyşykda bolan sözler we pikirler millileşdirilende, ýerlileşdirilende nähili ýol saýlanmaly?

Dünýä Türkmenleri programmamyz şeýle soraglaryň töwereginde türkmen dilçisi, ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirdi. Gepleşigi aşakdaky düwmeden diňläp bilersiňiz!

Diňle: Türkmen dilinde alynma sözler nähili millileşdirilýär? (2-nji bölüm)
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG