Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetleriň daň garaňkyda satuwa çykarýan çöregi adamlaryň 60%-ne ýetýär


Döwlet dükanlarynyň ilata satýan buhanka çöregi.
Döwlet dükanlarynyň ilata satýan buhanka çöregi.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti un we çörek gytçylygynyň arasynda Aşgabadyň häkimiýetleri adamlaryň uzyn nobatlaryny gizlemek maksady bilen, çöregi daňdan garaňkyda satuwa çykarýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 27-nji oktýabrda paýtagtdan maglumat berdi.

Habarçylarymyzyň iberen wideolarynda paýtagtyň döwlete degişli dükanlarynyň birnäçesiniň öňünde daň säheriniň çigrek howasynda, garaňkyda onlarça adamyň, şol sanda ejeleri bilen baran ýaş çagalaryň nobata durandygyny görse bolýar.

Bazarlarda çöregiň bahasy 10-25 manat aralygynda bahalanýan mahaly, 1-2 manatdan çörek satyn almak isleýän bu adamlar dükan açylan dessine oňa tarap ylgaýarlar. Wideoda adamlaryň biri-birinden öňürti çörek satyn almaga çalyşýandygyny synlasa bolýar. Şeýle-de, onda nobaty ýeten adamlaryň her biriniň plastik haltalarda üç sany buhanka çöregini alyp gidýän pursadyny görse bolýar.

Azatlyk howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli redaksiýamyza gelip gowşan wideolary çap etmekden, olaryň haçan we nirede düşürilendigini aýan etmekden saklanýar.

Habarçymyzyň sözlerine görä, ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli dükanlara çörek bir gün öň, dürli wagtda getirilýär. Emma ol getirilen wagty gyzgyny bilen satylman, ertiri irden ähli dükanlarda bir wagtda satuwa çykarylýar.

Adamlar çörek satyn almak umydy bilen, daňdan sagat 5:00-da dükanlaryň öňünde nobata durup başlaýarlar. Her dükanyň öňünde 100-e golaý adam nobata durýar. Ýöne çäkli möçberde satuwa çykarylýan çörek nobatdaky adamlaryň takmynan 60%-ne ýetýär.

Çörek 5:30-da satuwa çykarylyp, sagat 6 bolmanka satylyp gutarýar. Her bir adama üç sany buhanka çöregi 2 manada satylýar.

"Soňky günlerde çörek ýetmezçiligi nobata duran adamlaryň arasynda uruş-dawalaryň döremegine hem sebäp bolýar. Köp wagt bäri dükanlara un paýoklary hem gelmeýär" diýip, çörek satyn almaga baran aşgabatly ýaşaýjy şaýat bolýan ýagdaýlaryny anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanda soňky birnäçe ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda ýurduň ähli künjegindäki döwlet dükanlarynda azyk, şol sanda çörek we un gytçylygy emele geldi. Bu gytçylyk soňky iki ýylyň dowamynda has-da ýitileşdi.

Soňky aýlarda häkimiýetler döwlete degişli çörek dükanlaryna we tamdyrçylara gözegçiligi artdyrmak arkaly, bu gytçylygyň "öňüni almaga synanyşýar".

Häkimiýetleriň bu çärelerine garamazdan, habarçylarymyz döwlet dükanlarynda un we çörek üpjünçiliginiň kadaly ýola goýulmaýandygyny habar berýärler.

Döwlet plan borçnamasy boýunça ýüzlerçe müň gektar meýdanda bugdaý ösdürip ýetişdirýän Türkmenistanyň häkimiýetleri her ýyl galla hasylynyň dolandygyny we azyk howpsuzlygynyň 'üpjün edilendigini" yglan edýär.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçymyz subsidirilenen azyk önümleriniň hatarynda towuk ýumurtgasynyň tas ýarym ýyldan soňra ilkinji sapar satylandygyny, ýöne onuň hiliniň pesdigini habar berdi.

"Bir kilogram şekeriň, bir sany ösümlik ýagynyň, iki sany towuk budunyň ýany bilen her hojalyga 10 sany ýumurtgany 10 manada satdylar. Ýöne bu ýumurtgalaryň köpüsi döwük we hili pes" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy 27-nji oktýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG