Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan "Talybanyň” wekilleri bilen duşuşyp, “ikitaraplaýyn gatnaşyklary” maslahat etdi


 "Talybanyň" syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradar (ortada) Moskwada parahatçylyk konferensiýasyna gatnaşýar. Mart, 2021 ý.
"Talybanyň" syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradar (ortada) Moskwada parahatçylyk konferensiýasyna gatnaşýar. Mart, 2021 ý.

Türkmen Daşary işler ministrliginiň resmileri Katarda "Talyban" hereketiniň syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradar bilen duşuşdylar. 11-nji awgustdaky gepleşikler Owganystanda “Talyban” jeňçileriniň barha köp sebitleri, şol sanda ýurduň demirgazygyndaky Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän etraplaryny öz gözegçiligine geçirmeginiň, şeýle-de owgan hökümetiniň synyp biljekdigi baradaky howatyrlanmalarynyň arasynda geçirildi. Türkmen hökümeti soňky aýlaryň dowamynda “Talyban” bilen geçirilen azyndan üçünji duşuşyk barada hiç zat habar bermedi. Ýöne gepleşikler baradaky maglumatlary "Talybanyň" sözçüsi Azatlyk Radiosyna tassyklady.

“Molla Abdul Gani Baradar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmileri, şeýle-de Özbegistanyň prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen gepleşik geçirdi. Onuň dowamynda regiondaky möhüm meseleler, Owganystandaky ýagdaýlar barada gürrüň edildi” diýip, “Talybanyñ” metbugat wekili Zabyhulla Mujahit 12-nji awgustda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ol türkmen baş diplomatynyň orunbasary Wepa Hajyýew bilen gepleşikleriň dowamynda, “iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek mümkinçilikleriniň” hem maslahat edilendigini sözüne goşdy.

“Gepleşiklerde owgan raýatlarynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapar etmegine mümkinçilikleriň döredilmegi, serhet nokatlarynyň üsti bilen Owganystana dürli önümleriň, şol sanda harytlaryň we suwuklandyrylan gazyň möçberini artdyrmak barada gürrüň edildi. Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklara hem aýratyn üns berildi” diýip, Zabyhulla Mujahit belledi.

Görnüşine görä, gepleşikleriň dowamynda resmi Aşgabadyň jeňçi topary bilen iki goňşy ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahat etmegi, türkmen häkimiýetleriniň “Talybany” Owganystanda kanuny häkimiýet hökmünde ykrar edýändigine yşarat edýär.

Galyberse-de, 11-nji awgustda “Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň wekili Suhail Şahin özüniň Twitter hasabynda türkmen tarapy bilen geçirilen gepleşikler barada maglumat berip, olaryň dowamynda “ikitaraplaýyn gatnaşyklar, serhet meseleleri, ykdysady proýektler, şol sanda Türkmenistanyň Owganystandaky diplomatiki wekilhanalarynyň howpsuzlygy meseleleriniň üns merkezinde bolandygyny” aýtdy.

Mundan başga-da, Şahiniň sözlerine görä, “Talyban” goňşy ýurduň Owganystandaky diplomatiki merkezleriniň we ykdysady proýektleriniň howpsuzlygy boýunça ynandyryp, iki ýurduň arasyndaky “dostlukly” diýip häsiýetlendiren gatnaşyklarynyň geljekde has hem ilerlejekdigine umyt bildiripdir.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we resmi habar serişdeleri bu duşuşyk, şeýle-de resmi Aşgabadyň jeňçi topary bilen – “Talybanyň” wekiliniň sözlerine görä – bardygy aýdylýan “dostlukly gatnaşyklary” barada hiç hili maglumat bermedi. Azatlyk Radiosynyň dowamly synanyşyklaryna garamazdan, bu barada ýurduň daşary syýasat edarasyndan komentariýa almak hem başartmady.

Şol bir wagtda, sebitdäki ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýan käbir bilermenler, “Talyban” jeňçileriniň berýän wadalaryna şübheli garaýarlar. Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Brýus Panniýer jeňçi toparynyň sözlerine bil baglap bolmaýandygyny belläp, şol bir wagtda olaryň häzire çenli goňşy döwletleriň hasabyna serhet araçäklerini giňeltmek baradaky ymtylmalarynyň bolmandygyny belledi.

“Eger-de [‘Talyban’] goňşy döwletleriň serhetlerine hüjüm etse, munuň uly netijeleri bolar. Türkmenistany bilmedim, emma Täjigistan we Özbegistan dessine ozal baglaşylan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn goranmak ylalaşyklaryny işe girizer. Aslynda, bu ýagdaýlarda Türkmenistan hem gyrada galyp bilmez. Eger-de owgan tarapyndan Türkmenistana hüjüm edilse, onda ilkinji nobatda Russiýa kömege geler. Elbetde, bu ýagdaýlarda Türkmenistan bilen 'Talybanyň' arasyndaky bar diýilýän dostlukdan hiç zat galmaz” diýip, Panniýer belledi.

Panniýer “Talybanyň” ozalky häkimiýeti döwründe jeňçileriň esasan bikanun neşe serişdeleriniň söwdasyndan gelýän girdejilere bil baglandygyny, eger-de olar öňki tejribä eýerip, narkotik jisimlerini Merkezi Aziýa ýurtlaryna, hususanda Türkmenistana aşyrjak ýa-da üstünden tranzit geçirjek bolsa, onda “dostlukly” diýilýän gatnaşyklaryň ýene üýtgejekdigini aýtdy.

“Bu ýagdaýlarda türkmen hökümetinde ‘Talybanyň’ wadalaryna nä derejede bil baglap boljakdygy barada şübheler dörär. Garaz, umuman aýdylanda, ‘Talybana’ ynam edip bolmaýar. Olar juda köp wada berýärler. Häzir olar ýurduň içini doly öz gözegçiligine geçirmek ugrunda tagalla edýärler we olara garşy çykýanlara daşardan hemaýatyň berilmeginiň öňüni aljak bolýarlar. Munuň üçin, olar islendik howpsuzlyk wadalaryny bererler. Emma 'Talyban' häkimiýeti ele geçirse, jeňçileriň häzirki sözleri soňraky hereketlerinden düýpgöter tapawutly bolup biler” diýip, Panniýer sözüne goşdy.

Ýene bir bellemeli ýagdaý, “Talybanyň” mundan ozalky, ýagny türkmen tarapynyň çakylygy esasynda 10-njy iýulda Aşgabada eden sapary boýunça Owganystanyň Daşary işler ministrligi ýörite beýanat ýaýradypdy.

Onda Owganystanyň resmi daşary syýasat edarasy bu gepleşikleriň “Talyban” jeňçileriniň soňky aýlaryň dowamynda azyndan 3 müň 500 adamy öldürmeginiň we hüjümleri sebäpli 200 müňden hem aşa adamy öýlerini terk etmäge mejbur etmeginiň, şeýle-de onlarça etrapda jemgyýetçilik durmuşuny we kadasyny bozmagynyň arasynda geçirilendigini belläpdi.

Şeýle-de, Daşary işler ministrligiň 12-nji iýulda ýaýradan beýanatynda bu hili tagallalaryň Owgan hökümeti bilen gönümel konsultasiýalardan soň amal edilmegine garaşylýandygy nygtalypdy.

Azatlyk “Talyban” wekilleriniň türkmen resmileri bilen geçiren soňky duşuşygy boýunça Owganystanyň Daşary işler ministrligi bilen habarlaşanda, edaranyň wekili bu boýunça reaksiýa bildirmekden saklandy.

Ýatlatsak, "Talybanyň" wekiliýeti şu ýylyň fewralynda hem türkmen hökümetiniň çakylygy esasynda Aşgabada gelipdi.

"Talyban" hereketiniň ýolbaşçylary bilen gepleşikler owgan-türkmen serhedinde ýagdaýyň agyrlaşýan, şol sanda Owganystanda “Talyban” jeňçileriniň barha köp sebitleri - ýurduň demirgazygyndaky Merkezi Aziýa, ýagny Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan bilen serhetleşýän etraplaryny - öz gözegçiligine geçirýän mahalyna gabat gelýär.

Azatlygyň ýagdaýlardan habarly çeşmeleri türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlaryň ‘howsalalydygyny' belläp, ýurduň harby bölümlerinden owgan serhedine goşmaça güýçleriň iberilendigini aýdýarlar.

Owganystan bilen serhet araçägi bolan beýleki Merkezi Aziýa döwletleri, ýagny Özbegistan we Täjigistan 10-njy awgustda Russiýa bilen owgan serhediniň golaýyndaky bilelikdäki harby türgenleşikleri tamamladylar. Oňa 2 müň 500 töweregi rus, täjik we özbek gullukçylary gatnaşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG