Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-owgan serhedinde howpsuzlyk ýaramazlaşýan mahaly, häkimiýetler ilat arasynda watançylyk wagyzlaryny güýçlendirýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda bir köpçülik çäresi.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda bir köpçülik çäresi.

Türkmen-owgan serhediniň owgan ýakasynda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşmagynyň fonunda Türkmenistanda häkimiýetler ilat arasynda watançylyk wagyzlaryny güýçlendirýär. Mary we Lebap welaýatlarynda häkimiýet wekilleri ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşyklar geçirip, watansöýüjilik barada wagyz işlerini guramalaşdyrýarlar. Ýygnaklarda watany söýmek, oňa buýsanmak, watana wepaly bolmak barada gürrüň edilýär. “Biziň ýurdumyzda uruş ýok, asmanymyz arassa, ýöne uruş bolan ýagdaýynda hem türkmen halky mertdir” diýilýär. Bu aralykda, häkimiýetler Owganystan bilen serhet ýakada ýerleşýän Serhetabat (öňki Guşgy) etrabyna goşmaça harby we lukman iberýär, serhetde howpsuzlygy güýçlendirýär.

Türkmen resmileriniň geçirýän ýygnaklary Owganystanda “Talybanyň” owgan hökümet güýçlerine garşy hüjümlerini güýçlendirip, ýurduň Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän ençeme demirgazyk etraplarynda gözegçiligi ele geçirýän wagtlaryna gabat gelýär.

Şeýle ýygnaklaryň biri 8-nji iýulda gijöýlän, iş wagtyndan soň Marynyň Marguş köçesinde ýerleşýän jemagat hojalygy müdirliginiň edara jaýynda jemagat gullugynyň işgärleri bilen geçirildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri häkimiýetleriň güýçlendirýän watançylyk wagyzlary we serhetde howpsuzlygyň güýçlendirilmegi barada habar berýärler.

“Ýurdumyz abat, asmanymyz dury, halkyň ýüzünde nur bar. Şular ýaly türkmen döwletimizde ata watanymyza wepaly bolup, zähmet çekýändigiňize begenýäris” diýip, ýygnakda çykyş eden häkimiýet wekili ýygnananlara ýüzlendi.

“Biziň ýurdumyzda uruş ýok. Uruş bolsa-da türkmen mertdir” diýip, bir jemagat gullugynyň işgäri häkimiýet wekiliniň sözlerini sitirleýär.

Ýöne gullugyň işgärleri işden soň geçirilip, bir sagat töweregi dowam eden ýygnaga hoşallyk beýan etmeýärler.

“Adamlar onsuz hem ýadaw. Her kim sag-aman öýüne ýetmek isleýär. Bular işden soň däl-de, iş wagty wagyz eden bolsalar, ýa-da aýlyklarymyzy köpelden bolsalar, gowy bolardy. Boş gürrüň bilen çagalarymyzy doýurjak bolýarlarmy?” diýip, bir býujet işgäri aýdýar.

“Biz irden sagat 7-de işe başlaýarys. Uzak gün Günüň aşagynda ýol syrýarys, gül ekýäris, ýer depýäris, ot çapýarys, nirede agyr iş bolsa biz edýäris. Işden agşam sagat 7-de boşap, zordan öýümize ýetýäris. Bize bular ýaly gürrüňler, wagyzlar gaty artykmaç” diýip, bir aýal işçi aýdýar.

“Öýe zordan ýetip, çagalarymyz bilen çörek iýip, agzymyzda çörek bilen uklap galýarys” diýip, ol sözüne goşýar.

Häkimiýetleriň ýurduň gündogar sebitlerinde güýçlendirýän watançylyk wagyzlary Owganystanda “Talyban” jeňçileriniň Türkmenistan bilen serhetleşýän owgan etraplaryna aralaşýandyklary barada habarlaryň gowuşýan wagtyna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyndaky bir ygtybarly harby çeşmä salgylanyp, owgan raýatlarynyň Türkmenistanyň çägine bosup, gaçybatalga almaga synanyşandygyny, ýöne bu ýagdaýyň öňüniň alynandygyny habar berýär.

“Häzir serhetde ‘howsala’ režimi dowam edýär” diýip, harby çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap sebitinde hem häkimiýetleriň ilat bilen düşündiriş ýygnaklaryny geçirýändiklerini habar berýär. Ýöne Maryda geçirilýän ýygnaklardan tapawutlylykda, Lebapda häkimiýet wekilleri ilaty daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berilýän habarlary yzarlamazlyga çagyrýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar beriş serişdeleri Owganystanda ýaramazlaşýan howpsuzlyk şertleri barada habar bermeýärler.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirýärler, şeýle-de olar şu wagta çenli sebitde VPN petikleme çäreleriniň birnäçe tapgyryny geçiripdirler.

Häkimiýetler erkin maglumat akymynyň öňüni almaga synanyşyp, adamlary ‘artykmaç’ geplemezlige, Internetden habar yzarlamazlyga çagyrýarlar.

Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetler ýaşuly nesli ýaşlara garşy mobilizleýär, olary ýaşlaryň arasynda öwüt-nesihat işlerini geçirmäge çagyrýarlar.

“Ýygnaga mugallym daýym hem gatnaşdy. Düýn (8-nji iýulda) MHM uly ýaşly mugallymlara we ak sakgal ýaşulylara daşary ýurt habarlaryny diňlemezlik barada ýaşlaryň arasynda öwüt-nesihat işlerini geçirmegi tabşyrdy” diýip, bir lebap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Galyberse-de, häkimiýetler saglyk işgärlerine keselhanada bejergi alýan adamlar barada, ölümler barada we ýokanç keselli adamlar barada hem-de zorlukly jenaýatlaryň pidalary barada hiç ýerde dil ýarmazlygy tabşyrýarlar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, häkimiýetler şeýle maglumatlara, galyberse-de arhiw, statistika we notariat maglumatlaryna “döwlet syry” hökmünde çemeleşilmegini tabşyrýar.

“Islendik maglumat Internete syzyp çyksa, işden giderler” diýip, häkimiýet wekili ýerli ýaşaýjylar bilen geçirilen gürrüňdeşlikde aýdypdyr.

Bu aralykda, turkmen.news neşiri Serhetabatdaky çeşmelerine salgylanyp, 8-nji iýulda gije sagat 11 töwereklerinde serhediň owgan tarapyndan ok atyşyk sesleriniň eşidilendigini habar berdi. Neşir atyşyk sesleriniň Türkmenistan bilen serhetleşýän Turgundy owgan posýologyndan eşidilendigini habar berdi.

Azatlyk Radiosy öz çeşmeleriniň üsti bilen atyşyk sesleri baradaky habarlary tassyklap bilmedi. Ýöne Azatlygyň çeşmeleri türkmen häkimiýetleriniň owgan serhedini güýçlendirmek tagallalarynyň birnäçe aý bäri dowam edýändigini aýdýarlar.

“Serhet birnäçe aý bäri güýçlendirilýär. Serhedi kesip geçýän adamlar yzyna ugradylýar. Maňa aýdylmagyna görä, ol ýere [goşmaça] esgerler we lukmanlar ugradylýar. Polisiýa işgärlerinden hem Serhetabada ugradylýanlar bar. Kim işde kemçilik goýberse, 22 gün möhlet bilen Serhetabada komandirowka, iş saparyna ugradylýar” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

“Käbir adamlar öz arzalary bilen işden boşamak isleýär, ýöne olary boşatmaýarlar” diýip, çeşme aýtdy.

Şeýle-de, çeşmäniň maglumatlaryna görä, medisina işgärleri 15-20 gün möhlet bilen serhet ýakasyna iş saparyna ugradylýar. Serhetabada ugradylmaly saglyk işgärleriniň ýörite sanawy düzülipdir. Olara iş saparynda bolan her bir güni üçin goşmaça 20 manat töleg tölenilýär.

“Olar keselhanada ýatyp-turmaly, ýa-da ýaşaýyş jaýlaryny özleri tapmaly. Iýgi-içgi hem öz hasaplaryna” diýip, çeşme aýtdy.

Ygtybarly çeşme 9-njy iýulda günüň birinji ýarymynda beren goşmaça maglumatynda Mary 1 we Mary 2 harby birikmelerinden türkmen-owgan serhedine harby serkerdeleriň, harby uçarlaryň hem-de harby dikuçarlaryň iberilendigini habar berdi.

Galyberse-de, onuň maglumatlaryna görä, ýurduň beýleki künjeklerinden çagyryş boýunça harby gullukçylar türkmen-owgan serhedine ugradylýar.

“Diňe Mary, Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlaryndan esgerler serhede ugradylýar. Ahal we Aşgabatdan ugradylmaýar. Munuň sebäbini bilmedim, ýöne köpler bu ýagdaýy ara alyp maslahatlaşýar” diýip, çeşme aýtdy.

Türkmenistanyň raýatlaryndan öz ýaşaýan sebitlerinde däl, köplenç başga welaýatlarda harby gulluk borjuny ýerine ýetirmek talap edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG