Resmi metbugatyň Türkmenistanda işjeň gender syýasatynyň alnyp barylýandygy baradaky habarlaryndan tapawutlylykda, ýurtda aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasyny almak ýa-da onuň möhletini uzaltmak bilen bagly kynçylyklary dowam edýär.
Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy anna güni, has takygy 16-njy oktýabrda 100 töweregi aýalyň Türkmenabat şäherindäki welaýat häkimliginiň öňüne üýşüp, protest çäresini geçirendigini habar berýär.
"Bu aýal-gyzlar özleriniň sürüjilik şahadatnamalarynyň täzelenip berilmeýändigine nägilelik bildirdiler. Olar häkimiýetlerden şahadatnamalarynyň möhletiniň uzaldylyp berilmegini talap etdiler" diýip, proteste gatnaşan aýal-gyzlaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy 20-nji oktýabrda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, protest çäresiniň geçirilýän ýerine baran welaýatyň zenanlar bileleşiginiň başlygy we welaýat polisiýasynyň resmileri aýallara sürüjilik şahadatnamalarynyň bir hepdäniň dowamynda täzelenip beriljekdigini wada berdiler.
Farap, Çärjew, Saýat etraplarynyň we Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary bolan bu aýal-gyzlaryň aýtmagyna görä, ýerli ýol polisiýa edaralarynyň işgärleri şahadatnamalaryň möhletiniň uzaldylyp berilmegi üçin olardan 5000 amerikan dollary möçberinde para sorapdyrlar.
"Eger $5000 bolsa, biz daşary döwletleriň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girerdik. Aýallar ýolda hiç hili kanun bozmasa-da, olaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýarlar. Bu döwletde gender deňliginiň ýokudygyna şaýat edýär. Berdimuhamedow ýurtda gender deňligi bar diýip, dünýäni aldamak üçin ýokary wezipelere aýallary belleýar. Ýöne hakykatda Türkmenistanda aýallaryň hukuklary her minutda depelenýär" diýip, lebaply aýallaryň biri gizlinlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň bu aýdylanlar barada Lebap welaýat häkimliginden we ýerli polisiýa müdirliklerinden goşmaça maglumat almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.
Türkmenistanda dürli bahanalaryň esasynda, aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň ellerinden alynmagy we soňra yzyna berilmezligi, şeýle-de möhleti dolan sürüjilik şahadatnamalarynyň täzelenip berilmezligi bilen bagly kösençlikler indi iki ýyl çemesi wagt bäri dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we türkmenistanlylar yzygiderli habar berýärler.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly zenanlar resminamalaryny kabul eden, emma täze sürüjilik şahadatnamalaryny bermeýän polisiýa işgärleriniň munuň sebäbini asla düşündirmeýändigini ýa-da ýokardan berlen tabşyryga salgylanýandygyny gürrüň berdiler.
Şu aýyň başynda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy sürüjilik şahadatnamalarynyň yzyna berilmegini talap edip, dürli döwlet edaralaryna arza ýazan aýal-gyzlaryň etrap polisiýa müdirliklerine çagyrylýandygyny habar berdi.
Şonda habarçy aýal-gyzlara işinden kowulmak barada haýbat atylyp, olardan indi döwlet edaralaryna barmajakdyklary we arz-şikaýat etmejekdikleri barada dil haty alynýandygyny hem aýtdy.
Türkmenistanyň Konstitusion kanunyň 29-njy maddasynda "Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr" diýilýär. Bu maddada deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagynyň kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýändigi hem aýdylýar.
Şeýle-de, Türkmenistanda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklydygyna ýurduň "Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakyndaky" kanunynda hem kepil geçilýär.
Muňa garamazdan, ýurtda zenanlara garşy syýahat, daşky keşp, şol sanda egin-eşik we kosmetika serişdeleri hem-de awtoulag sürmek ýaly ençeme çäklendirmeleriň girizilendigi barada maglumatlar bar.
Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary ne tassyklaýarlar, ne-de inkär edýärler. Bu barada döwlet media serişdeleri hem mesele gozgaman, muňa derek "ýurtda alnyp barylýan işjeň gender syýasatynyň" aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna deň hukukly gatnaşmagyny kepillendirýändigini tekrarlayarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.