Aşgabat şäherinde sürüjilik şahadatnamalarynyň yzyna berilmegini talap edip, dürli döwlet edaralaryna arza ýazan aýal-gyzlar etrap polisiýa müdirliklerine çagyrylýar. Olardan indi döwlet edaralaryna barmajakdyklary we arz-şikaýat etmejekdikleri barada dil haty ýazmak talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.
“Soňky hepdelerde dürli bahanalar esasynda sürüjilik şahadatnamasy elinden alnan ýa-da onuň möhleti uzaldylyp berilmeýän aýal-gyzlaryň ençemesi dürli döwlet edaralaryna, şol sanda Çoganlydaky Aşgabat ýol gözegçilik müdirligine arza ýazyp, sürüjilik şahadatnamalarynyň berilmegini talap etdi. Häzirki wagt şol aýallary ýaşaýan ýerine, pasportda hasaba duran ýerine görä, etrap polisiýa müdirlikleriniň jenaýat derňew bölümlerine çagyrýarlar we olardan dil haty ýazmagy talap edýärler” diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 2-nji oktýabrda gürrüň berdi.
Dil haty ýazmaga mejbur edilen aýal sürüjileriň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçynyň tassyklamagyna görä, olara ýörite resmi çakylyk iberilmän, ählisi telefon arkaly polisiýa müdirliklerine çagyrylypdyr.
“Dil hatyň mazmunynda “aýal-gyzlar sürüjilik şahadatnamasy meselesi boýunça hiç bir edara arz-şikaýat bilen ýüzlenmejekdiklerini we ýol gözegçilik bölüminiň özlerini çagyrmagyna garaşjakdyklaryny” wada berýärler” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Bagtyýarlyk etrap polisiýa müdirligine çagyrylan azyndan bäş aýal-gyz şeýle mazmunda dil haty ýazmagy ret edip, özleriniň sürüjilik şahadatnamalary yzyna berilýänçä, döwlet edaralaryna arz-şikaýat etmegi dowam etdirjekdigi barada dil haty ýazýar.
“Etrap polisiýasynyň işgärleri bu mazmunda dil haty ýazan aýal-gyzlara haýbat atyp, olaryň iş ýerlerine ýörite hat iberiljekdigini we işden çykaryljakdygyny aýdýarlar. Şondan soň olar aýal-gyzlardan özleriniň aýdyşy ýaly dil haty ýazmagy talap etdiler” diýip, habarçy belledi.
Azatlyk Radiosy beýan edilen bu ýagdaýlar boýunça Aşgabat şäher we etrap häkimliklerinden, şeýle-de polisiýa müdirliklerinden kommentariý alyp bilmedi.
Belläp geçsek, ýakynda “Turkmen.news” neşiri hem, 19-njy sentýabrda sürüjilik şahadatnamalarynyň täzelenmegini, ýagny möhletiniň uzaldylmagyny talap edip, 15 çemesi zenanyň Aşgabat ýol gözegçilik müdirligine ýüzlenendigini habar berdi.
“Müdirligiň işgärleri aýallary görüp, ähli gapylary ýapdylar we özleriniň işlemeýändigini aýtdylar. Netijede, ne aýal-gyzlar, ne-de erkekler resminamalaryny tabşyryp bildi. Şondan soň wakanyň bolan ýerine gelen Berkararlyk etrap polisiýa müdirliginiň jenaýat derňew bölüminiň iki işgäri aýallara öýlerine gitmese, tussag etmek bilen haýbat atdy” diýip, neşir 21-nji sentýabrda çap eden maglumatynda mälim etdi.
Neşiriň 22-nji sentýabrdaky habarynda bolsa, sürüjilik şahadatnamalarynyň möhletiniň uzaldylmagyny talap edip, içeri işler ministri Mämmethan Çakyýew bilen duşuşmaga synanyşýan aşgabatly aýal-gyzlaryň polisiýa bölümlerine söhbetdeşlige çagyrylýandygy habar berildi.
“Polisiýa işgärleri zenanlardan ýol polisiýasyna gitmezligi we sürüjilik şahadatnamalarynyň täzelenmegini soramazlygy talap etdiler. Olara barybir şahadatnamalaryň täzelenip berilmejekdigini aýtdylar. Şeýle-de, olar zenanlara häzir olar bilen "gowulyk bilen gürleşilýändigini", eger boýun egmeseler, "kynçylyk dörediljekdigini" hem duýdurdylar” diýlip, habarda bellenilýär.
Türkmenistanda dürli bahanalaryň esasynda, aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň ellerinden alynmagy we soňra yzyna berilmezligi, şeýle-de möhleti dolan sürüjilik şahadatnamalarynyň uzaldylyp berilmezligi bilen bagly kösençlikler indi iki ýyl çemesi wagt bäri dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary, türkmenistanlylar we garaşsyz neşirler yzygiderli habar berýärler.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly zenanlar resminamalaryny kabul eden, emma täze sürüjilik şahadatnamalaryny bermeýän polisiýa işgärleriniň munuň sebäbini asla düşündirmeýändigini ýa-da ýokardan berlen tabşyryga salgylanýandygyny gürrüň berdiler.
Türkmenistanyň kanunlarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklydygyna kepil geçilse-de, zenanlara garşy syýahat, egin-eşik we awtoulag sürmek ýaly ençeme çäklendirmeleriň girizilendigi barada maglumatlar bar.
Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary ne tassyklaýarlar, ne-de inkär edýärler. Bu barada ýurduň media serişdeleri hem mesele gozgamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.