Sebitde döwlet dilinden rus sözlerini aýyrmak we olary deňdeş sözler bilen çalyşmak meýilleri barýar. Şeýle tejribe häzir Özbegistanda işjeň ara alyp maslahatlaşylýar, munuň üçin ol ýerde ýörite iş topary döredildi. Täjigistanda hem dili asylky kadalaryna getirmek ugrunda, birnäçe synanyşyk amala aşyryldy, ýöne olaryň barysy üstünlikli bolmady.
Häzirki täjik dili nähili özgerýär we oňa milli aýratynlyklar nähili täsir edýär?
Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Özbek dili, edebiýaty we folklory institutynyň iş topary ýaňy-ýakynda daşary ýurt sözlerini milli deňdeş sözlere çalyşmak teklibi bilen çykyş etdi. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, bu çäre özbek diliniň ornuny berkitmäge we onuň jemgyýetde täsirini artdyrmaga gönükdirilýär.
Häzirki wagtda özbek dilçileri gündelik durmuşda giňden ulanylýan 30 sany sözüň deňdeş atlaryny teklip etdiler. Olaryň arasynda: "delivery" – "etkaziş", "challenge" – "çorlow", "navigator" – "ýullagiç", "selfi" – "üzçekim", “светофор” – "ýul çirok" ("ýulçirok"), "оправа" – "küzoýnak bandi", "cashback" – "hadýa-kaýtim", "poverbank" – "kuçlantirgiç", "акция" – "ýalpi harakat" ýaly sözler bar.
Dilçiler halky teklip edilýän özgerişleri ara alyp maslahatlaşmak işine yhlasly gatnaşmaga we milli diliň ykbalyndan daşda durmazlyga çagyrýarlar. Olaryň pikirine görä, çet ýurt sözlerini özbek dilindäki sözler bilen çalyşmak diňe bir söz baýlygyny artdyrman, eýsem ýurduň milli medeniýetini hem güýçlendirer.
Şeýle-de bolsa, bu başlangyç jemgyýetde dürli täsirleri döretdi. Käbir raýatlar bu teklibi goldap, milli dili saklamagyň zerurlygyny we daşary ýurt alynma sözleriň ýiti täsirinden dynmagyň wajypdygyny belläp geçýärler. Başgalar bolsa täze sözleriň kök aljakdygyna şübhelenýärler, sebäbi köp alynma sözleriň eýýäm gündelik gepleşikde mydama ulanylýandygyny aýdýarlar.
Mundan öň özbek intelligensiýasy özbek diliniň ýagdaýy barada ynjalyksyz bolýandygyny gaýta-gaýta aýtdylar. Mysal üçin, analist Sardor Salim ýurdy dolandyrýan gatlagy dil reformasyna päsgel bermekde aýyplady. Hünärmenler ýurduň rus dili halkara guramasyna goşulmagynyň döwlet diliniň wezipesine ýaramaz täsir edip biljekdigini duýdurdylar.
Täze girizilen sözleriň gündelik durmuşda galjakdygy ýa-da dilde ornaşyp bilmän ýitip gitjekdigi häzirlikçe belli däl. Muňa garamazdan, özbek diliniň geljegi baradaky çekişmeleriň jemgyýet üçin gitdigiçe ýiti hem wajyp bolýandygy aýdyň görünýär.
Milli deňdeşligi gözlemek
Özbegistanda daşary ýurt sözlerini milli deňdeşleri bilen çalyşmak aladasy barýan wagtynda, goňşy Täjigistanda alynma sözlere garşy göreş, esasan, rus dilini döwlet dilinden aýyrmak çäreleri güýçlenýär. Täjik dilçileri milli dili ruslaşmadan we alynma sözlerden arassalap, sözleriň asyl nusgasyna gaýdyp gelinmegi ugrunda alada edýärler.
2023-nji ýylda Täjigistanyň parlamenti «Graždanlaryň jemgyýetçilik tertibini goramaga gatnaşmagy hakyndaky» kanunyň täze görnüşini makullady. Şonda «družinaýi ihtiýori» (meýletin hüşgärlik topary) sözleri «dastýoroni ihtiýori», «družinaçy» (hüşgär) — «dastýor» sözlerine çalşyldy. Kanun çykaryjy maslahaty taýýarlan iş topary Dil we terminologiýa (adalgalar) edarasyndan, rus sözleriniň täjik deňeçerlerini tapmak barada, gös-göni görkezme aldy.
«Kanun taslamasyny ara alyp maslahatlaşanymyzda, bizden Dil we terminologiýa (adalgalar) edarasyndan, “družina” (hüşgär) sözüniň deregine täjik dilinde bir söz tapmagy ýa-da bolmasa oýlap tapmagy haýyş etdiler – diýip, täze kanunyň taslamasyny taýýarlamaga gatnaşan, Içeri işler ministrliginiň iş toparynyň bir agzasy adyny aýtmazlyk şerti bilen gürrüň berdi. – Biziň gullugymyzda daşary ýurt sözleri aşa köp. Haçan-da, biz ýokarky resmilere, meselem, Prezident administrasiýasyna maglumat iberenimizde, täjik sözleriniň gapdalyndan ýaý içinde rus dilinde ýazýarys, ýagdaý şeýle».
Emma hünärmenleriň aýtmagyna görä, täjik dilinde diňe bir rus dilinden däl, eýsem arap we türki dillerinden alynma sözler hem köp duş gelýär.
«Siz eýsem näme isleýärsiňiz? Dil – bu janly organizm, ol taryhy şertleriň täsiri astynda hemişe üýtgeýär. Yslam dininiň ýaýramagy bilen täjik dili güýçli araplaşdyryldy. Şol döwrüň dini tekstlerindäki sözleriň ýarysy arap dilinde ýazylypdyr. Arap sözleriniň köpüsi gündelik gepleşikde hem ulanylýar. Mysal üçin, subh (ertir, säher) sözi ilm (ylym) sözi ýaly araplardan giripdir. Soňra türki halklar geldiler, soňra mongollar peýda bolup, olaryň her biri dilde öz yzyny galdyrdy. XIX asyryň ahyryndan başlap ruslaşma başlandy. Sowet ýyllary döwründe täjik dili rus dilinden köp sanly alynma sözleri kabul etdi» diýip, dilçi alym Habib Munawwarow düşündirýär.
Geň tarapy, XX asyryň 30-njy ýyllarynda häzirki täjik diliniň döräp başlan döwründe, arap diliniň täsiri bilgeşleýin çäklendirilip, resmi gepleşikde köp sözleriň ulanylmagy gadagan edilipdir. Emma 60-njy ýyllardan başlap, olar dil syýasatyna has täsirli garap başladylar – janly täjik diliniň esasynda täze terminleri döretmäge çalyşdylar.
"Häzir biz ters öňe gidişligiň şaýady bolýarys: rus sözlerine we beýleki alynma sözlere derek, olaryň ýerine ýa ýerli täjik sözleri, ýa-da nusgawy pars dilinden gelen sözler, ýa-da ýene-de arap dilinden alnan sözler girizilýär" diýip, Munawwarow aýdýar.
Emma bu hereket jemgyýetde mydama goldaw tapmaýar.
IT gullugyndaky, medisina we harby işler boýunça hünärmenleriň köpüsi bellenilen adalgalary mejbury çalyşmagyň diňe garym-gatymlyga sebäp bolup biljekdigine ynanýarlar. Mysal üçin, tehniki şertlerde giňden ulanylýan "mikroprosessor" sözi "respardozoba" diýip terjime edilip, hünärmenleri aljyraňňy ýagdaýa saldy.
Harby derejeleri taryhy deňdeşleri bilen çalyşmak
2018-nji ýylda Täjigistan Sowet Soýuzynyň mirasyndan dynmak we harby ulgamyň milli atlaryny gaýtaryp bermek üçin, harby terminologiýany täzeden gözden geçirmek barada çynlakaý oýlandy. Ýurduň hökümetiniň Dil we terminologiýa (adalgalar) edarasy milli goşunyň serkerdelerine we seržantlaryna täze derejeleri teklip etmek üçin alymlardan, taryhçylardan we harby işgärlerden ybarat ýörite topara iş başlatdy.
Barlaýjy alymlar ylham çeşmesi hökmünde Ahemenidler, Sasanidler we Samanidler döwrüniň gadymy golýazmalaryna ýüzlenip, ol ýerden goşun serkerdeleriniň, degişli harby derejeleri aňladýan atlaryň toplumyny gözlediler. Barlagyň netijesinde, alternatiwleriň tutuş sanawy döredildi: ýefreýtor – radabon, kiçi seržant – dastawar, seržant – dastaýor, uly seržant – dastabon, starşina – sardasta. Serkerdeler korpusynda kapitan adyna derek sadawar, podpolkownik – laşkarýor, polkownik – sarlaşar derejesi teklip edildi.
Ýokary komanda gullukçylary meselesinde – general-maýor, general-leýtenant we general-polkownik – bu derejeleri täjik diline geçirmek meselesi jedellere sezewar bolansoň, alymlar bir karara gelip bilmediler.
Eýsem-de, harby ýolbaşçylaryň konserwatiw garaýşy reformalaryň geçirilmegine päsgel berdi. Harby derejeleriň öňden gelýän atlaryny çalyşmak baradaky synanyşyklar dürli pikirlere sebäp boldy we goşun komandasy teklip edilen şertleri ret etdi. Harby güýçleriň esasy delilleriniň biri köp ýurtlaryň halkara dereje sistemasyna eýerýändigi we ondan daşlaşmagyň gerekmejek garym-gatymlyga eltip biljekdigi baradaky garaýyşlary boldy.
Dilçileriň we taryhçy alymlaryň tagallasyna garamazdan, Täjigistanyň goşuny öňki däp bolan tanyş dereje atlaryny ulanmagyny dowam edip, taryhy titullary geçmişe degişli hasapladylar.
Şeýlelikde, Özbegistanda bolşy ýaly, Täjigistanda hem dil özgertmeleri milli aýratynlyklary saklamak islegi bilen häzirki dünýäniň şertlerini göz öňünde tutmagyň zerurlygynyň arasynda, dürli gapma-garşylyklara duş gelýär. Munda käbirleri diliň alynma sözlerden arassalanmagyny medeniýeti berkitmek ugrunda ädilen ädim hasaplasalar-da, beýlekileri öwrenişilen sözleriň emeli taýdan aýrylmagy özara gatnaşyklarda, ylym we tehnologiýanyň ösmeginde päsgelçilik döreder diýip hasaplaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum