Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus ilçisi “türkmen wepadarlygyny satyn almak” baradaky aýyplamalary ret edýär


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (ortada), Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Aleksandr Blohin (sagda)
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (ortada), Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Aleksandr Blohin (sagda)

“Nezawisimaýa” gazetiniň 15-nji iýunda “Russiýa Türkmenistanyň ‘wepadarlygy üçin’ tölemäge taýýar” ady bilen çap eden makalasyna Aşgabatdaky rus ilçisi Aleksandr Blohin reaksiýa bildirdi we Russiýanyň “türkmen wepadarlygyny satyn almak” niýetini ret etdi.

“Fergana” neşiriniň habaryna görä, ilçiniň “Nezawisimaýa” gazetiniň baş redaktoryna iberen haty, 18-nji iýunda gazetiň web-saýtynda çap edildi.

Ondan ozal, gazet rus ilçisiniň Russiýanyň “türkmen wepadarlygyny satyn almaga taýýardygy” hakynda, şeýle-de onuň Türkmenistanda COVID-19-yň ýokdugy barada türkmen häkimiýetleriniň aýdýanlaryna goşulýandygy, garaşsyz habar serişdelerinde Türkmenistanda dowam edýän “açlyk” barada berilýän habarlaryň hakykata gabat gelmeýändigi hem-de ýurtda söwda tekjeleriniň azyk harytlaryndan pürepür doludygy barada eden jemgyýetçilige açyk beýanatlaryna salgylanyp, makala çap etdi.

Bu makala iberen jogap hatynda ilçi “türkmen wepadarlygynyň söwdasy” baradaky gürrüňleri ret edip, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýandygyny aýtdy.

“Türkmenistanda hatda ‘Russotrudniçestwo’ akreditasiýa-da edilmedik, ýöne USAID bu ýerde köp ýyl bäri işleýär” diýip, “Nezawisimaýa” gazetiniň çap eden birinji makalasynda aýdylýar.

Ilçi bu aýyplamany ret edip, agzalýan rus agentliginiň Türkmenistanda aktiw iş alyp barýandygyny aýdýar.

Bu agentligiň Türkmenistanda işjeňdigi ýa-da däldigi baradaky maglumatlar hem rus neşiri tarapyndan, hem-de rus ilçisi tarapyndan näme üçin edil şu wagt gozgalýar? Bu soragyň jogaby nämälimliginde galýar.

Neşiriň maglumatynda bu meseläniň gozgalmagy bilen, rus ilçisi Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda medeni we ynsanperwer ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklary sanaýar, golaýda Aşgabatda bellenen Rus diliniň gününe salgylanýar.

Blohin mundan ozal žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Türkmenistandaky azyk gytçylygy barada berilýän habarlary ret edip: “Dükanalara bir serediň – tekjelerde hemme zat bar. Käbir garaşsyz habar serişdeleriň ýazmagyna görä, hamala, Türkmenistan açlygyň tas bäri ýanynda, bu manysyz” diýdi. Ýöne döwlet dükanlaryndaky gytçylygy gytaklaýyn tassyklady: “Döwlet bahalary – bu başga mesele, bu eýýäm başga mesele” diýip, ilçi aýtdy.

Ol “Nezawisimaýa” gazetiniň redaksiýasyna ýazan hatynda ykdysady kynçylyklary gös-göni agzaman, abraýly halkara guramalaryň türkmen ykdysydyýeti boýunça çaklamalarynyň oňaýsyz däldigini aýtdy.

Ýöne ondan ozal, hatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi hem, türkmen ykdysadyýetiniň global ýagdaýlardan oňaýsyz täsirlenmegine garaşylýandygyna ünsi çekipdi.

Blohin “Russiýanyň türkmen wepadarlygyny satyn almak niýeti baradaky” gürrüňleri ret edip, gatnaşyklaryň pragtmatizme esaslanýandygyny aýtdy.

Ilçi ondan ozalky metbugat çykyşynda 2019-njy ýylyň dowamynda Russiýanyň türkmen gazy üçin 300 million dollar möçberinde töleg töländigini aýtdy.

Ilçiniň bu çykyşyny teswirlän Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer 11-nji iýunda “rus resmileriniň Türkmenistanyň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän döwri bu görnüşli çykyşlary etmek bilen, Kemliň Aşgabady öz saýasyna dolamak yşaratlaryny berýändigini” aýtdy.

Mundan öň, anonimlik şertinde Azatlyk bilen gürleşen ýerli synçy häzir Kremliň Aşgabady gaýtadan öz orbitasyna getirmek üçin diňe gaz söwdasyny, Berdimuhamedowy we onuň atasyny götergilemek usulyny däl, eýsem gorkuzmak, türkmen ýolbaşçylaryny sebitdäki terrorçylyk howpuna göz ýummakda aýyplamak usullaryny hem ulanýandygyny öňe sürüpdi.

Neşiriň maglumatyna görä, Ýeňiş güni mynasybetli geçirilýän hem-de pandemiýa sebäpli wagty yza süýşürilen harby parada gatnaşmak üçin prezident Berdimuhamedowyň 24-nji iýunda Moskwa sapar etmegine garaşylýar.

2017-nji ýylyň oktýabrynda Moskwa eden saparynda Berdimuhamedow rus kärdeşi Wladimir Putine “Wepaly” atly türkmen güjügini sowgat beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG