Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa 2019-njy ýylda Türkmenistandan $300 mln gaz satyn aldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Russiýa 2019-njy ýylyň dowamynda Türkmenistandan 300 million dollarlyk tebigy gaz import etdi. Bu barada Reuters habar agentligi Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Aleksandr Blohine salgylanyp habar berýär.

Munuň bilen, Russiýanyň we Türkmenistanyň arasynda geçen ýyl gol çekilen soňky gaz ylalaşygynyň bahasy baradaky maglumatlar ilkinji gezek köpçülige äşgär edilýär.

2019-njy ýylyň iýulynda Türkmenistan bilen Russiýa 5 ýyllyk möhlete täze gaz şertnamasyna gol çekdi. Oňa laýyklykda Russiýa her ýyl Türkmenistandan 5,5 milliard kub metr gaz satyn alýar. Ýöne şu wagta çenli onuň bahasy boýunça sanlar jemgyýetçilige mälim edilmän gelýärdi.

Gol çekilen bu şertnamany Türkmenistanyň döwlet metbugaty asla agzaman gelýär.

2019-njy ýylyň apreli bilen iýun aýlary aralygynda hem Russiýa gysga möhletli şertnama esasynda 1,1 milliard kub metr töwereklerinde türkmen gazyny satyn aldy.

Şol bir wagtda, rus diplomaty geçen ýyl anyk näçe mukdarda türkmen gazynyň Russiýa akdyrylandygy barada maglumat bermedi.

Türkmenistanyň energiýa syýasatyny ýakyndan yzarlaýan, Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Panniýer, eger-de geçen ýyl türkmen gazy Russiýa ylalaşyklarda göz öňünde tutulan doly möçberde eksport edilen bolsa, munuň Moskwanyň türkmen gazyny has arzan bahadan satyn almaga ylalaşan bolmagynyň mümkindigini görkezýändigini aýtdy.

Panniýer Russiýanyň Türkmenistanyň gazyny diňe Hytaýa eksport edýändigini, üstesine-de munuň töleginiň belli bir böleginiň ozal Pekiniň sermaýa hökmünde ýatyran serişdelerini ýapmaga gönükdirilýändigini bilýändigini, şol sebäpli-de özüne amatly şertleri ylalaşmak mümkinçiligine eýe bolandygyny nygtady.

Bellesek, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 696 million dollara, 300 millionlyk gaz söwdasyny hem goşanyňda, 1 milliard dollara golaýlaýandygyny aýtdy.

Panniýer rus resmileriniň Türkmenistanyň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän döwri bu görnüşli çykyşlary etmek bilen, Kemliň Aşgabady öz saýasyna dolamak yşaratlaryny berýändigini aýtdy.

“Meniň pikirimçe, Kreml bu çykyşlary bilen resmi Aşgabada we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ‘saňa bizden başga kömek etjek ýok, şonuň üçin Russiýa babatyndaky syýasatyňy has ygrarly alyp bar’ görnüşinde yşarat berýär” diýip, Panniýer sözüne goşdy.

Mundan öň, anonimlik şertinde Azatlyk bilen gürleşen ýerli synçy häzir Kremliň Aşgabady gaýtadan öz orbitasyna getirmek üçin diňe gaz söwdasyny, Berdimuhamedowy we onuň atasyny götergilemek usulyny däl, eýsem gorkuzmak, türkmen ýolbaşçylaryny sebitdäki terrorçylyk howpuna göz ýummakda aýyplamak usullaryny hem ulanýandygyny öňe sürüpdi.

Türkmen-rus gaz söwdasynyň soňky taryhyna nazar aýlasak, onda “Gazprom” 2015-nji ýylda ozal ýylda 10 milliard kub metr möçberinde alan türkmen gazyny ýylda 4 milliard kub metre çenli azaldýandygyny yglan edipdi. 2016-njy ýylyň başyndan bolsa, “Türkmengaz” bilen “Gazpromyň” arasyndaky ylalaşmazlyklar üstünde, Moskwa türkmen gazyny satyn almagyny doly togtatdy.

Türkmen tarapy rus tarapyny alan gazynyň bahasyny tölemezlikde aýyplasa, rus tarapy 2015-nji ýylyň iýun aýynda Stokgolmyň ykdysady dawalara seredýän arbitraž suduna şikaýat edip, Türkmenistanyň Russiýa satýan gazynyň bahalaryna gaýtadan seredilmegini sorady.

Türkmen-rus gaz söwdasynyň 2019-njy ýylda gaýtadan dikeldilmegi bilen, türkmen tarapynyň Russiýa bilen aradaky gaz oňuşmazlyklaryny nähili şertlerde çözendigi, “Gazpromyň” ozal alan we bahasyny tölemedik gazynyň puluny töläp-tölemändigi hakynda hem hiç bir zat aýdylmady.

Mundan başga, Türkmenistanyň Eýran bilen aradaky gaz we töleg dawalary hem aýdyň bolman galýar. Esasan eýran mediasyndan mälim bolan maglumatlara görä, Türkmenistan Eýrana satan tebigy gazy üçin iki milliarda golaý dollar puluny alyp bilmeýär.

Häziriki wagtda energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň iň esasy gaz alyjysy Hytaýdyr. Ýöne global koronawirus pandemiýasynyň fonunda Hytaý gaz importlary boýunça martyň başynda fors mažor yglan etdi we satyn alýan gazynyň möçberini azaldýandygyny mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG