Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurtda azyk üpjünçiligi barha agyrlaşýan mahaly, güýç edaralary arz-şikaýat bildirýän adamlara basyş edýär


Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda bir döwlet dükanynyň öňünde nobata garaşýan adamlar.
Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda bir döwlet dükanynyň öňünde nobata garaşýan adamlar.

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde un, çörek, towuk budy, şeker we ösümlik ýagy ýaly ilatyň gündelik sarp edýän esasy azyk önümleriniň gytçylygy barha ýitileşýär. Gytçylygyň fonunda güýç edaralary köpçülikleýin arz-şikaýat edýän adamlara garşy basyşyny güýçlendirýär.

Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy 14-nji aprelde paýtagtyň döwlet dükanlarynyň birinde satuwa çykarylan ösümlik ýagynyň, towuk budunyň hem-de şekeriň söwdasy barada habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, bu önümleri satyn almak üçin dükanyň ýanynda 2 ýüzden gowrak adamly uly nobat döredi.

Habarçy nobatyň uzynlygyny ädimläp ölçedi. “Üç hatarlyk nobatyň uzynlygy 72 ädim” diýip habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli döwlet dükanynyň belgisini we onuň ýerleşýän ýerini mälim etmekden saklanýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, nobatlar dükanyň esasy köçä görünmeýän tarapynda köpçülikden gizlenýär.

“Sagat 8-de ösümlik ýagyny, towuk buduny we şeker satyp başladylar. Sagat 10-uň ýarynda ösümlik ýagy gutardy, soňra towuk ýagy, iň soňunda şeker satylyp gutardy” diýip, habarçy aýtdy.

“Ilatyň azyk üpjünçiligi agyrlaşýar, köplenç nobata garaşýan adamlaryň arasynda dawa-jenjel döräp başlady” diýip, ol sözüne goşdy.

Azatlyk Radiosynyň aşgabatly ikinji habarçysy paýtagtyň çörek-bulka önümleri satylýan döwlet dükanlarynda çöregiň her ele 2-den satylýandygyny, dükanlarda süňkli sygyr etiniň 1 kilogramynyň 38 manatdan satylýandygyny 14-nji aprelde habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň beýleki bir habarçysy Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde ýerleşýän bilelikdäki azyk söwda dükanlarynda hem-de şäheriň çörek sehlerine degişli dükanlarynda gytalan çörek barada habar berýär.

“Tejen şäheriniň ýarym hususy ýarym döwlet dükanlaryna çöregi irden bir gezek getirýärler, soň uzak gün çörek bolanok olarda” diýip, habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, şäheriň çörek sehine degişli dükanlarynyň öňünde her gün çörek satyn almaga garaşýan adamlaryň uly nobatlaryny görmek mümkin.

“Hususy dükanlarda çörek satylsa-da onuň bahasy 3 manatdan 5 manada çenli gymmat hem-de derrew satylyp gutarýar” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, Tejen şäheriniň ýaşaýjylary ýerli Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigine degişli çörek sehiniň önümlerine uly gyzyklanma bildirýär.

“Ýöne şu wagt birleşigiň ýolbaşçysy ol sehde çöregiň satylmagyny gadagan etdi” diýip, habarçy sehde öndürilýän çörekleriň birleşigiň gapdalynda ýerleşýän bilelikdäki söwda dükanlarynda satylyp başlanandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň maglumatlaryna görä, Ahal welaýatynyň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň garamagynda welaýatyň çäginde 397 sany söwda nokady hem-de 46 sany önümçilik sehi hereket edýär.

Azatlyk Radiosynyň beýleki bir habarçysy martyň aýagynda ençeme türkmenabatlynyň sözlerine salgylanyp, krizis döwründe azyk üpjünçiligi babatynda döwlet dükanlarynyň ähmiýeti barada maglumat beripdi.

Ýurtda iýmit üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklar dowam edýän wagty, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji aprelde geçiren hökümet mejlisinde söwda pudagyna gözegçilik edýän orunbasary Çary Gylyjowa “berk käýinç” yglan etdi.

Ýöne döwlet media we metbugat serişdeleri ýurtda dowam edýän azyk gytçylygy barada habar bermeýär.

Gytçylyk barada ýurtdan gowuşýan maglumatlaryň fonunda Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralary gytçylykdan şikaýat edýän raýatlara garşy basyşyny güýçlendirýär.

“Türkmen hökümeti prokuratura we MHM edaralaryna raýatlaryň un we ýag şikaýaty barada ýazan arzalaryny diňlemezligi tabşyrypdyr” diýip, habarçymyz ynamdar çeşmelere salgylanyp habar berýär.

“Ýagdaý erbet. Şu gün Farap etrabynda ýüzlerçe aýal un sorap häkimlige baryp boş gaýdypdyrlar” diýip, habarçymyz 14-nji aprelde maglumat berdi.

Habarçy toplanyp şikaýat eden adamlara bu ýagdaý ýene gaýtalanasa, olara häkimiýetler tarapyndan 15 günlük tussag etmek haýbatynyň atylandygyny habar berdi.

Farapda bolan bu nägilelik çäresi 3-nji aprelde Mary şäherinde onlarça aýalyň azyk üpjünçiligi bilen bagly geçiren protest çäresiniň yzýany geçirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG