Sepleriň elýeterliligi

 
Rus uruş jenaýatlary, ukrain çagalarynyň deportasiýa edilmegi barada maglumat toplaýan balangyjyň ýapylmagy yza süýşürildi
Soňky habar

Rus uruş jenaýatlary, ukrain çagalarynyň deportasiýa edilmegi barada maglumat toplaýan balangyjyň ýapylmagy yza süýşürildi


Ukrain çagalary
Ukrain çagalary

Tramp administrasiýasy Russiýanyň uruş jenaýatlary, şol sanda ukrain çagalarynyň deportasiýa edilmegi barada maglumat toplaýan “Conflict Observatory” başlangyjynyň ýapylmagyny alty hepde yza süýşürdi. "Waşington Post" bu habary Kongresdäki çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän başlangyja Ýel uniwersitetiniň gumanitar gözleg laboratoriýasy ýolbaşçylyk edýär. Gözlegçiler Ukrainadan alnyp gaçylan çagalar baradaky subutnamalary Sezar maglumatlar bazasynda sakladylar. Maksatnamanyň ýapylýandygy yglan edileninden soň, Ukrainadan bolan çagalaryň şahsyýetleri we ýerleşýän ýerleri baradaky maglumatlara elýeterliligiň ýitirilendigi habar berildi.

Demokrat Greg Landsman, Ogaýo ştatyndan, ABŞ-nyň hökümetiniň diňe inisiatiwanyň ýapylmagyna we maglumatlaryň ÝB-niň hukuk goraýjy edarasyna, Ýewropola geçirilmegine degişli çykdajylary maliýeleşdirjekdigini aýtdy.

ABŞ prezidentiniň administrasiýasynyň programmanyň ýapylmagyny yza süýşürmek baradaky karary Kongres agzalarynyň ýüzlenmesinden soň kabul edildi. Landsmanyň ýolbaşçylygyndaky demokratlar döwlet sekretary Marko Rubio ýazan hatlarynda bu çagalar baradaky maglumatlaryň ýitirilmeginiň mümkin bolan netijelerine ünsi çekdiler.

Ukrain häkimiýetleriniň resmi maglumatlaryna görä, giň gerimli çozuş başlanaly bäri 19,546 çaga Ukrainadan Russiýa deportasiýa edildi.

Bular diňe resmi taýdan hasaba alnan ýagdaýlar. Russiýa 700 müň çaganyň alnyp gidilendigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG