Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda gazyň tölegini bir aý gijikdiren hojalyklardan 50% paç alynjakdygy duýdurylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Farap we Saýat etrap gaz edaralarynyň resmileri ilatyň sarp eden gazy üçin tölegleri öz wagtynda almak çärelerini güýçlendirdiler.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän lebaply habarçysynyň aýtmagyna görä, soňky günlerde bu edaranyň işgärleri öýlere aýlanyp, tölegleri bir aý gijikdiren hojalyklardan paç alynjakdygyny duýdurýarlar.

“Farap we Saýat etrap gaz edaralarynyň işgärleri bergidar hojalyklar öz sarp eden gazynyň tölegini bir aý wagt gijikdirse, onda mundan beýläk olara 50 prosent paç tölemeli boljakdyklary barada duýduryş hatyny berýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 18-nji fewralda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, ilatyň sarp eden gazy üçin tölegler her aýyň 10-na çenli geçirilmeli. Eger bu tölegler şol seneden soň 20 gün gijikdirilse, onda ýaşaýjylar töleglerden başga-da onuň ýene-de 50%-ni geçirmeli bolarlar.

Mundanam başga, habarçy Saýat etrabynyň gaz edarasynyň Esli we Gyzylgaýa ýaly obalardaky bergidar hojalyklaryň gazyny kesip, gaz tölegleri geçirilýänçä, olary möhürleýändigini hem habar berýär.

“Bu çäreler gyş aýlarynda howanyň sowukdygyna garamazdan amala aşyrylýar. Ýaşaýjylaryň köpüsi işsiz, käbir hojalyklara hiç hili aýlyk, girdeji girmeýär. Olar gaz tölegi beýle dursun, gündelik iýjek çöregini zordan tapýarlar. Adamlar özleriniň alaçsyzdygyny, öňümizdäki aýlarda tölejekdiklerini aýdýarlar. Emma gaz işgärleri olary diňlemeýär. Ilatyň arasynda komunal töleglerini 6 aýlap töläp bilmeýän maşgalalar bar” diýip, habarçy belledi.

Habarçy häzirki wagt bu etraplarda gazsyz galan maşgalalaryň aglabasynyň golaý-goltumdaky guma ýa-da tokaýlara çykyp, odyn gözleginde agaçlary we sazak, çerkezleri çapmaga mejbur bolýandygyny hem aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda aýdylanlar barada Farap we Saýat etrap gaz edaralaryndan kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "raýatlaryň durmuş, ýaşaýyş derejesiniň indi has gowulanandygyny" aýdyp, ilata çärýek asyrlap mugt ýa-da ýeňillikli bahadan berlen gaz, suw we elektrik togy ýaly hyzmatlary geçen ýylyň 1-nji ýanwaryndan tölegli etdi.

Şondan soň türkmen häkimiýetleri raýatlaryň bu hyzmatlar üçin tölegleri öz wagtynda geçirmegine gözegçiligi güýçlendirdiler. Tölegleri öz wagtynda geçirmedik ýaşaýjylaryň togunyň, gazynyň we suwunyň kesiljekdigi hem-de olaryň işiniň kazyýete geçiriljekdigi duýduryldy.

Soňky alty aýyň dowamynda Azatlyk Radiosy ýurduň dürli künjeginde tölegleri öz wagtynda töläp bilmedik hojalyklaryň elektrik togunyň we gazynyň kesilendigi barada ençeme gezek habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we ýerli synçylaryň ençemesi ýurtda ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň ýiti duýulýan we azyk harytlarynyň gymmatlaýan hem-de gytalýan döwründe maşgalalaryň alýan aýlyk-günlüginiň güzeran aýlamaga köplenç ýetmeýändigini aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary aç-açan boýun almaýar. Bu kynçylyklar we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada döwlet mediasy hem dymýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG