Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Aşgabatgaz’ ilaty gaz syzdyrýan hasaplaýjylary ulanmazlyga çagyrýar


Ilatyň sarp edýän gazyny hasaplaýan enjam. Arhiwden alnan surat
Ilatyň sarp edýän gazyny hasaplaýan enjam. Arhiwden alnan surat

Şu günler “Aşgabatgaz” edarasynyň işgärleri ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, olara gaz hasaplaýjy enjamlardan gazyň syzýan halatynyň köp bolýandygyny duýdurýarlar we şeýle ýagdaý bolanda olardan peýdalanmazlyga çagyrýarlar.

“Geçen hepdäniň penşenbe güni paýtagtyň gaz edarasynyň işgärleri Bagtyýarlyk etrabyndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna aýlandylar. Olar ýaşaýjylara ‘Gaz bilen bagly şikaýatyňyz barmy? Gazyň ysy çykýarmy?’ diýen soraglary berdiler. Şeýle-de, olaryň özleri sabyn köpürjigi bilen enjamdan gaz syzýan ýeri barmy barlap görýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 20-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, “Aşgabatgaz” edarasynyň işgärleri gaz syzan halatynda, haýal etmän 04 telefon belgisine gyssagly jaň etmegi hem maslahat berýärler.

Gaz edaranyň işgärleri bu barlaglaryň sebäplerini soňky döwürde jaýlarda gazyň syzmagy bilen bagly köp sanly howply ýagdaýlaryň bolandygy bilen düşündirýärler.

“Jaýlarda oturdylan gaz hasaplaýjy enjamlaryň ençemesiniň tehniki taýdan ulanmaga ýaramsyzdygynyň üsti açyldy. Gaz syzýan bolsa, gazy hasaplaýjy enjamdan aýryp, ony gaz plitasyna çatyp berýäris” diýip, Aşgabadyň gaz edarasynyň bir işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, tebigy gaz hasaplaýjylardan aýrylyp, ýaşaýjylaryň gaz plitalaryna çatylanda, olaryň sarp eden gazynyň möçberine garamazdan, her aýda 5 manat möçberinde gaz tölegini tölemek maslahat berilýär.

“Gaz edaranyň ýolbaşçylary hem şu ýagdaýdan habarly. Biz ýolbaşçylaryň dilden beren görkezmesini ýerine ýetirýäris. Başga çykalga ýok” diýip, gaz edaranyň işgäri aýtdy.

Azatlyk Radiosy gaz hasaplaýjylardan gazyň syzmagy bilen bagly ýagdaý barada “Aşgabatgaz” edarasynyň özünden maglumat alyp bilmedi.

Türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap suw, elektrik energiýasy we tebigy gaz ýaly ilata çärýek asyrlap mugt berilen ýeňillikleri ýatyrdy. Bu karar Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen mejlisinde kabul edildi.

Şondan soňra Türkmenistanda ilatyň sarp edýän gazyny hasaplamak üçin gaz ölçeýjiler köpçülikleýin we gyssagara oturdylyp başlandy.

2018-nji ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda Azatlygyň aşgabatly söhbetdeşleri gaz ölçeýjileriň gyssagara oturdylmagynyň ýerine ýetirilen işleriň hiliniň pes bolmagyna we gazyň syzmagy ýaly howply ýagdaýlaryň döremegine getirýändigini habar beripdiler.

Geçen ýylyň 16-njy iýulynda Aşgabadyň 10-njy etrapçasyndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birinde gaz partlamasy boldy we binanyň ýokary gatyndaky otaglaryň käbiri bölekleýin opuryldy.

Adatça ýurtda bolýan betbagtçylyklar ýa-da oňaýsyz wakalar barada o diýen habar çap etmeýän we türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan turkmenportal.com neşiri gaz partlamasynyň bolandygyny we 7 adamyň ýaralanandygyny tassyklasa-da, wakada adam ýitgisiniň bolmandygyny mälim etdi.

Şonda neşir Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranyş we halas ediş işleri baş müdirliginiň podpolkownigi Merdan Şamyradowiç Annagurdowa salgylanyp, gaz partlamasynyň birikdiriji ulgamlardan gazyň syzmagy ýa-da howpsuzlyk düzgünleriniň dogry berjaý edilmänligi sebäpli ýüze çykan bolmagynyň mümkindigini habar berdi. Ýöne munuň gaz ölçeýjilerden gazyň syzmagy netijesinde bolandygy ýa-da bolmandygy anyklaşdyrylmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG