Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda agzalmaýan keselçilik


Balkanabadyň keselhanasy (illýustrasiýa suraty)
Balkanabadyň keselhanasy (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanly lukmanlaryň pikirine görä, şu günki gün ýurtda giň ýaýran, emma resmi taýdan agzalmaýan keselçilikleriň biri gelmintoz, ýagny adamyň bedeninde gurçuk döremegi.

"Bu enterbioz, askarida we lýambliýa. Bu üç ýyl mundan öň eýýäm uly meselä öwrülipdi, geçen ýylda hasam güýçlendi, emma şu ýyl köpçülikleýin häsiýete eýe boldy, aýratynam mekdep ýaşyna ýetmedik çagalaryň we göwreli aýallaryň arasynda. Bellemeli ýeri diňe bir çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň arasynda däl, eýsem öýde saklanýan çagalarda" diýip aşgabatly lukmanlaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Saglygy saklaýyş ugrundan bilermenleriň sözlerine görä, gurçuk keseliniň ýaýramagynyň barlaglar arkaly tassyklanýan halatlarynyň köpelmegine garamazdan, saglyk öýlerinde adamlary ýörite barlagdan geçirmek tejribesi ornaşmandyr.

"Köplenç çagalary we göwreli aýallary azganlylyk keselinden, öt ýollarynyň näsazlygyndan ýa-da newrozdan bejerýärler, olarda bolsa gurçuk bar. Şu ýyl şeýle barlaglary geçirýän etrap hassahanalarynda analizleriň 20-30 sanysynda gurçugyň bardygy tassyklanýar. Hatda bilermenler hem şeýle netijä geň galýarlar. Emma keseliň köpçülikleýin ýaýramagynyň sebäplerini hiç kim öwrenmeýär we çäre görmeýär" diýip, Azatlygyň habarçysy söhbetdeş bolan ýerli lukmanlara salgylanyp, habar berýär.

Onuň sözlerine görä, ene-atalar çagalaryna berilýän bejergi netijesiz bolup, keseliň anyklanmadyk ýagdaýynda gurçuk keselini anyklamak boýunça barlag geçirilmegi özbaşdak sorap, keselhanalara ýüzlenýärler.

"Bir çagany uzak wagtlap aşgazan hassalygyndan netijesiz bejerdiler, soň onda gurçugyň bardygy tassyklandy. Emma onuň analiz tabşyrmagyny lukmanlar däl-de, iş başyndan çekilen tanyş lukmanyň maslahaty boýunça öz ejesi guramalaşdyrdy" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Saglygy saklaýyş işgärleriniň sözlerine görä, gurçuk keseli aýratynam çagalar baglaryna gatnaýan körpelere howp salýar.

"Bu mesele mydama bardy, emma öň planlaşdyrylýan barlaglar geçirilýärdi we analizler hökmany hasaplanýardy. Häzir keselhanalarda çagalar baglaryndan gelýän analizleriň barlanman taşlanýan ýagdaýlar meniň özüme mälim" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan lukman aýdýar.

Bilermeniň pikirine görä, gurçuk keseliniň ýaýramagyna gündelik durmuşda arassaçylyk medeniýetiniň gowşamagy, şeýle-de azyk önümleriniň söwdasynda arassaçylyk talaplarynyň doly berjaý edilmeýändigi sebäp bolýar.

​"Dükanlarda we bazarlarda, şeýle-de naharhanalarda elliksiz işleýärler. Üstesine, işgärler saglyk kitapçalaryny barlagdan geçmän alýarlar we uzaldýarlar. Ýöne bir 200 manat töläp alýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Azatlyk Radiosy gurçuk keseli bilen bagly ýagdaýa degişli resmi maglumatlary Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginden alyp bilmedi.

Aşgabatda gurçuk keseliniň ýaýramagy baradaky habarlar derman gytçylygynyň dörän döwrüne, medisina hyzmatlarynyň ilat köpçüligi üçin elýeterli däldigi we hiliniň gowşaklygy baradaky maglumatlaryň peýda bolan wagtyna gabat geldi.

Türkmenistanda 20 ýyla golaý wagtyň dowamynda keselçiligiň resmi statistikasy çap edilmän gelýär. Ýurt ýolbaşçylary ilatyň saglygyny goramak boýunça gazanan üstünlikleriniň arasynda ysmaz keseline, inçekesele garşy göreşini we ýody baýlaşdyrmak ýaly işlerini öňe sürýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG