Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda käbir keseller hasaba alynmaýar


Keselhanada, Türkmenistan (arhiw suraty)
Keselhanada, Türkmenistan (arhiw suraty)

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda paýtagtda şol bir simptomlar bilen tapawutlanýan näbelli bir kesel ýaýrapdyr, emma lukmanlara ýüz tutulanda anyk bir diagnoz goýulmaýar. Bu bolsa näsaglaryň köplenç özlerini özüçe bejermegine we saglyga erbet täsir ýetirmegine sebäp bolýar.

"Adamlaryň kesellemegi dowam edýär. Lukmanlar öz arasynda oňa 'wirus' diýýärler. Köpler birnäçe gezek yzly-yzyna keselleýärler, biri-birine ýokaşdyrýarlar, sebäbi işden galmak gymmada düşýär we ýolbaşçylar nägile bolýar" diýip, Azatlygyň habarçysy 25-nji martda habar berdi we şol bir simptomlar bilen tapawutlanýan näbelli kesele diagnozyň goýulmaýandygyny belledi.

Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan lukmanlaryň sözlerine görä, keseliň esasy alamatlary 3-6 günläp gyzgynyň ýokary bolmagy, damak agyrysy, diliň reňkiniň goýy gyzyla öwrülmegi we onuň düýbüniň iriňlemegi ýaly ýagdaýlar bilen tapawutlanýar. Şeýle-de, böwrege zyýan ýetmegi we uzak wagtlap güýçli üsgüligiň saklanmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar.

Azatlyga şeýle simptomly keseliň ýüze çykmagy baradaky habary Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginde we Aşgabadyň keselhanalarynda tassyklatmak we kommentariý almak başartmady.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan saglygy saklaýyş we bilim pudagynyň işgärleri soňky aýlarda iň köp ýaýran keselleriň arasynda skarlatinany ýagny täjihoraz ýokanç keselini agzaýarlar.

"Çagalaryň arasynda wirusdan başga-da täjihoraz keseli giňden ýaýrady. Emma bu diagnozy goýmak gadagan. Simptomlary meňzeş, emma täjihoraz keselinde diliň üsti örtülýär we damagy iriňli örgün örýär. Tanyş lukmanym awtobuslarda elleriniň hamy gat-gat bolup sypyrylýan çagalara köp duş gelýändigini aýdýar. Bu alamat saglyga agyr täsir ýetirýän täjihoraz keseliniň başdan geçirilendigini görkezýär" diýip, habarçymyz belleýär.

Habarçylarymyz bu keseliniň ýaýrandygy barada fewral aýynyň aýagynda hem habar beripdi.

"Fewral aýynyň ortalarynda we martyň başynda mekdepleriň başlangyç klaslary ýarym boş galypdy. Käbir halatlarda klaslarda 5-6 çaga bardy. Hatda mugallymlaryň ene-atalara jaň edip, komissiýanyň barlajagyny aýdandygy we çagalary mekdebe bir günlük getirmegini soran ýagdaýlary hem bolupdy. Adatça çaga kesellände onuň ene-atasy üç güne çenli özleri düşündiriş ýazýarlar, has uzak wagtlap kesellän çaga keselhanadan sprawka getirmeli bolýar. Köp mekdeplerde çagalardan sprawka soramadylar, sebäbi mugallymlar kesellän çagalary hem mekdebe gatnady diýip, bellemäge mejbur edilipdi" diýip, Azatlyk bilen gizlinlik şertlerinde gürrüňdeş bolan söhbetdeşimiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, çagalaryň köpçülikleýin kesellemegine garamazdan, mekdeplerde keselçiligiň ýaýramagynyň öňüni almak üçin dezinfeksiýa çäreleri geçirilmeýär, karantin girizilmeýär. Bu ýagdaýda çagalar keseli bir-birine ýokaşdyrýarlar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda ilat arasyndaky keselçiligiň resmi statistikasyny çap etmeýärler, möwsümleýin keseller we olaryň öňüni alyş çäreleri barada ilaty habarly etmeýärler. Milli habar beriş serişdeleri problemany gozgamaýarlar.

​Munuň bilen bir wagtda-da, ýurtda saglygy saklaýyş ulgamynyň işgärleriniň arasynda keselçilige garşy sanjymlar edilýär.

"Poliklinikalarda we keselhanalarda ýanwar aýynyň başynda lukmanlaryň arasynda dümewe garşy sanjym etdiler" diýip, Azatlygyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG