Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň migrasiýa edarasynyň öňünde uly nobatlar döredi


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň öňünde adamlaryň uly nobatlary emele geldi. Bu waka Aşgabadyň aeroportunda türkmenistanlylaryň ýurduň daşyna goýberilmeýändigi barada gaýtadan habarlaryň peýda bolup başlamagynyň yzýanyna gabat geldi.

“Düýn Aşgabatdaky migrasiýa edarasynyň öňünde örän köp adam nobata durdy. Bu ýerdäki adamlaryň sany 100-den az däldi. Olar dürli sebäpler bilen bu ýere gelipdirler. Adamlaryň käbiri daşary ýurda gitmek üçin rugsatnama almaga barypdyr. Käbir adamlar bolsa, olaryň özi ýa-da dogan-garyndaşlary Aşgabadyň aeroportundan daşary ýurda goýberilmändigi sebäpli bu ýere gelipdirler” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri 30-njy aprelde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň öňünde üýşen adamlaryň arasynda dürli ýaşdaky aýallar we erkekler, şol sanda ýaşlar we gartaşan adamlar hem bar.

“Bu ýere baran 70 çemesi ýaşlaryndaky bir aýal özüniň Türkiýä gazanç etmäge gitmek isleýändigini gürrüň berdi. Men şeýle gartaşan zenanyň eklenç gözleginde Türkiýä gitjek bolýandygy barada birinji gezek eşitdim. Öň şeýle ýaşdaky zenanyň daşary ýurda işlemäge gidendigini-de eşitmändim” diýip, habarçy sözüni jemledi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň öňündäki nobatlar we olaryň sebäpleri barada türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri tarapyndan maglumat ýa düşündiriş berilmeýär.

Ýöne bu waka Türkmenistanyň onlarça raýatynyň geçen dynç günleriniň dowamynda Türkiýä gidip bilmändigi barada Azatlyk Radiosynda çap edilen habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, 29-njy aprele geçilen gije Aşgabadyň halkara aeroportunyň migrasiýa gullugy azyndan 50 adamy serhetden geçirmändir. Soňky günlerde edil şeýle ýagdaýlaryň ýene birnäçesi ýüze çykypdyr.

“27-nji aprelden 28-nji aprele geçilýän gije Aşgabat aeroportunda 80 adam ýolundan alnyp galyndy” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky ýene bir habarçysy bir gün öň habar berdi we munuň öňüsyrasynda 150-den gowrak ýolagçynyň uçara goýberilmändigini belledi.

Şeýle-de, paýtagtdaky habarçymyz Aşgabatdan Stambula barýan uçara 180 adamyň goýberilmändigini 27-nji aprelde habar beripdi. Habarçy şonda sebäbini düşündirmezden serhetden geçirilmedik ýolagçylaryň nägileligine jogap hökmünde aeroportuň resmileriniň güýç görkezendigini hem aýtdy.

Türkmen resmileri bu ýagdaýyň sebäpleri barada açyk we aýdyň düşündiriş bermän gelýärler.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň fonunda ýurdy terk edip, eklenç gözleginde daşary döwletlere gidýän türkmenistanlylar barada Azatlyk Radiosy yzygiderli maglumat taýýarlaýar.

Munuň bilen bir wagtda, türkmenistanlylaryň ýurduň daşyna çykmakda duçar bolýan kynçylyklary, has takygy Aşgabadyň halkara aeroportunda türkmen raýatlarynyň uçara goýberilmezligi bilen bagly wakalar barada geçen ýylyň dowamynda ençeme gezek habar berdi.

2018-nji ýylyň awgustynda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmen raýaty Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynyň birine okuwa kabul edilen gyz doganynyň Aşgabadyň aeroportunda uçara goýberilmändigini gürrüň berdi.

Aşgabadyň aeroportunda türkmenistanly zenanlaryň birnäçesiniň ýurduň daşyna goýberilmändigi barada Azatlyk Radiosy geçen ýylyň maý aýynda hem habar beripdi.

Geçen ýylyň fewral aýynda bolsa, Aşgabadyň halkara aeroportunda uçara goýberilmedik, aglabasy lebaply we daşoguzly zenanlardan ybarat ýolagçylaryň protest geçirendigi mälim boldy.

Türkmenistanyň kanunçylygy raýatlaryň ýurtdan erkin çykmak we yzyna dolanyp gelmek hukuklaryny kepillendirýär. Şeýle-de, hereket azatlygy raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara Konwensiýa tarapyndan kepillendirilýär we Türkmenistan bu konwensiýany baryp 1997-nji ýylda tassyk etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG