Lebap welaýatynyň döwlet dükanlarynda arassalanmadyk ösümlik ýagynyň, unuň we çilimiň gytçylygy saklanyp galýar. Munuň bilen bir wagtda, käbir azyk harytlarynyň bazarlardaky bahalary gymmatlaýar.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda ýerli ýyladyşhanalarda ýetişdirilen hyýar, pomidorlar 3-4 esse arzan bahadan satuwa çykaryldy.
Şu günler Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň Aşgabatdaky we Marydaky şahamçalarynyň öňünde adamlaryň uly nobatlary emele geldi.
Şu günler “Aşgabatgaz” edarasynyň işgärleri ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, olara gaz hasaplaýjy enjamlardan gazyň syzýan halatynyň köp bolýandygyny duýdurýarlar we şeýle ýagdaý bolanda olardan peýdalanmazlyga çagyrýarlar.
Aşgabadyň häkimiýetleri paýtagtyň köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky ýyladyjy-sowadyjy split sistemalary aýryp, başga ýere geçirmegiň nobatdaky tapgyryna başladylar.
Soňky aýlarda Mary şäherinde ilat arasynda mätäç, güzeran eklenji üçin zir-zibil çeleklerini dörýän maşgalalaryň we ulaglaryň tekelerini ýuwýan çagalaryň köpelýändigi barada maglumatlar gelip gowuşýar.
Aşgabatda iki sany mekdep mugallymy öz gözegçiligindäki okuwçylaryň ýanyndan mobil telefonlary tapylandygy üçin meýletin wezipesinden çekilýändigi barada arza ýazmaga mejbur edildi.
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň ýaşaýjylarynyň arasynda grip wirusy ýaýraýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkandan habar berýär.
Mary welaýatynyň saglygy saklaýyş edaralary näsaglary Anyklaýyş merkezinde barlagdan geçmäge mejbur edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Türkmenistanyň Mary welaýatynda mümkinçiligi çäkli adamlar, şeýle-de inçekeselden, rak we ýürek kesellerinden ejir çekýän raýatlar özleriniň saglyk bejergisi üçin möhüm derman serişdeleriniň döwlet tarapyndan öz wagtynda berilmeýändigini aýdýarlar.
Türkmenistanyň mekdeplerine mobil telefonlary getirmegi we ulanmagy çäklendirýän gadagançylyk Aşgabatdan soň, ýurduň Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda hem täzeden güýçlendi.
Aşgabadyň mekdeplerine mobil telefonlary getirmegi we ulanmagy çäklendirýän gadagançylyk täzeden güýçlendi. Öňki ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl bu gadagançylygy berjaý etmek diňe okuwçylardan däl, eýse mekdep mugallymlaryndan hem talap edilýär.
Şu günler Mary şäheriniň orta mekdeplerinde okaýan käbir çagalar Täze ýyl baýramynda mugallyma sowgat bermändigini aýdyp, mekdebe gitmek islemeýändiklerini belleýärler. Olar ene-atalaryna mekdebe baranda mugallymyň özlerine käýäp, ýaramaz çemeleşiljekdigini aýdýarlar.
Belarusda bir aýaly öldürmekde aýyplanýan türkmenistanly barada täze maglumatlar peýda boldy. Onuň garyndaşy we tanyşlary Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugyna beren maglumatlarynda aýyplanýanyň şahsyýetiniň Batyr A.-dygyny tassykladylar.
Türkmenistanda gyş möwsümi dowam edýän mahalynda, Mary welaýatynyň edara-kärhanalarynyň işgärlerine Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagynda dynç almak üçin ýollanma satyn almak teklip edilýär.
Türkmenistanyň Mary şäherinde döwlet edara-kärhanalarynyň ýüzlerçe işgäri “Ylham köşgünde” geçirilen nobatdaky köpçülikleýin çärä mejbury gatnaşmaly boldy. Olar ýurduň döwlet telekanallaryna reportažlary taýýarlamak üçin surata düşürilen çärede boş tribuna çapak çaldylar.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda eýesiz jandarlaryň hususy penahanalarynyň ýapylmaly edilendigi barada çap eden makalasyndan soň, türkmen häkimiýetleri olara täze bir ýeriň bölünip beriljekdigini aýtdylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Aşgabatda pensiýa we döwlet kömek puluny alýan raýatlardan täze resminamalaryň ençemesini tabşyrmak talap edilýär. Bu resminamalary ýanwaryň ahyryna çenli tabşyrmadyk raýatlaryň pensiýa we kömek pullarynyň bank kartlaryna geçirilmejekdigi duýdurylýar.
Türkiýäniň Stambul şäherinde bir özbegi öldürmekde we başga-da bir türkmen raýatyny agyr ýaralamakda güman edilýän iki türkmenistanly tussag edildi. Bu barada Türkiýäniň media serişdeleri habar berýärler.
Türkmenistanyň ýüzlerçe ýük ulagy türkmen tarapyndan paromyň öz wagtynda gelmändigi sebäpli indi 20 günden gowrak wagt bäri Azerbaýjanyň portundan yzyna gaýdyp bilmeýär.
Ýene-de ýükle