Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda çanak antennalary satuwdan aýryldy


Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat (arhiw suraty)
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat (arhiw suraty)

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň aýtmagyna görä, paýtagtyň ähli söwda nokatlary soňky ýarym ýyllykda gizlin satylan çanak antennalarynyň söwdasyny bes edipdir.

"Sputnik antennalary esasan Aşgabadyň "Gülistan", "Summar", "Altyn asyr Gündogar" bazarlarynda satylýardy. Häzir antennalary satmaýarlar, gadagan diýýärler" diýip, Aşgabadyň bazarlarynda satyjylar bilen söhbetdeş bolan habarçymyz 20-nji noýabrda aýtdy. Onuň bellemegine görä, gadagançylyk söwdegärlere dilden edilipdir we ony bozanlara temmi beriljegi, şol sanda telekeçilik üçin rugsatyň ellerinden alynjagy duýdurylypdyr.

Habarçymyzyň sözlerine görä, Türkmenistanyň paýtagtynda sputnik antennalarynyň söwdasyna gadagançylyk ýarym ýyl çemesi wagt mundan ozal, Çoganlydaky hususy jaýlardan antennalaryň köpçülikleýin aýrylmagyndan soň girizilipdir.

Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, şu ýylyň fewral we mart aýlarynda Çoganlyda 200 çemesi hususy jaýlaryň eýeleri öz howlularynda özbaşdak oturdan antennalaryny aýyrmaga mejbur edilipdir.

Aşgabat, dekabr, 2011
Aşgabat, dekabr, 2011

"Öň häkimiýetler çanak antennalara garşy göreşini olaryň şäheriň görküni bozýandygy bilen düşündiripdi. Emma Çoganlyda antennalar howlularda we balkonlarda göze düşmeýän ýerde ýerleşýärdi. Olary köçelerde görünmeýändigine garamazdan, aýyrmaga mejbur etdiler" diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenabat, mart, 2007
Türkmenabat, mart, 2007

Onuň sözlerine görä, başda il içinde has köp talap edilýän diametri 40-50 santimetrlik kiçi antennalar gadagançylyk astyna düşüpdir. Olar açyk satuwdan ýarym ýyl mundan ozal aýryldy, soňky bir aýa golaý wagtyň dowamynda diametri 1-1.5 metrlik çanak antennalary hem söwda nokatlaryndan aýryldy. Emma gadagançylyga garamazdan, şu günki güne çenli olary satyjydan sorap satyn alyp bolýardy. Olaryň ortaça bahasy 300 manat möçberinde bolupdy.

Türkmenistanda 1990-njy ýyllardan bäri ilat arasynda çanak antennalaryna uly talap döredi. Ilkibaşda çanak antennasynyň bahasy 1000 amerikan dollaryna ýetýärdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, ýurduň ilaty bu antennalar arkaly esasan orsýet we türk telewideniýelerini görýär. Ýurduň serhet ýakasyndaky regionlarynyň ýaşaýjylary özbek, gazak we azeri telekanallaryna tomaşa edýärler. Şeýle-de, sputnik telewideniýesiniň üsti bilen daşary ýurtlaryň, şol sanda Azatlygyň radiogepleşiklerini diňläp bilýärler.

Türkmenistanda çanak antennalarynyň ýaşaýyş jaýlardan aýrylmagy 2015-nji ýylda köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Häkimiýet wekilleri ilatyň öz hasabyna oturdan antennalaryny aýyrmak boýunça hereketlerini merkezleşdirilen kabel telewideniýesine köpçülikleýin geçilmegi bilen düşündirdiler. Kabel telewideniýesiniň bahasy soňky 8 ýylyň dowamynda bäş esse gymmatlady.

Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanda çanak antennalary ýok etmek boýunça resmi çäreleriň nobatdaky tapgyry amala aşyryldy. Bu gezek oba ýaşaýjylarynyň öýlerindäki antennalar goparyldy.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, ýaşaýyş jaýlardan antennalary aýyrmak boýunça çäreleri bilen bir hatarda ýerli häkimiýetler ilatyň arasynda antennalary gaýtadan oturtmazlyk boýunça ündew işlerini geçirdiler, käbir halatlarda Azatlyk Radiosynyň gepleşiklerini diňlemezligi talap etdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri çanak antennalaryna garşy göreşiniň sebäbini resmi taýdan düşündirmeýärler. Synçylar bolsa bu gadagançylygy türkmen häkimiýetleriniň ilaty daşarky informasiýadan, ilkinji nobatda-da hökümetiň adyna edilýän tankydy maglumatlardan üzňeleşdirmek synanyşygy bilen baglanyşdyrýarlar.

Türkmenistanyň öz milli tele we radio gepleşikleriniň ählisi ýurduň syýasy propagandasynyň guraly bolup, şahsyýet kultuna hyzmat edýär.

XS
SM
MD
LG