Türkmenistanda kabel telewideniýesiniň köpçülikleýin kesilmegi tomaşaçylaryň Dünýä çempionatyna tomaşa etmegini kynlaşdyrdy. Türkmenistanyň paýtagtynyň we welaýat merkezleriniň ýaşaýjylary merkezleşdirilen kabel telewideniýesiniň birden kesilmegine bir hepde mundan öň köpçülikleýin duçar boldular.
“Türkmentelekom” döwlet edarasynyň eýeçiligindäki kabel telewideniýesi 200 çemesi telekanaly görmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň milli telekanallary hem kabel telewideniýesi arkaly görkezilýär.
Türkmenistanda kabel telwidenýesiniň köpçülikleýin kesilmegi Dünýä Çempionatynyň geçýän wagtyna gabat geldi. Aşgbadyň ýaşajylary şu günler Dünýä çempionatynyň geçýän wagtynda telewideniýä, esasanam daşary ýurtlaryň telekanallaryna gyzyklanmanyň, talabyň hasam artandygyny belleýärler.
Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň metbugatynda futbol boýunça Dünýä çempionatynyň geçişi barada habar berilmeýär, halkara sport çäreleri barada diňe “Türkmenistan sport” telekanaly habar berýär.
14-nji iýun we 15-nji iýul aralygynda Orsýetde geçýän dünýäniň futbol boýunça iň iri ýaryşyna Türkmenistanyň komandasy gatnaşmaýar. Emma azyndan bir türmen sportsmeni Eýranyň ýygyndy komandasynda çykyş edýär. Asly Türkmenistandan orsýetli trener Gurban Berdiýew tarapyndan türgenleşdirilen türkmen futbolçysy Serdar Azmun Eýranyň ýygyndy komandasynda esasy oýunçylaryň biri hüjümçi bolup çykyş edýär.
Türkmenistanyň paýtagtynda kabel telewideniýesiniň duýdansyz köpçülikleýin keslmegi barada 14-nji iýunda mälim boldy. Şonda ýaşaýjylaryň kabel telewideniýesiniň bir aýlyk resmi töleginiň möçberiniň 5 manatdan 10 manada çenli gymmatladylandygy hakynda diňe telewideniýäniň kesilmeginden soň bilip galandygy habar berildi.
Täze nyrhlar 1-nji maýda güýje giripdir, emma tölegiň üýtgändigi barada habar ýaşaýjylara öňünden ýetirilmändir.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan “Türkmentelekomyň” işgäri kabel telewideniýesiniň kesilmeginiň hyzmatlaryň täze nyrhdan tölenmändigi bilen baglydygyny aýtdy we başga düşündiriş bermezden ýokardan edilen tabşyryň şeýledigini mälim etdi. Onuň sözlerine görä, kabel telewideniýesi üçin tölegleri 1-nji maýdan ýokarlandyrmak hakynda karar fewral aýynda kabul edilipdir.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, mundan öň kabel telewideniýesiniň bahasy soňky gezek 2011-nji ýylda ýokarlandyrypdy we 5 manat derejesinde kesgitlenipdi.
Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, Türkmenistanda telewideniýä uly gyzyklanma bar.
“Adamlar üçin ýeke-täk bir güýmenje – telewideniýe. Ýurtda jemi ondan gowrak teatr bar, olaryň altysy Aşgabat şäherinde ýerleşýär, ýöne olarda hem puluňy, wagtyňy sarp eder ýaly spektakllar ýok, ýa-da kinoteatrlarda şolar ýaly ýeňil-ýelpaý zatlar görkezilýär. Onsoň telewideniýe bolmasa, adamlar esasy güýmenjesinden kesilýärler” diýip, Amanmyrat Bugaýew belleýär.
Onuň sözlerine görä, teletomaşaçylar köplenç Orsýetiň telewinesine Ýewronews telekanalyna, Türkiýäniň telewideniýesine tomaşa edýärler, ýurduň serhetýaka regionlarynyň ýaşaýjylary Özbegistanyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň telekanallaryny görýärler. Milli telewideniýeden käwagt milli aýdym-sazlary berýän “Türkmen owazy” we käte medeni, taryhy gepleşikleri berýän “Miras” telekanallaryna gyzyklanma bildirilýär diýip Amanmyrat Bugaýew belledi.
Türkmenistan öz ilatynyň telewideniýe bilen üpjünçiligini 2015-nji ýylda kosmosa uçuran “Türkmen Älem 52oE” atly emele hemrasy arkaly ýerine ýetirýär we emeli hemralaryň ýene birini uçurmagy wada berýär.
Munuň bir wagtda ýurduň paýtagtynda we şäherlerinde ýaşaýjylaryň öz hasabyna oturdylan çanak antennalaryny ýok etmek we merkezleşdirilen kabel telewideniýesine geçirmek boýunça işler häkimiýetler tarapyndan amala aşyryldy.