Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary “Pagtaçylyk hakynda” kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşyp, ony biragyzdan kabul etdiler.
26-njy awgustda Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi ikinji maslahaty geçirilip, onda deputatlaryň bu kanunyň taslamasyny maslahatlaşmak bilen ýurduň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm wezipelere üns berendigi aýdylýar.
Resmi metbugatda bu kanunçylyk taslamasynyň Türkmenistanda pagtaçylygyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýändigi hem-de pagtanyň, pagta önümleriniň dolanyşygy bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrýandygy aýdylýar. Emma habarda gürrüňi edilýän “kesgitleýji esaslaryň” we “gatnaşyklaryň” jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.
Şol bir wagtda, bu kanunda Türkmenistanda pagta ýygymy döwründe, resmi derejede tassyklanmaýan, emma inkär hem edilmeýän mejbury zähmet we çaga zähmeti, şeýle-de dünýäniň iri halkara söwda brendleriniň türkmen pagtasyndan ýüz öwürjegini duýdurmagy ýaly problemalaryň çözgütleriniň göz öňünde tutulyp-tutulmaýandygy hem nämälim bolmagynda galýar.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan halkara guramalarynyň ençemesi tarapyndan pagta ýygymy döwründe mejbury zähmet güýjünden we çaga zähmetinden peýdalanmakda tankyt edilýär.
2016-njy ýylyň noýabr aýynda ýurduň Mary we Lebap welaýatlarynda pagtany daýhanlar bilen bilelikde döwlet edaralarynyň işgärleriniň, şol sanda mugallymlaryň, lukmanlaryň ýygýandygy habar berildi. Şonda döwlet işgärleri özleriniň pagta ýygymyna mejbury çekilýändiklerini, pagta ýygmak islemedikleriň öz ýerine hakyna adam tutmaly bolýandygyny aýdypdylar.
Bu wakadan bir aý çemesi soň, Daşoguz welaýatynda sentýabr aýynda başlanan pagta ýygymynyň gyşyň sowuk günlerinde – dekabr aýynda hem dowam edýändigini we oňa hakyna tutulan adamlar bilen bir hatarda, çagalaryň hem çekilýändigini Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri habar beripdi.
Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň pagta ýygymyna çekilmegi resmi taýdan gadagan edilýär. 2005-nji ýylda ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýörite permany bilen pagta ýygymynda çaga zähmetini ulanmak gadagan edilipdi. 2007-nji ýylda Türkmenistanyň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem mekdep okuwçylarynyň pagta ýygymyna çekilmegine gadagançylyk girizdi.
Emma bu gadagançylyga garamazdan, Türkmenistanda pagta ýygymy döwründe çaga zähmetinden peýdalanmagyň dowam edýändigi habar berilýär.
2016-njy ýylyň maý aýynda “Adidas”, “Espirit” ýaly dünýäniň belli söwda brendleriniň, sermaýaçylaryň, biznes jemgyýetleriniň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň 60 çemesi wekili Türkmenistanyň gowaça meýdanlarynda mejbury zähmete ýol berilýändigine aladalanma bildirip, Türkmenistanyň prezidentiniň adyna ýollan ýörite hatynda, bu meselä üns bermegi talap edipdi.
Şol aýyň dowamynda öý goşlaryny we hojalyk esbaplaryny öndürýän we satýan dünýä belli IKEA kompaniýasy Türkmenistanda pagta ýygymy döwründe mejbury zähmet we adam hukuklarynyň depelenmegi bilen bagly ýagdaýlar ýüze çyksa, türkmen pagtasyndan ýüz öwürjekdigini aýdypdy.
2016-njy ýylyň fewral aýynda Şwesiýanyň egin-eşik lomaý söwda halkara H&M kompaniýasy Türkmenistandan pagta satyn almagyny duruzdy. Kompaniýanyň ýaýradan beýanatynda bellenmegine görä, muňa Türkmenistanda pagta ýetişdirilende çaga zähmetiniň ulanylmagy sebäp bolupdyr.
Türkmenistan dünýä derejesinde pagta çig malyny eksport edýän esasy ýurtlaryň arasynda 9-njy ýerde durýar. Türkmen pagtasy Orsýete, Hytaýa, Günorta Koreýa, Türkiýä, Beýik Britaniýa we ýene birnäçe ýurda eksport edilýär.