16-njy awgustdan Aşgabadyň öý dolandyryş edaralarynyň işgärleri Parahat-4, Parahat-7 we beýleki etrapçalardaky ýaşaýyş jaýlaryna aýlanyp, ýaşaýjylardan Aziýa oýunlary tamamlanýança öz balkonlarynda ýuwulan eşikleri sermezligi talap edip başladylar diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.
Bu neşiriň öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 17-nji awgustda beren maglumatyna görä, öý dolandyryş edarasynyň işgärleri ýaşaýjylara bu talabyň şäher häkimliginiň kararyna esaslanýandygyny aýtsalar-da, bu barada hiç hili resmi dokument görkezmeýärler.
“Bu talaby bozan ýaşaýjylara 400 manat möçberinde (Resmi kursda $114, “gara bazaryňkyda” $61) pul jerimesiniň salynjakdygy duýdurylýar. Öý dolandyryş edarasynyň işgärlerinde ýaşaýjylaryň ýörite sanawy bolup, olardan öz ady we familiýasynyň deňine gol çekmek talap edilýär. Bu sanawda ýaşaýjylara balkonlaryna ýuwlan eşikleri sermezlik barada duýduryş berlendigi bellenilýär” diýlip, neşir ýazýar.
Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri hem tassyklap, häzirki wagt ýaşaýjylaryň ýuwulan eşikleri öz eýwanlarynda guratmagyna gadaganlyk girizilip, ýuwlan eşikleri sermek üçin niýetlenen simleri we turbalary kesmek işleriniň geriminiň hem güýçlendirilendigini aýdýarlar.
Ýatladyp geçsek, indi onlarça ýyl bäri Aşgabadyň köp gatly jaýlarynyň ýaşaýjylary öz äpişgeleriniň daşyndan ýörite tigirçek oturdyp, ondan çekilen 15-20 metr uzynlygyndaky simleri ýa-da ýüpleri ýörite demir turba-sütünlere birikdirýäler we oňa ýuwlan eşikleri serip guradýarlar. Mundan üç ýyl çemesi ozal bolsa, Aşgabadyň protokol köçeleriniň ugrundaky jaýlardan şol turba-sütünler kesilip aýrylypdy.
Aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýewiň aýtmagyna görä, häzirki wagt Parahat-4, 5, 7 etrapçalaryndaky jaýlardan ýuwulan eşikleri sermek üçin niýetlenen simler, turbalar keslip aýrylypdyr.
“Şol simlerem goparyp aýrypdyrlar hem-de jaý eýelerinden simleriň aýlanmagyna ýardam edýän tigirçekleri aýyrmak hem talap edilipdir. Parahat-7 etrapçasam mundan 3-4 ýyl ozal ulanylmaga berlipdi. Bu ýerde-de dikilen turbalar bardy. Ýöne Parahat 7-de hem häzir göze ilip duran ýekeje-de turba ýok hem-de penjirelerden turbalara çekilen simleriň-de hiç biri göze ilenok” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.
Mundanam başga, ol polisiýanyň, häkimligiň ýa-da öý dolandyryş edarasynyň resmileriniň öz eýwanynyň içinde bir tarapdan beýleki tarapa ýüp çekip, ýuwulan eşikleri serýän ýaşaýjylaryň öýüne hem ýöriteläp gelýändigini we olaryň “jaýy betgelşik edýär” diýip, asylan eşikleri dessine aýyrtýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
“Pylanynjy etažyň ýaşaýjysy, balkona seren kirleriň aýyr diýip, saňa köçeden gygyrýarlar diýýärler. Eger-de, şol ýaşaýjy görünmese, onda ýöriteläp şol etaža çykyp, jaý eýesine ‘näme üçin balkonyňda kir serdiň?, köçeden geçýänleriň gözi düşýär. Jaýyň gelşigi gaçýar. Beýle etmek gadagan’ diýip, şonam aýyrdyrýarlar diýýärler” diýip, Bugaýew ýaşaýjylara salgylanyp gürrüň berdi.
Türkmen häkimiýetleri Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, ençeme tapgyr çäklendirmeleri girizip, paýtagtyň köp gatly jaýlaryndan çanak antennalar, split sistemaly sowadyjylar, penjirelerdäki saýawanlar, eýwanlara gurlan diwarlar sökülip aýryldy we Aziýa oýunlary başlanýança Aşgabadyň sowadyjyly awtobus duralgalaryna ýolagçylaryň girmegi gadagan edildi.
Bu aralykda, ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda ne Aşgabat häkimliginden, ne-de polisiýasyndan nähilidir bir maglumat almak başartdy. Resmi metbugat hem, Aziýa oýunlarynyň “ýurduň dünýädäki abraýyny artdyrjakdygyny” tekrarlasa-da, bu oýunlar bilen baglylykda girizilen çäklendirmeler we olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada häzirki güne çenli dymyp gelýär.
Şeýle-de, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň aşaklamagy bilen bagly agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan Türkmenistanyň bu oýunlara sarp edýän maliýe serişdesi barada hem kelam söz aýdylmaýar.