Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugy (FSB) 3-nji aprelde Ýekaterinburg şäherinde oppozisiýa syýasatçysy Leonid Wolkowyň kakasy Mihail Wolkowyň öýünde gözleg geçirdi. 69 ýaşly matematika professory Mihail Wolkow, häkimiýetler tarapyndan ekstremist gurama hökmünde gadagan edilen Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy Gaznasyna (FBK) pul geçirmekde güman edilýär.
Leonid Wolkow, häzirki wagtda Ýewropanyň anyklaşdyrylmaýan bir ýurdunda bosgunlykda ýaşaýar. Ol FSB işgärleriniň kakasynyň öýünden elektron enjamlaryny ele salandygyny aýtdy. Ol bu hereketi özüniň alyp barýan syýasy işlerine garşy ar alyş hökmünde häsiýetlendirdi.
Bu waka, Russiýanyň oppozisiýa liderleriniň maşgalalaryna garşy geçirilýän basyşlaryň soňky mysallarynyň biridir. Mysal üçin, 2021-nji ýylda Nawalnynyň ýakyn egindeşi Iwan Ždanowyň kakasy korrupsiýada aýyplanyp, günäli tapylypdy. Ol we onuň goldawçylary bu aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp, olary ret edýärler.
FSB Russiýanyň belli oppozisiýa wekiliniň kakasynyň öýünde gözleg geçirdi

Iň köp okalan
1