Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýa Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaýar


Sport çäresine gatnaşýan ýaşlar
Sport çäresine gatnaşýan ýaşlar

Awstraliýanyň Milli olimpiýa komiteti 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna öz türgenlerini ugratmaz. Bu barada “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri Awstraliýanyň Milli olimpiýa komitetiniň metbugat işleri boýunça jogapkär wekili Metýu Bartola salgylanyp habar berýär.

Bartol munuň sebäplerini Awstraliýanyň türgenleriniň aglabasynyň öz gün tertibini 2018-nji ýyla görä planlaşdyrandygy bilen düşündirdi.

“Komitet [Aşgabatdaky] oýunlarda çykyş edip biljek sportuň dürli görnüşleriniň wekilleri bilen duşuşdy we munuň netijesinde, olaryň aglabasynyň öz gün tertibini öňümizdäki ýyla [2018] görä planlaşdyrandygyny anyklady. Şeýle-de, olaryň aglabasynyň 2018-nji ýylda geçiriljek Arkalaşyk oýunlaryna taýýarlanmak üçin uzak wagtlaýyn planlary bar” diýlip, Awstraliýanyň Milli olimpiýa komitetiniň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de, maglumatda “Awstraliýanyň Milli olimpiýa komiteti çakylyk üçin Aziýanyň Olimpiýa geňeşine minnetdarlyk bildirdi we şuňa meňzeş çakylyk ýene ugradylsa, onda komitet ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek nobatdaky oýunlara gatnaşmak ähtimallygyny göz öňünde tutup biler” diýilýär.

Gurulýan desgalar we çykdajylar

Gepiň gerdişine görä aýtsak, Awstraliýanyň Milli olimpiýa komitetiniň jogapkär resmisiniň eden bu beýanaty barada degişli türkmen resmilerinden henize çenli haýsydyr bir komentariýa almak başartmady.

Türkmenistan şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi planlaşdyrylýan V Aziýa oýunlary üçin taýýarlyk işlerine birnäçe ýyl öňünden başlap, munuň üçin milliardlarça amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesini harçlady.

Bu oýunlara görülýän taýýarlyklaryň çäginde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda 157 gektar territoriýany tutýan ýörite olimpiýa şäherçesi gurulýar. Gurluşygyna 2010-nji ýylda başlanan bu şäherçe üçin, 5 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesi goýberildi.

Şeýle-de, Türkmenistanda geçiriljek Aziýa oýunlaryna gabatlap, Aşgabatda dünýäniň iň gymmat halkara aeroportlarynyň biri guruldy. Laçynyň şekilindäki bu aeroportyň gurluşygy üçin 2,3 milliard amerikan dollary harçlandy.

Bu oýunlara görülýän taýýarlyklaryň çäginde şäheri, köçeleri we binalary abadanlaşdyrmak işleri hem alnyp barylýar. Munuň bilen bir wagtda, paýtagtyň Çoganly, Şor ýaly sebitlerinde ýüzlerçe ýaşaýyş jaýy hem ýumruldy.

Şeýle-de, Taýýarlyk çäreleriniň çäginde paýtagtdaky öňden abat binalaryň, seýilgähleriň hem ençemesi söküldi ýa-da ýumruldy we onuň deregine täzeleri guruldy.

Aýlyklar wagtynda berilmeýär

Emma türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri tarapyndan bu işler üçin edilýän maliýe çykdajysy, abat binalaryň näme sebäpden sökülýändigi we jaýlaryň ýumrulmagy barada resmi taýdan ilat köpçüligine maglumat ýa-da düşündiriş berilmeýär.

Galyberse-de, Aşgabatda Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklara milliardlarça dollar maliýe serişdesi goýberilýän mahaly, Türkmenistanda döwlet edaralarynyň we gurluşyk firmalarynyň ençemesiniň öz işgärlerine aýlyk haklaryny wagtynda berip bilmeýändigi barada, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna ençeme maglumat gelip gowuşdy.

Şeýle-de, ýurtda adamlaryň aýlyklaryny nagtlaşdyrmagy üçin niýetlenen ýeke-täk gural bolan bankomatlarda hem köplenç puluň ýokdugy we şeýlelikde, adamlaryň öz aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýändikleri habar berildi.

2016-njy ýylyň ikinji ýarymynda Balkan welaýatynda hem, ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agza hususy firmalara Aziýa oýunlary üçin näresmi “meýletin salgydyň” girizilendigi sebäpli olaryň ençemesi öz işini togtatdy.

XS
SM
MD
LG