Aşgabadyň etrapçalarynyň ýene birinde il içinde “pristroýka” diýlip atlandyrylýan goşmaça gurlan otaglar ýykylyp, çanak antennalar sökülip başlandy.
Bu çäre Aşgabadyň dürli etraplarynda eýýäm bir ýyl çemesi wagt bäri wagtal-wagtal dowam edýär. Munuň netijesinde paýtagtyň etrapçalaryndaky jaýlaryň ençemesinden müňlerçe çanak antenna sökülip aýryldy.
Azatlyk Radiosy bu söküşligiň nobatdaky tapgyry barada Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.